Tymsallar

4 Aprel 2021
767

Hakyky dostluk

Gadym zamanlarda bir obada uly sürüsi hem-de mülki bolan adam ýaşapdyr. Halal gazanjy bilen bereket-bolçulyga ýeten bu adamyň dostlary-da köp bolupdyr. Ýöne günleriň birinde onuň sürüsi talanyp, bar malyny ýitiripdir. Gurak gelen ýyl bolsa, onuň ýerden bol hasyl almak ugrundaky bar umydyny puja çykarypdyr. Ömrüniň dowamynda ýygnan bar gazanjyny, malyny-mülküni elden gideren adam indiden beýläk maşgalasyny nähili eklejegini-de bilmän, gaýgy-gama batypdyr.

Taýýarlan Rüstem ANNAGULYÝEW,
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň talyby.
Beýleki habarlar