Goňşy gyz (Hekaýa)

4 Aprel 2021
902

Çagalykda onuň bilen bileje ulalypdyk, olar biziň duldegşir goňşymyzdy. Olar bilen aramyzda haýat hem çekilmedikdi. Atam goňşy bilen ara haýat çekmegi dogry hasaplanokdy. Diňe mellegimiziň başyndan aýagyna çenli çekilen üstünden eýläk-beýläk arkaýyn ýöräbermeli çil goňşymyz bilen araçägimizdi. Çiliň biz tarapyna uzaboýuna şetdaly nahallary oturdylandy. Olary atam ýörite saýlama şetdalylaryň şänigini ýere gömüp, ýetişdiripdi. Ol: «Çili ýakalap oturan baglarymyzyň miwesi iki maşgala-da deňlik bolmalydyr» diýip, mydama tekrarlardy.

Biz aýry maşgalanyň çagalarydygymyzy hiç duýmadyk. Uzakly gün bileje oýnap, günorta naharyny bizde ýa-da olarda edinerdik. Hatda, mekdebe gatnap başlanymyzda-da ikimiz bir synpda, bir partada oturypdyk. Mekdebe bileje gatnardyk. Okuwdan soň, öýe berlen ýumuşlarymyzy hemişe bileje ýerine ýetirerdik. Çagalykdan saýlanyp ugranymyzda, ýuwaş-ýuwaşdan oýun oýnamakdan çekilip, herimiz özümize degişli hojalyk işlerine gümra bolup başladyk. Ine, şondan soň biz bir-birimizden kem-kemden daşlaşýandygymyzy duýup başladyk. Ýöne, şeýle-de bolsa, mekdebe gidenimizde, bir-birimize garaşyp, bileje giderdik.

Kümüş MÄTNIÝAZOWA,
Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Ahal welaýat komitetiniň partiýa guramaçysy.
Beýleki habarlar