Türkmen Bitaraplygy — parahatçylygyň baş taglymaty
Hormatly Prezidentimiz halkymyza peşgeş beren «Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany» atly kitabynda «Garaşsyz Watanymyzyň hemişelik Bitaraplygy geljek bilen bizi baglanyşdyrýan hukuk derejesidir. Şonda hem türkmen Bitaraplygynyň diňe bir biziň halkymyzyň däl, eýsem, dünýä halklarynyň abadan ýaşaýşyna gönükdirilendigi has aýdyň görünýär» diýen jümleleri getirmek bilen, türkmen Bitaraplygynyň dünýä halklary üçin hem wajypdygy, hemişelik Bitaraplygymyzyň hiç bir zat bilen ölçäp bolmajak bahasyz baýlykdygy hakynda çuňňur filosofiki pikiri öňe sürýär. Hakykatdan hem, hemişelik Bitaraplygymyzyň geçen 26 ýyllyk taryhy ýoly dünýä halklarynyň ygtybarly geljegi babatdaky gözýetimleri durmuş hakykatynda açyp görkezýär we şu döwrüň içinde gazanylan üstünlikler jemgyýetiň ösüş sütüniniň ynsanperwerlik ýörelgelerinden bina bolandygyny dabaralandyrýar. Mähriban Arkadagymyz: «Garaşsyzlygymyz we Bitaraplygymyz türkmen döwletliliginiň goşa ganatydyr» diýip, örän jaýdar belleýär. Mälim bolşy ýaly, BMG-niň Baş Assambleýasy 2019-njy ýylyň 12-nji sentýabrynda milli Liderimiziň başlangyjy esasynda 2021-nji ýyly «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýip yglan etmek barada biragyzdan Kararnama kabul etdi. Ata Watanymyzda 2021-nji ýylyň «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» diýlip yglan edilmeginiň düýp özeninde hem, Watanymyzyň hemişelik Bitaraplygyna daýanýan hukuk e