Gahryman Arkadagymyzyň teklibi bilen, Halkara Bitaraplyk güni indi bütin Ýer ýüzünde giňden bellenilýär. 1995-nji ýyldan bäri bu sene ýurdumyzyň halkara abraýynyň ýokarydygyny, ynsanperwer syýasatymyzyň dünýä derejesinde ykrar edilendigini görkezýän baýramçylyk hökmünde bellenilip geçilýär. Bu günki günde parahatçylyk, hoşniýetlilik, ynsanperwerlik ýörelgelerine eýerýän, halklar we sebitler bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygy ileri tutýan, amatly geosyýasy we geoykdysady mümkinçiliklerini umumadamzat bähbitleriniň we ösüşiniň hatyrasyna gönükdirýän döwlet hökmünde Watanymyzyň dünýä giňişligindäki abraýy has-da pugtalanýar. Hemişelik Bitaraplygymyz gadymy dostluk ýörelgäni, hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklarymyzy dabaralandyrýar.
Hawa, her ýylda Halkara Bitaraplyk gününe bagyşlanyp, eziz Watanymyzyň ösüşine, döwlet we jemgyýetçilik durmuşynyň ähli ulgamlarynda giňden ýaýbaňlandyrylan oňyn özgertmelere, ykdysadyýetimizi döwrebaplaşdyrmaga we senagatlaşdyrmaga gönükdirilen toplumlaýyn milli Maksatnamalarymyzyň ähmiýetine bagyşlanan dabaraly maslahatlar geçirilýär.