Ýagty geljegiň kepili

15 Dekabr 2021
1357

Pederlerimiziň arzuwlan Garaşsyz Watanymyzyň kuwwatlanmagynda, dünýäde tanalmagynda, onuň halkara guramalaryň arasyndaky abraýynyň belende göterilmeginde hemişelik Bitaraplygymyzyň ähmiýeti örän uludyr. Bitaraplyk — agzybirligiň, abadançylygyň, asuda ýaşaýşyň, ýagty geljegiň kepilidir. Bitaraplyk parahatçylygy we howpsuzlygy berkitmäge, çalt we yzygiderli ösüşlere, şeýle-de milli däp-dessurlarymyzy döwrebap dowam etdirmegimize gönükdirilen tutanýerli özgertmeleri durmuşa ornaşdyrmaga mümkinçilik berýär.

Milli Liderimiz Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň mejlislerinde diňe türkmen halkynyň däl, eýsem, dünýä jemgyýetçiliginiň bähbitlerini nazarda tutýan, çuň manyly, sagdyn pikirlere ýugrulan we umumadamzat ähmiýetli başlangyçlary öňe sürýär. Bu başlangyçlar halkara hukugynyň kämilleşmegine, parahatçylygyň, abadançylygyň has-da berkemegine, dost-doganlyk gatnaşyklarynyň barha pugtalanmagyna ýardam berýär. Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda döwletimiziň halkara syýasaty ösüşiň belent derejesine ýetdi, döwletler bilen diplomatik gatnaşyklarymyzyň gerimi giňedi, Türkmenistan döwletimiz içeri we daşary syýasatynda ägirt uly üstünlikleri gazandy, ýurdumyz ylalaşdyryjy merkeze we ygtybarly hyzmatdaşa öwrüldi. Şonuň netijesinde hem, bu günki gün biziň ýurdumyz bagtyýarlygyň we agzybirligiň mekany hökmünde halkara derejesini barha artdyrýar.

Oleg KOLODIN,
podpolkownik.
Beýleki habarlar