Baky bagtyýarlygyň şanly toýy

14 Dekabr 2021
1528

12-nji dekabrda ýurdumyzyň baky Bitaraplygynyň şanly 26 ýyllygy, Halkara Bitaraplyk güni welaýatymyzda hem şatlyk-şowhunly dabaralara beslenip, giňden bellenip geçildi. Toý gününde şäher-etraplarymyzda aýdym-sazly dabaralaryň, baýramçylyk duşuşyklarydyr söhbetdeşlikleriň giň gerime eýe bolmagy we olara bagtyýar ildeşlerimiziň uly hyjuw bilen gatnaşmagy ajaýyp senä baý many öwüşginini berdi.

Toý gününde welaýat derejesindäki esasy dabaralar Änew şäherindäki Mukaddeslik meýdançasynda ýaýbaňlandyryldy. Welaýat häkimliginiň golaýyndaky bu meýdança günüň ir säherinden toýa mahsus görke beslenip, ol ýerde ruhubelentlik höküm sürdi. Şanly sene mynasybetli Döwlet baýdagymyzy belende götermek bilen baglanyşykly geçirilen dabara gatnaşmak üçin ol ýere köp sanly bagtyýar ildeşlerimiz ýygnandy. Olaryň arasynda welaýat häkimliginiň, welaýatymyzyň edara-kärhanalarynyň, şol sanda harby we hukuk goraýjy edaralaryň, şeýle-de jemgyýetçilik guramalarynyň ýolbaşçylary, ýaşlar we beýleki ildeşlerimiz bar.

Aýdo ŞEKEROW,
ýörite habarçymyz. SURATLARDA: baýramçylyk dabarasyndan pursatlar. Surata düşüren awtor.
Beýleki habarlar