9-njy dekabrda paýtagtymyzda Bitarap Watanymyza we ýylyň «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» şygaryna bagyşlanan «Baky Bitarap Türkmenistan» atly halkara wirtual sergi we maslahat geçirildi. Bu dabaraly çäreler milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi we Söwda-senagat edarasy tarapyndan guraldy.
Täze tehnologiýalary ulanmak arkaly 3D görnüşinde geçirilen sergide milli Liderimiziň halk hojalyk toplumyny sanlylaşdyrmak boýunça öňde goýan wezipelerini ýerine ýetirmekdäki toplumlaýyn çemeleşmeler hem-de Türkmenistanyň daşary ykdysady işini ösdürmegiň 2020 — 2025-nji ýyllar üçin Maksatnamasyny durmuşa geçirmek boýunça edilýän tagallalar öz beýanyny tapýar.