"Türkmeniň ýüpek ýoly" gazeti

Esaslandyryjysy: "Türkmendemirýollary" agentligi
Salgysy: Aşgabat şäheri, Arçabil şaýoly 162-nji jaýy
Telefon belgileri: 94-27-68

Habarlar

Ekologiýa abadançylygy — ählumumy wezipe

Metbugatda habar berlişi ýaly, milli Liderimiziň tabşyrygy boýunça Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Serdar Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekilçilikli toparynyň BMG-niň Howanyň üýtgemegi boýunça Çarçuwaly konwensiýasyna gatnaşýan taraplaryň maslahatynyň — möhüm halkara forumy bolan 26-njy mejlisine gatnaşmagy ekologiýa diplomatiýamyzy dabaralandyrýan ähmiýetli wakadyr. Mälim bolşy ýaly, Türkmenistan dünýäniň gün tertibinde durýan meseleleriň çözülmegine işjeň gatnaşmak bilen, bu ugurda sebit we global derejede ägirt uly işleri alyp barýar. Ýurdumyz ekologiýa ugry boýunça halkara konwensiýalaryň hem-de köptaraplaýyn resminamalaryň onlarçasyna goşuldy.

Bir nahal ekseň...

Jemgyýetde ynsanyň bagtyýar durmuşy misli ösüp oturan daragt kimindir. Sebäbi eşretli ýaşaýşa-da, gök öwüsýän daragta-da kuwwatly ösüş mahsusdyr. Ynsan hem, daragt hem tebigatyň peşgeşi. Bu sazlaşykly ösüş tebigatyň kanunydyr. Ösüş bolsa kesgitli bir ugra tarap hereketdir, köneden täzä, ýönekeýden çylşyrymla, aşaky derejeden has ýokary derejä ýetmekdir. Çünki eşretli durmuş kuwwatly daragt hökmünde mähriban topragymyzyň köklerine siňip, ösüp, gülläp, miwe getirip, halkymyzyň gadymy, asylly däplerini, umumadamzat gymmatlyklaryny, ösüşiň, bagtyýarlygyň nusgasy kimin şöhlelendirýär. Halkymyzyň «Bir nahal ekseň, ýaşyň bakydyr!» diýen ündewi bagtyýarlygy, ösüş tizligini alamatlandyrýar. Ynsan ýaşaýşynyň tebigat bilen syrly sazlaşygynyň manysyny Gahryman Arkadagymyz «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» atly kitabynda belli şahsyýetleriň mysalynda açyp görkezýär. «Gül, sen nädip, öz içiňden açylyp bilýäň?», «Gül öz içinden açylýar, şonuň üçin hem gül owadan, gül näzik, gül ýakymly bolýar» diýen ýaly ajaýyp pelsepewi pikirleriň ýa-da «Derýalar öz suwuny özi içenok, miweli agaçlar hem miwesini özi iýenok» diýen ýaly täsin pelsepewi pikirleriň hanlar hany Abdyrahym hana degişlidigini mysal getirýär.

Ekologiýany we daşky gurşawy goramaklyk siwilizasiýanyň geljegi bilen gönüden-göni baglanyşyklydyr

Bilşimiz ýaly, milli Liderimiziň tabşyrygy boýunça Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Serdar Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekilçilikli topary BMG-niň Howanyň üýtgemegi boýunça her ýyl geçirilýän maslahatyna gatnaşýar. Bu ählumumy çäre Beýik Britaniýanyň Glazgo şäherinde öz işine başlady. BMG-niň Howanyň üýtgemegi boýunça Çarçuwaly konwensiýasyna gatnaşýan taraplaryň maslahatynyň — möhüm halkara forumyň 26-njy mejlisinde tutuş dünýäden döwlet we Hökümet baştutanlary duşuşyp, howanyň ählumumy maýlamagyna garşy durmak boýunça bilelikdäki çäreleri ara alyp maslahatlaşarlar hem-de özara hereketleri ylalaşarlar.

Howa maglumaty

Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň Gidrometeorologiýa baradaky gullugynyň ýurdumyzda şu gün — 4-nji noýabrda bolmagyna garaşylýan howanyň ýagdaýy barada berýän maglumaty. Aşgabatda: üýtgäp durýan bulutly howa bolup, ýagyş ýagar. Demirgazyk-gündogardan tizligi sekuntda 7 — 10 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijesine +8... +10°, gündizine +9... +11° maýyl bolar. Howanyň basyşy 741 mm, çyglylygy 65 — 85 %.

Ählumumy abadançylygy nazarlap

Türkmenistanyň Prezidentiniň tabşyrygy boýunça Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Serdar Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekilçilikli topary BMG-niň Howanyň üýtgemegi boýunça her ýyl geçirilýän maslahatyna gatnaşýar. Bu ählumumy çäre Beýik Britaniýanyň Glazgo şäherinde öz işine başlady. BMG-niň Howanyň üýtgemegi boýunça Çarçuwaly konwensiýasyna gatnaşýan taraplaryň maslahatynyň 26-njy mejlisinde tutuş dünýäden döwlet we Hökümet baştutanlary duşuşyp, howanyň ählumumy maýlamagyna garşy durmak boýunça bilelikdäki çäreleri ara alyp maslahatlaşyp, özara hereketleri ylalaşarlar. Ýurdumyzyň wekilçilikli toparynyň ählumumy foruma gatnaşmagy Türkmenistanyň bu meselä örän jogapkärçilikli çemeleşýändiginiň, adamzat üçin örän çynlakaý wehime garşy durmak üçin umumy, ylalaşykly çäreleriň kabul edilmeginiň derwaýysdygyna göz ýetirýändiginiň subutnamasydyr. Daşky gurşawy goramak meselesi hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň adamlaryň ähli babatda abadan durmuşynyň döredilmegine gönükdirilen döwlet syýasatynyň wajyp ugrudyr.

Türkmenistan BMG-niň Howanyň üýtgemegi boýunça maslahatyna gatnaşýar

Türkmenistanyň Prezidentiniň tabşyrygy boýunça Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Serdar Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekilçilikli topary BMG-niň Howanyň üýtgemegi boýunça her ýyl geçirilýän maslahatyna gatnaşýar. Bu ählumumy çäre Beýik Britaniýanyň Glazgo şäherinde öz işine başlady. BMG-niň Howanyň üýtgemegi boýunça Çarçuwaly konwensiýasyna gatnaşýan taraplaryň maslahatynyň — möhüm halkara forumyň 26-njy mejlisinde tutuş dünýäden döwlet we Hökümet baştutanlary duşuşyp, howanyň ählumumy maýlamagyna garşy durmak boýunça bilelikdäki çäreleri ara alyp maslahatlaşarlar hem-de özara hereketleri ylalaşarlar.

Howa maglumaty

Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň Gidrometeorologiýa baradaky gullugynyň ýurdumyzda şu gün — 2-nji noýabrda bolmagyna garaşylýan howanyň ýagdaýy barada berýän maglumaty. Aşgabatda: üýtgäp durýan bulutly howa bolup, gündogardan tizligi sekuntda 7 — 10 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijesine +6... +8°, gündizine +18... +20° maýyl bolar. Howanyň basyşy 737 mm, çyglylygy 35 — 55 %.

Dünýäde nusgalyk syýasat

Hormatly Prezidentimiziň Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 76-njy mejlisinde eden çykyşynda belleýşi ýaly, döwletimiz dünýäde we sebitde parahatçylygyň, howpsuzlygyň we durnukly ösüşiň üpjün edilmegine uly goşant goşýar. Türkmenistanyň dünýä bilen gatnaşyklarynyň ählisinde parahatçylyksöýüjilikli syýasatyň durýandygyny, onuň üýtgewsiz goldanylýandygyny biz anyk görýäris. Bu islendik meselede hem şeýledir. Meselem, Türkmenistanyň döwlet ekologiýa syýasatynyň esasyny hem adamzadyň asuda ýaşaýşyny üpjün etmeklige ýugrulan pikirler düzýär. Türkmenistanyň daşky gurşawyny goramak boýunça çäreleriň meýilnamasy, Hazarda amala aşyrylýan çäreleriň milli meýilnamasy, Çölleşmäge garşy göreşmek boýunça milli maksatnama we başga-da ençeme resminamalar munuň şeýledigini aýdyň görkezýär. Hormatly Prezidentimiz öz çykyşynda Aral deňziniň ekologik heläkçiliginiň täsirini peseltmeklige dünýä bileleşiginiň yzygiderli üns bermegine döwletimiziň uly ähmiýet berýändigini nygtady we BMG-niň Aral deňziniň sebiti üçin Ýörite maksatnamasynyň dörediljekdigine ynam bildirdi. Daşky gurşawy gorap saklamak, tebigy baýlyklardan rejeli peýdalanmak döwletimiziň ekologik syýasatynyň düýp özenini düzýär. Bu syýasat dünýä möçberinde hem nusga alarlykly häsiýete eýe boldy. Ýurtbaştutanymyzyň BMG-niň howanyň üýtgemegi bilen baglanyşykly meseleleri çözmek boýunça Sebitara merkezini döretmek, BMG-niň A

Türkmenistan boýunça 2021-nji ýylyň noýabr aýynyň 1—7-si aralygynda hepdäniň dowamynda bolmagyna garaşylýan howa maglumaty

Aşgabatda: üýtgäp durýan bulutly howa bolup, hepdäniň ortasynda ýagyş ýagar. Gündogardan demirgazyk-günbatara ugruny üýtgedýän tizligi sekuntda 7-9-dan 10-13 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijelerine -l...-3o sowukdan +8...+10o aralygynda maýyl, gündizlerine +4...+6o-dan +19...+21o aralygynda maýyl bolar. Arçabilde: üýtgäp durýan bulutly howa bolup, hepdäniň ortasynda ýagyş ýagar. Gündogardan demirgazyk-günbatara ugruny üýtgedýän tizligi sekuntda 6-8-den 9-12 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijelerine -l...-3o sowukdan +7...+9o aralygynda maýyl, gündizlerine +3...+5o-dan +18...+20o aralygynda maýyl bolar.

Howa maglumaty

Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň Gidrometeorologiýa baradaky gullugynyň ýurdumyzda şu gün — 30-njy oktýabrda bolmagyna garaşylýan howanyň ýagdaýy barada berýän maglumaty. Aşgabatda: az-kem bulutly howa bolup, gündogardan tizligi sekuntda 7 — 9 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijesine +4... +6°, gündizine +16... +18° maýyl bolar. Howanyň basyşy 738 mm, çyglylygy 45 — 65%.

Bag-seýilgäh zolaklary — abadan ýaşaýşyň görki

Hormatly Prezidentimiz 26-njy oktýabrda paýtagtymyz boýunça iş saparyny amala aşyryp, köpçülikleýin bag nahallaryny oturtmagyň güýzki möwsümini Aşgabat şäheriniň günortasynda gurulýan Magtymguly Pyragynyň medeni-seýilgäh toplumynyň çäginde geçirmegiň maksadalaýyk boljakdygyny belledi. Milli Liderimiz bu künjekde ylmy taýdan esaslandyrylan bag nahallarynyň oturdylmagynyň möhümdigine, tokaý zolaklary döredilende, dag etekleriniň, baýyrlyklaryň howa aýratynlyklarynyň we tebigy şertleriň göz öňünde tutulmagynyň zerurdygyna ünsi çekdi. Şeýle seýilgäh zolaklarynyň döredilmegi ilatly ýerleriň gözelligini artdyrmak bilen bir hatarda, olaryň ekologiýa derejesiniň ýokary görkezijilere eýe bolmagyny üpjün edýär. Ýurdumyzda giň gerimde döredilýän tokaý zolaklary, bag-bakjaly seýilgähler, bagy-bossanlyklar amatly mikroklimaty döredýär, daşky gurşawy arassa saklamaga ýardam berýär. Şu nukdaýnazardan ugur alnyp, her ýyl ýazky we güýzki bag ekmek möwsümleri geçirilip, ýurdumyzda köp mukdarda miweli, saýaly agaçlaryň nahallary oturdylýar, ozal bar bolanlaryna ideg edilýär, paýtagtymyz Aşgabatda, onuň töwereklerinde, welaýatlarda täze-täze tokaý zolaklary, seýilgähler emele gelýär. Sähra ýerlerinde sazak, daglyk ýerlerde arça, derýa boýlarynda dürli agaçlaryň emeli tokaý zolaklary döredilýär.

Howa maglumaty

Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň Gidrometeorologiýa baradaky gullugynyň ýurdumyzda şu gün — 28-nji oktýabrda bolmagyna garaşylýan howanyň ýagdaýy barada berýän maglumaty. Aşgabatda: üýtgäp durýan bulutly howa bolup, günorta-gündogardan tizligi sekuntda 7 — 10 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijesine +5... +7°, gündizine +11... +13° maýyl bolar. Howanyň basyşy 739 mm, çyglylygy 60 — 80%.

Altyn güýzüň gözelligi

Şu günler güýz paslynyň dowam edýän pursatlarynda mähriban paýtagtymyza ýagan güýz ýagşy älem-jahany nurlandyryp, adamlaryň kalbyna şatlyk paýlady. Çygly, ümür-dumanly, ýagyşly günlerde läle-reýhan bolup has-da gowy açylýan gülleriň, täsin baglaryň ýakymyny duýmak, gör, nähili lezzetli. Ter bägülleriň gülhanalarynda bulduraşýan ýagyş damjalary dür dänelerini ýadyňa salýar. Güýz pasly — bereket çeşmesi. Altyn güýzde aýratyn mähir, ýakym bar. Şunda hemmämize gözellik dünýäsini bagyşlaýan güýz gülleri ruhuňy has-da belende göterýär. Ynsan kalbynyň törüne mähir paýlap, ruhy dünýäsini gözelleşdirýän, biri-birinden owadan güller bilen mähriban paýtagtymyzy bezeýän, öz işleriniň hakyky ussatlary bolan bagbanlaryň uly topary şu günler joşgunly zähmet çekýär. Olar, esasan-da, güllerden täsin gözellikleri döretmegiň hakyky ussatlarydyr. Çünki güller dünýäsiniň bütin durky şatlygyň, hoş habarlaryň buşlukçysy bolmak bilen, toý-dabaralarymyzyň buýsançly bezegine öwrülip, töwerek-daşymyzy älemgoşary ýada salýan täsin öwüşgine besleýär.

Türkmenistan — bagy-bossan

EKOLOGIÝA ABADANÇYLYGYNA MYNASYP GOŞANT Hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzy bagy-bossanlyga öwürmek babatdaky taýsyz tagallalarynyň netijesinde, giň gerimli işler durmuşa geçirilýär. Ata-babalarymyzdan miras galan milli däp-dessurlarymyza eýerilip, her ýyl ýurdumyzda millionlarça düýp bag nahallary ekilýär. Däbe öwrülen bu asylly ýörelge şanly toýlaryň, beýik taryhyň ýyl ýazgylary bilen baglanyşdyrylyp, täze röwüşde dowam etdirilýär. Hemişelik Bitaraplygymyzyň 25 ýyllygynyň hormatyna geçen ýyl paýtagtymyzda we welaýatlarda 25 million düýp bag nahaly oturdylan bolsa, «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylymyzda uludan toýlanan mukaddes Garaşsyzlygymyzyň hormatyna 30 million düýp nahal oturtmak göz öňünde tutuldy. Ýazky we güýzki bag ekmek möwsümleriniň her ýyl uly toý ruhuna beslenip geçirilmegi bu işleriň giň gerime eýe bolmagyna ýardam edýär. Beýik ösüşlere we belent sepgitlere beslenýän bu ýylda ýazky bag ekmek möwsüminde miweli, saýaly, pürli baglaryň 15 milliondan gowrak düýbi ekildi.

Tämiz gurşaw — abadan durmuş

Müňlerçe ýyllardan bäri, adamzat tebigatyň eçilen baýlyklaryndan rejeli peýdalanmaga, onuň bilen sazlaşykly gatnaşyk saklamaga çalşyp gelýär. Şol ýörelge häzirki wagtda hem üstünlikli amal edilýär. Şoňa laýyklykda, ýurdumyzyň tebigy baýlyklaryny gorap saklamak, olardan rejeli peýdalanmak, ekologiýa taýdan arassa, kämil tehnologiýalary önümçilige ornaşdyrmak, umuman, ekologiýa howpsuzlygyny üpjün etmek döwlet syýasatynyň möhüm ugurlarynyň birine öwrüldi. Bilşimiz ýaly, hormatly Prezidentimiz 2015-nji ýylyň sentýabr aýynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 70-nji mejlisinde eden taryhy çykyşynda durnukly ösüşiň beýan edilen täze Gün tertibine Türkmenistanyň garaýşy barada aýdyp: «Bu meseleler häzirki döwürde adamzadyň öňünde duran möhüm wezipelerdir. Şol wezipeleriň esasy häsiýeti halkara bileleşigiň durnukly ösüşi sazlaşykly we toplumlaýyn esasda üç ugur boýunça, ýagny ykdysady, durmuş we ekologiýa babatda gazanmagyna gönükdirilendir» diýip belledi. Şeýle hem milli Liderimiz howanyň üýtgemeginiň we ekologiýanyň meselelerini çözmezden, Ýer ýüzüniň döwletleriniň we halklarynyň durmuş-ykdysady ösüşini gazanmagyň mümkin däldigini aýratyn nygtady.

Howa maglumaty

Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň Gidrometeorologiýa baradaky gullugynyň ýurdumyzda şu gün — 26-njy oktýabrda bolmagyna garaşylýan howanyň ýagdaýy barada berýän maglumaty. Aşgabatda: üýtgäp durýan bulutly howa bolup, demirgazyk-günbatardan tizligi sekuntda 7 — 10 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijesine +8... +10°, gündizine +19... +21° maýyl bolar. Howanyň basyşy 736 mm, çyglylygy 40 — 60 %.

Türkmenistan boýunça 2021-nji ýylyň oktýabr aýynyň 25-31-i aralygynda hepdäniň dowamynda bolmagyna garaşylýan howa maglumaty

Aşgabatda: üýtgäp durýan bulutly howa bolup, hepdäniň ortasynda ýagyş ýagar. Demirgazyk-günbatardan tizligi sekuntda 7-9-dan 10-12 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijelerine +4...+6o-dan +8...+10o aralygynda maýyl, gündizlerine +13...+15o-dan +19...+21o aralygynda maýyl bolar. Arçabilde: üýtgäp durýan bulutly howa bolup, hepdäniň ortasynda ýagyş ýagar. Demirgazyk-günbatardan tizligi sekuntda 6-8-den 9-11 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijelerine +3...+5o-dan +7...+9o aralygynda maýyl, gündizlerine +12...+14o-dan +18...+20o aralygynda maýyl bolar.

Ekologiýa abadançylygy ugrunda

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ýurdumyzda suwy rejeli we tygşytly peýdalanmak, häzirki zaman suw tygşytlaýjy tehnologiýalary oba hojalyk önümçiligine giňden ornaşdyrmak, ýerleriň şorlaşmagynyň we zaýalanmagynyň öňüni almak boýunça tutumly işler durmuşa geçirilýär. Şolardan iň täsirli we uzak möhlete gönükdirilen giň gerimli taslama «Altyn asyr» Türkmen kölüniň gurluşygydyr. «Altyn asyr» Türkmen köli ýurdumyzyň demirgazyk — günbatarynda Üçtagangum bilen Gaplaňgyryň aralygynda ýerleşen Gökleňguýy ýa-da Garaşor çöketliginiň zeý suwlarynyň akdyrylmagy netijesinde emele geldi. Çöketligiň demirgazyk we günorta taraplarynda Gaplaňgyr belentligi, günbatar tarapynda bolsa Üçtagangum düzlügi ýaýylyp gidýär. Ýurdumyzyň ýer üstüniň umumy eňňitligi gündogardan günbatara, ýagny, ýokardan aşak hem-de günbatardan demirgazyga — ilerden gaýra tarapa bolany üçin Diýarymyzyň ähli welaýatlarynyň zeý suwlarynyň Türkmen kölüne akdyrylmagyna doly şert döretdi.

Howa maglumaty

Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň Gidrometeorologiýa baradaky gullugynyň ýurdumyzda şu gün — 23-nji oktýabrda bolmagyna garaşylýan howanyň ýagdaýy barada berýän maglumaty. Aşgabatda: az-kem bulutly howa bolup, gündogardan tizligi sekuntda 9 — 12 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijesine +4... +6°, gündizine +17... +19° maýyl bolar. Howanyň basyşy 737 mm. Çyglylygy 35 — 55 %.

Gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleriniň mümkinçilikleri

Türkmenistanda energetika toplumyny ösdürmegi çaltlandyrmak döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugrudyr. Ol energetika garaşsyzlygyny we howpsuzlygyny üpjün etmäge, energiýanyň netijeliligini ýokarlandyrmaga, energetikanyň kuwwatyny artdyrmaga hem-de daşky gurşawa ýaramaz täsirini azaltmaga gönükdirilendir. Bu wezipeleri üstünlikli çözmek üçin degişli ugra ylmyň gazananlaryna esaslanýan täze tehnologiýalary ornaşdyrmak hem-de gaýtadan dikeldilýän energetikany ösdürmek babatda möhüm işler alnyp barylýar. «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2019 — 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyna» laýyklykda ykdysadyýetiň ähli pudaklarynyň ýokary depginler bilen ösüşi göz öňünde tutulýar. Pudaklaryň ösmegi energiýanyň öndürilişiniň artdyrylmagyny talap edýär. Energetikanyň ösmegi halk hojalygynyň hemme pudaklarynyň gurluşyna we düzümine, adamlaryň ýaşaýyş-durmuş şertleriniň ösüş derejesine uly täsir edýär. Energiýanyň sarp edilişiniň ýokary depginde ösmegi daşky gurşawa hem täsirini ýetirýär. Daşky gurşawa adam işjeňliginiň oňaýsyz täsirini azaltmak üçin bolsa gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleri peýdalanylýar.