Bag ekmek ömürden

21 Noýabr 2021
1664

Ýurdumyzy bagy-bossanlyga öwürmek, paýtagtymyzyň, welaýat we etrap merkezleriniň, obalaryň töwereginde gür tokaý zolaklaryny döretmek boýunça alnyp barylýan işleriň çäklerinde, her ýylyň ýazky we güýzki bag ekişlik möwsüminde ildeşlerimiziň agzybirlikli gatnaşmagynda bag nahallaryny oturtmak we ösüp oturan baglara ideg etmek boýunça saldamly işler guramaçylykly ýagdaýda amala aşyrylýar.

Gahryman Arkadagymyz şu ýylyň oktýabr aýynyň 22-sinde sanly ulgam arkaly geçiren Ministrler Kabinetiniň mejlisinde halkymyzyň abadan ýaşaýşyny, medeniýetli dynç almagyny, wagtlaryny hoş geçirmeklerini, aýratyn-da, howanyň düzümini arassalamak bilen birlikde ekologiýa abadançylygyny üpjün etmegi nygtap, ählihalk bag ekmegiň ähmiýetini belledi. Bilşimiz ýaly, 2020-nji ýylda hemişelik Bitaraplygymyzyň 25 ýyllyk baýramçylygy mynasybetli ýurdumyzda 25 million düýp bag nahallary oturdylypdy. Şu ýyl ýokary derejede geçirilen mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllygy mynasybetli pürli we miweli baglaryň 30 million düýp artdyrylmagy aýratyn bellenmäge mynasypdyr.

Jumageldi SALAMOW.
Beýleki habarlar