Seýilgäh — gözelligiň mesgeni

25 Noýabr 2021
1854

Paýtagtymyzyň seýilgäh zolaklary özboluşly gözellik dünýäsine öwrülýär. Dynç almak üçin ajaýyp künjege öwrülýän, ýylyň bütin dowamynda gök öwüsýän seýilgähler okgunly ösýän paýtagtymyzyň gözel keşbi bilen üýtgeşik sazlaşyk döredýär. Täze seýilgähler öňki bar bolan ýaşyl zolaklaryň üstüni ýetirip, baky juwan Aşgabadyň özboluşly binagärlik keşbine täsin öwüşgin çaýýar. Şäher gurşawynda bag — seýilgäh sungatynyň usullarynda oýlanyşykly kemala getirmek, şol sanda gök zolaklary we şäheriň köçelerini özboluşly bezemek paýtagtymyzyň şähergurluşygynda uly orun eýeleýär. Gahryman Arkadagymyzyň tagallasy bilen, her ýylda müňlerçe bag nahallary oturdylýar, täze seýilgähler gurulýar. Ine, 19-njy noýabrda paýtagtymyzyň demirgazyk künjeginde täze açylyp, ulanmaga berlen «Erkin» atly döwrebap seýilgäh hem ajaýyp desgalaryň biri bolup, şähergurluşygynyň gözelligine gözellik goşýar. Bu seýilgähiň merkezinde oturdylan, belentligi 22 metr bolan Baýdak sütüninde Garaşsyz Watanymyzyň ýaşyl Tugy uzaklardan görünýär. Ajaýyp «Garagum» myhmanhanasynyň ýanynda ýerleşýän täze seýilgähe aşgabatlylar we myhmanlar, çagalar gelip, ajaýyp görnüşlerden lezzet alýarlar.

Seýilgähiň ýaşyl zolaklarynyň bu künjegiň tebigy aýratynlyklaryna laýyklykda döredilmegi, ekologiýa çärelerine ylmy esasda çemeleşilýändigini görkezýär. Seýilgähde agaç nahallarynyň we bezeg gülleriniň göwnejaý ýerleşdirilmegi gezelenç etmek we daş-töweregi synlap, lezzet almak üçin amatly şertleri döredýär. Täze seýilgähiň çäklerinde saýaly we pürli agaçlaryň, dürli bezeg ösümlikleriniň 7 müňden gowragynyň bolmagy, dürli güllerden bezeg şekilleriniň döredilmegi bu zolaga hem owadanlyk çaýýar, hem-de adam saglygy üçin peýdaly howa gurşawynyň emele gelmegini üpjün edýär. Synlanyňda keýpiňi göterýän tebigy görnüşler adama dynç berýär, özüňi rahat duýmaga ýardam berýär. Şol bir wagtda-da şäher ýerlerinde bioköpdürlüligiň goralyp saklanylmagyna we artdyrylmagyna oňaýly täsir edýär.

Laçyn ÖWEZOWA,
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň talyby.
Beýleki habarlar