Daşky gurşawyň howpsuzlygy — möhüm wezipe

25 Noýabr 2021
1849

Türkmenistanyň tebigaty goramak jemgyýetiniň welaýat bölüminiň maslahat zalynda tebigy hadysalaryň zyýanly täsirleriniň döredýän töwekgelçiliklerini azaltmak ugrunda jemgyýetçilik guramalarynyň ygtyýarlandyrylan döwlet edaralary bilen gatnaşygy we arkalaşygy, şeýle hem tebigy betbagtçylyklaryň döremeginde öňüni alyş çärelerini, goranmagy, halas ediş düzgünlerini wagyz etmek boýunça okuw maslahaty geçirildi. USAID-iň «Döwleti dolandyryş ulgamynyň kämilleşdirilmegine ýardam bermek» taslamasynyň çäklerinde we hemaýat etmeginde guralan okuw maslahatynda Türkmenistanyň tebigaty goramak jemgyýetiniň ýolbaşçy edarasynyň hem-de welaýat bölüminiň, welaýat raýat goranyş we halas ediş işleri müdirliginiň, Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý milli jemgyýetiniň welaýat bölüminiň wekilleri, lukmanlar çykyş edip, olaryň tebigy hadysalaryň döredýän töwekgelçilikleriniň täsirini azaltmak ugrunda alnyp barylýan işler, raýat goranyşy, ilatyň goranyş serişdeleri we usullary, tebigy heläkçilikleriň döremek howpy abananda habar beriş, ses duýdurmalary we şol duýdurmalar boýunça edilmeli işler, tebigy betbagtçylyklar mahalynda hereket edilişi, tebigy hadysalar zerarly şikes alanlara ilkinji lukmançylyk kömegini bermek, ýokanç keselleriň döremegine garşy göreşmek we olardan goranmagyň usullary barada wideoşekiller arkaly beren gürrüňleri örän täsirli boldy.

Tebigatyň ösümlik we haýwanat dünýäsini goramak, ekologiýa howpsuzlygyny üpjün etmek, «Ýangyn howpsuzlygy hakynda» Türkmenistanyň Kanunyny berjaý etmek maksady bilen taýýarlanan 2017 — 2023-nji ýyllar aralygynda ýangyn howply möwsümde ýurdumyzyň ýangyn howply jemgyýetçilik ýerlerinde,  raýat we döwlet desgalarynda, sähra, öri we ekerançylyk meýdanlarynda ýangyn hadysasynyň öňüni almak hem-de dörän ýangyny guramaçylykly söndürmek bilen baglanyşykly çykyşlarda «Adamzat jemgyýetiniň durnukly ösüşi tebigatyň, daşky gurşawyň meseleleri bilen berk baglanyşyklydyr. Dünýä derejesinde ýöredilýän ekologiýa syýasatynyň rowaçlanmagyna uly goşant goşýan döwletimizde Arkadag Prezidentimiziň ekologiýa abadançylygyny gorap saklamak boýunça öňe sürýän wajyp başlangyçlary, teklipleri halkara jemgyýetçiligiň ýokary bahasyna mynasyp bolýar. Milli Liderimiziň daşky gurşawy goramak, ýurdumyzyň obadyr şäherlerini bagy-bossanlyga öwürmek ugrunda durmuşa geçirýän işlerine mynasyp goşant goşmak bilen bir hatarda, biz ýaşlara tebigy hadysalardan goranmak, olaryň öňüni almak endiklerini hem öwretmelidiris» diýlip bellenildi. Munuň üçin ähli şert-mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Prezidentimize egsilmez alkyş aýdylyp, bu babatda alnyp barylýan wagyz-ündew işleriniň has-da güýçlendirilmelidigi nygtaldy.

Toýmämmet REJEBOW,
«Balkan».
Beýleki habarlar