Ekologiýa abadançylygy ugrunda

26 Noýabr 2021
1923

Howa biziň üçin durmuşda ilkinji we esasy zerurlykdyr. Howa arkaly adamzat ýaşaýşy dowam edýär. Howanyň arassalygy ekologiýa abadançylygynyň möhüm wezipeleriniň biridir. Ýakynda Glazgo şäherinde Şotlandiýanyň maslahatlar merkezinde BMG-niň Howanyň üýtgemegi baradaky Çarçuwaly konwensiýasyna gatnaşyjy taraplaryň 26-njy maslahatyna (COP26) türkmen wekiliýetiniň gatnaşyp, oňyn başlangyçlary öňe sürmegi bu ählumumy meselä Türkmenistanyň garaýşyny açyp görkezdi. Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda durmuşa geçirilýän ekologiýa syýasaty döwletimizde ileri tutulýan ugurlaryň biridir. Türkmen tarapynyň bu iri halkara maslahatda öňe süren başlangyçlary dünýä jemgyýetçiliginde uly gyzyklanma döredýär. Türkmenistan bu babatda önümçilige täze tehnologiýalary ornaşdyrmak arkaly, bug gazlarynyň zyňyndylarynyň azaldylmagy, «Täzelenýän energiýa çeşmeleri hakynda» täze Kanunyň kabul edilmegi, ýurdumyzda her ýylda millionlarça bag nahallarynyň oturdylmagy ýaly birnäçe işleriň durmuşa geçirilmegine aýratyn üns berýär. Ýeri gelende bellesek, hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ýurdumyzda gurlup, ulanylmaga berilýän önümçilik kärhanalaryna dünýäniň iň soňky gazanan innowasion tehnologiýalarynyň ornaşdyrylmagyna we ekologiýa zyýansyz önümçilige aýratyn üns berilýär. Bu bolsa ekologiýa abadançylygynyň üpjün edilmegine mümkinçilik berýär.

Dünýäde ekologiýa abadançylygyny üpjün etmek maksady bilen, hormatly Prezidentimiz dürli halkara derejelerde Türkmenistanyň Merkezi Aziýada howanyň üýtgemegi bilen bagly Tehnologiýalar boýunça sebit merkezini açmaga taýýardygyny beýan etdi, BMG-niň Suw strategiýasyny hem-de BMG-niň Aral boýunça Ýörite maksatnamasyny işläp taýýarlamak, Hazar deňziniň ekoulgamyny gorap saklamak baradaky başlangyçlary öňe sürdi. Dünýä jemgyýetçiligi tarapyndan uly gyzyklanma bildirilýän bu başlangyçlar Türkmenistanyň howanyň üýtgemegine garşy göreşmekde halkara tagallalary birleşdirmäge aýratyn üns berýändiginden habar berýär.

Aýbibi GELDIÝEWA,
Daşoguz şäherindäki 6-njy orta mekdebiň mugallymy.
Beýleki habarlar