"Türkmeniň ýüpek ýoly" gazeti

Esaslandyryjysy: "Türkmendemirýollary" agentligi
Salgysy: Aşgabat şäheri, Arçabil şaýoly 162-nji jaýy
Telefon belgileri: 94-27-68

Habarlar

Uzak ýaşaýan daragt

Ýer ýüzünde arça agajy iň köp ýaýran agaçlaryň biri hasaplanýar. Şonuň üçin hem tokaýlaryň köp bölegini arçalyklar tutýar. Arça agajy derman senagatynda hem giňden peýdalanylýar.

Bambuk tokaýlygy

Arasiýamanyň bambukly meýdany (Arashiyama Bamboo Forest) diňe bir Ýaponiýa döwletinde däl, eýsem, tutuş Ýer ýüzünde «Sagano bambuk tokaýy» ady bilen tanalýan meşhur syýahatçylyk zolagydyr. Bu bambukly meýdan Ýaponiýanyň Kioto şäheriniň günbatarynda Arasiýama etrabynda ýerleşýär. Sagano bambuk tokaýynyň meýdany 16 inedördül kilometr töweregi bolup, ol özboluşly seýilgähdir. Seýilgäh bambuk agajyndan dykyz örtülen. Bu ýerdäki bambuklaryň boýy 40 – 50 metre çenli beýiklige ýetip, olar edil asmany ýapyp duran ýaly keşbi emele getirýärler. Bambukly meýdanyň çäginde ýodajyklar ýerleşip, olarda emeli ýagtylanýan çyralar oturdylan. Bu çyralar arkaly bambukly meýdan gijesine-de örän owadan bolup görünýär. Pyýada ýodajyklaryň iki tarapyndan hem bambugyň guran baldagyndan we ýapragyndan ýasalan haýat geçýär.

Tebigatyň syry

Ata-babalarymyzyň janly tebigaty synlap, tebigat bilen bagly käbir zatlary öňünden bilişleri haýran galdyrýar. Olaryň Aýyň ýaşyşyndan, Günüň gulaklaýşyndan, guşlaryň uçuşyndan many çykaryp, boljak zady dogry kesgitleýändigi seni buýsandyrýar. Eýsem, «Gyşyň gulunyny taşlamagy», «Gögüň gurrasyny atmagy» diýildigi nämekä? Pähimli ata-babalarymyzyň çaklaýşyna görä, gyşyň içinde ýazyň alamaty görünse, il içinde «Gyş gulunyny taşlady» diýilýär. Eger ýyldyrym çakyp, gök gürlese, baýguş gygyrsa, onda «Gök gurrasyny atdy» diýlipdir we bu ýazyň ir geljegini aňladypdyr. Şeýle bolanda ýaz maýyl, şonuň ýaly-da ýagyşly bolýar. Şu ýyl gyşda şeýle alamatlar göründi. Onuň şeýledigini howanyň häzirki maýyllygy-da aýdýar.

Mermer gowaklar

Ýer togalagynyň owadan ýerleriniň biri-de, Çiliniň we Argentinanyň çäginde ýerleşen mermer gowaklarydyr. Bu gowaklar toplumy «Cuevas de Marmol» ady bilen meşhur bolup, olar dünýäniň iň owadan gowaklary hasaplanýarlar. Bu tebigy täsinlik dünýäniň iň uly kölleriniň biri hasaplanylýan Buenos-Aýres kölünde ýerleşýär. Ýerli ilatyň we beýleki käbir halklaryň dilinde «Çiliniň mermer gowaklary» ady bilen tanalýan bu täsin ýerdäki gök-mawy reňkli gerişleriň we diýseň arassa suwly kölüň bilelikde sazlaşykly emele getiren owadanlygy jenneti ýada salýar. Syýahatçylar Çiliniň mermer gowaklarynyň güneşli hem-de bulutly günlerde dürli öwüşgin berýändigi barada aýdýarlar. Olar bu ýeri synlamaga ýaz paslynyň başlamagynyň öň ýanynda barlanda has-da gözel keşbe eýe bolýandygyny belleýärler. Bu bolsa howanyň gyzmagy netijesinde buzlaryň eräp, kölüň suwunyň bulaşyk bolýandygy bilen baglanyşdyrylýar. Bahar aýlarynda suwuň derejesiniň pes bolmagy gowaklaryň içinde aýlanyp, täsinlikleri synlamaga mümkinçilik berýär. Munuň üçin kölüň töwereginde ýörite gaýyklar hem ýerleşdirilýär.

Aşgabat şäherinde we welaýatlarda 2022-nji ýylyň fewral aýynyň 23-ne bolmagyna garaşylýan

HOWA MAGLUMATY Aşgabatda: üýtgäp durýan bulutly howa bolup, az-kem ýagyş ýagar. Gündogardan tizligi sekuntda 9 — 11 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijesine +4... +6°, gündizine +16... +18° maýyl bolar. Howanyň basyşy 738 mm, çyglylygy 55 — 75%.

Howa maglumaty

Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň Gidrometeorologiýa baradaky gullugynyň şu gün — 22-nji fewralda ýurdumyzda bolmagyna garaşylýan howanyň ýagdaýy barada berýän maglumaty Aşgabatda: üýtgäp durýan bulutly howa bolup, irden az-kem ýagyş ýagar. Demirgazyk-gündogardan tizligi sekuntda 7 — 9 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijesine +4... +6°, gündizine +14... +16° maýyl bolar. Howanyň basyşy 737 mm, çyglylygy 55 — 75%.

Älemgoşar öwüşginli derýa

Ýer ýüzi tebigy aýratynlyklaryna görä, dürli reňkli bolýar. Çölde sary reňkleriň öwüşgini köp bolsa, tokaýda ýaşyl reňk has köp agdyklyk edýär. Tebigatyň reňki howanyň ýagdaýyna, pasyllara görä hem üýtgeýär. Olaryň hersiniň aýratyn owadanlygy bar. Käbir ýerler köp reňkliligi bilen tapawutlanýar. Kolumbiýadaky Kano Kriltales derýasy tebigy gözelligi hem-de köp reňkliligi bilen tapawutlanýar. Oňa «5 reňkli derýa» hem diýilýär. Dürli reňkli bolansoň, bu akar suw iň owadan derýalaryň biri hasaplanýar. Ýylyň käbir paslynda adaty derýadan tapawudy bolmadyk bu derýanyň suwy iýulyň ahyryndan dekabra çenli ýaşyl, sary, gök, gara we gyzyl reňkli bolup görünýär. Derýanyň ugrunda birnäçe şaglawuk hem bar. Ini 20 metre, uzynlygy 100 kilometre ýetýän derýanyň reňki içinde gögerýän otlar bilen baglydyr. Ýagşyň köp ýagýan möwsüminde derýanyň suwy örän batly akýar we bulanyk bolýar. Şol sebäpli derýanyň içindäki otlar Gün şöhlesini ýeterlik mukdarda almaýarlar. Emma ygally pasyl bilen gurak paslyň çalyşýan döwründe suwuň akymy ortaça bolýar. Şol döwürde bu ýerdäki otlar gülläp, dürli öwüşgine beslenýärler.

Bägüller barada gyzykly maglumatlar

«7/24.tm», № 08 (91), 21.02.2022. Çemendäki bägülleriň reňki nämäni aňladýar?

Howa maglumaty

Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň Gidrometeorologiýa baradaky gullugynyň şu gün — 21-nji fewralda ýurdumyzda bolmagyna garaşylýan howanyň ýagdaýy barada berýän maglumaty Aşgabatda: üýtgäp durýan bulutly howa bolup, ýagyş ýagar. Demirgazyk-günbatardan tizligi sekuntda 8 — 11 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijesine +6... +8°, gündizine +9... +11° maýyl bolar. Howanyň basyşy 735 mm, çyglylygy 60 — 80%.

Howa maglumaty

Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň Gidrometeorologiýa baradaky gullugynyň şu gün — 18-nji fewralda ýurdumyzda bolmagyna garaşylýan howanyň ýagdaýy barada berýän maglumaty Aşgabatda: üýtgäp durýan bulutly howa bolup, gündogardan tizligi sekuntda 8 — 10 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijesine 0... -2° sowuk, gündizine +11... +13° maýyl bolar. Howanyň basyşy 738 mm, çyglylygy 45 — 65%.

Gandym

Türkmen tebigatynyň özboluşly ösümligi bolan gandym çydamlylygy bilen bir hatarda halkymyzyň durmuşyna ymykly siňip gidendir. Gandym dürli görnüşe we ada eýe bolmak bilen, Demirgazyk Afrikadan — Sahara çöllüklerinden başlap Alaşan we Ordos çöllükleri aralygynda duş gelýär. Onuň 150-den gowrak görnüşi bar. Gandym çägelikde gowy ösýär. Ol tas çür başyna çenli çäge basmagyna-da çydap bilýär. Gandymlar sähralyklaryň ýerüsti lanşaftlaryny kesgitleýärler. Esasan-da, gysga wagtlyk bahar aýazlaryndan zeper çekýärler. Şol günlerde howanyň -20-50 derejä çenli aşaklamagy netijesinde gandymyň ýaş çybyklary garalyp guraýar. Ýöne biraz wagtdan soň olaryň ornuna täze çybyklar ösüp ýetişýär.

Howa maglumaty

Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň Gidrometeorologiýa baradaky gullugynyň şu gün — 17-nji fewralda ýurdumyzda bolmagyna garaşylýan howanyň ýagdaýy barada berýän maglumaty Aşgabatda: üýtgäp durýan bulutly howa bolup, gündogardan tizligi sekuntda 7 — 9 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijesine 0... -2° sowuk, gündizine +8... +10° maýyl bolar. Howanyň basyşy 740 mm, çyglylygy 50 — 70%.

Howa maglumaty

Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň Gidrometeorologiýa baradaky gullugynyň şu gün — 16-njy fewralda ýurdumyzda bolmagyna garaşylýan howanyň ýagdaýy barada berýän maglumaty Aşgabatda: üýtgäp durýan bulutly howa bolup, gündogardan tizligi sekuntda 8 — 10 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijesine 0... -2° sowuk, gündizine +7... +9° maýyl bolar. Howanyň basyşy 742 mm, çyglylygy 55 — 75%.

Aşgabat şäherinde we welaýatlarda 2022-nji ýylyň fewral aýynyň 16-na bolmagyna garaşylýan

HOWA MAGLUMATY Aşgabatda: üýtgäp durýan bulutly howa bolup, gündogardan tizligi sekuntda 8 — 10 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijesine 0... -2° sowuk, gündizine +7... +9° maýyl bolar. Howanyň basyşy 742 mm, çyglylygy 55 — 75%.

Howa maglumaty

Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň Gidrometeorologiýa baradaky gullugynyň şu gün — 15-nji fewralda ýurdumyzda bolmagyna garaşylýan howanyň ýagdaýy barada berýän maglumaty Aşgabatda: üýtgäp durýan bulutly howa bolup, gündogardan tizligi sekuntda 8 — 11 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijesine 0... -2° sowuk, gündizine +7... +9° maýyl bolar. Howanyň basyşy 741 mm, çyglylygy 55 — 75%.

Howa maglumaty

Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň Gidrometeorologiýa baradaky gullugynyň şu gün — 14-nji fewralda ýurdumyzda bolmagyna garaşylýan howanyň ýagdaýy barada berýän maglumaty Aşgabatda: üýtgäp durýan bulutly howa bolup, gar gatyşykly ýagyş ýagar. Demirgazyk-günbatardan tizligi sekuntda 9 — 12 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijesine +2... +4°, gündizine +3... +5° maýyl bolar. Howanyň basyşy 743 mm, çyglylygy 65 — 85%.

Howa maglumaty

Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň Gidrometeorologiýa baradaky gullugynyň şu gün — 11-nji fewralda ýurdumyzda bolmagyna garaşylýan howanyň ýagdaýy barada berýän maglumaty Aşgabatda: üýtgäp durýan bulutly howa bolup, günüò ahyrynda az-kem ýagyş ýagar. Demirgazyk-günbatardan tizligi sekuntda 11 — 13 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijesine +6... +8°, gündizine +10... +12° maýyl bolar. Çyglylygy 65 — 85%.

Howa maglumaty

Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň Gidrometeorologiýa baradaky gullugynyň şu gün — 10-njy fewralda ýurdumyzda bolmagyna garaşylýan howanyň ýagdaýy barada berýän maglumaty Aşgabatda: üýtgäp durýan bulutly howa bolup, demirgazyk-günbatardan tizligi sekuntda 8 — 11 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijesine +1... +3°, gündizine +18... +20° maýyl bolar. Howanyň basyşy 732 mm, çyglylygy 35 — 55%.

Barsaň Hasar dagyndadyr

Güneşli Diýarymyz taýsyz gözellikleriň, täsinlikleriň, ajaýyplyklaryň mekanydyr. Ýurdumyzyň beýleki welaýatlary bilen birlikde, Balkan welaýaty hem bu beýik bagtdan paýly. Uç-gyraksyz Garagumuň bir bölegi, Sumbar, Çendir, Margyz jülgeleri, «Altyn asyr» Türkmen köli, Sumbar, Etrek derýalary, Sünt-Hasar, Uly we Kiçi Balkan daglary, Köpetdagyň belentli-pesli gerişleri, Hazar deňziniň türkmen kenary şu nurana mekanda ýerleşýär. Bu ajaýyp sebit diňe bir ykdysady ösüşleriň mesgeni däl, eýsem, onuň her bir künjegi sapaly dynç alşyň hem mekanydyr. Welaýatda Mollagara şypahanasyndan başga-da Garaçagyl, Parhaý ýaly jana melhem ýerler az däl. Welaýatyň täsin gözelliklerini özünde jemleýän günorta-günbatar Türkmenistanyň çäginde ýerleşýän «Ýoldere jülgesi» ady bilen tanalýan ýer hem Sünt we Hasar daglarynyň gerişleridir. Beýikligi 1639 metre barabar bolan Hasardag türkmen subtropigini demirgazygyň aýazly şemalyndan goraýan dag ulgamynda möhüm orun eýeleýär. Bu daglar — Türkmenistanyň tebigatynyň täsin künjegi jana şypaly howasy bilen tapawutlanýar. Ägirt uly daşlar Sumbar we Hojagala jülgeleriniň arasynda uzyn hatar bolup günbatara we gündogara tarap uzalyp gidýär.

El guşlary

Laçynşekilli guşlaryň köpüsi ekerançylyga we tokaýlara zyýan ýetirýän köpsanly gemrijileri we mör-möjekleri awlap, oba we tokaý hojalygyna peýda getirýär. Olar ördeklerdir sakarbarak sürüleriniň üstünden uçup, şolaryň arasyndan kesellilerini we ejizlerini tutýarlar. Şeýdibem guşlaryň arasynda keselleriň ýaýramagynyň öňüni almaga kömek edýärler. Adamyň elguşlar bilen aragatnaşygy müňlerçe ýyllaryň dowamynda taplanyp, orta asyrlarda kämilligiň ýokary derejesine ýetipdir. Ýyrtyjy guşlary eldekileşdirip, olar bilen aw awlapdyrlar.