Gandym

17 Fewral 2022
1207

Türkmen tebigatynyň özboluşly ösümligi bolan gandym çydamlylygy bilen bir hatarda halkymyzyň durmuşyna ymykly siňip gidendir.

Gandym dürli görnüşe we ada eýe bolmak bilen, Demirgazyk Afrikadan — Sahara çöllüklerinden başlap Alaşan we Ordos çöllükleri aralygynda duş gelýär. Onuň 150-den gowrak görnüşi bar. Gandym çägelikde gowy ösýär. Ol tas çür başyna çenli çäge basmagyna-da çydap bilýär. Gandymlar sähralyklaryň ýerüsti lanşaftlaryny kesgitleýärler. Esasan-da, gysga wagtlyk bahar aýazlaryndan zeper çekýärler. Şol günlerde howanyň -20-50 derejä çenli aşaklamagy netijesinde gandymyň ýaş çybyklary garalyp guraýar. Ýöne biraz wagtdan soň olaryň ornuna täze çybyklar ösüp ýetişýär.

Internet maglumatlary esasynda taýýarlan Gadamdurdy HOJAMYRADOW,
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň talyby.
Beýleki habarlar