Barsaň Hasar dagyndadyr

9 Fewral 2022
1600

Güneşli Diýarymyz taýsyz gözellikleriň, täsinlikleriň, ajaýyplyklaryň mekanydyr. Ýurdumyzyň beýleki welaýatlary bilen birlikde, Balkan welaýaty hem bu beýik bagtdan paýly. Uç-gyraksyz Garagumuň bir bölegi, Sumbar, Çendir, Margyz jülgeleri, «Altyn asyr» Türkmen köli, Sumbar, Etrek derýalary, Sünt-Hasar, Uly we Kiçi Balkan daglary, Köpetdagyň belentli-pesli gerişleri, Hazar deňziniň türkmen kenary şu nurana mekanda ýerleşýär. Bu ajaýyp sebit diňe bir ykdysady ösüşleriň mesgeni däl, eýsem, onuň her bir künjegi sapaly dynç alşyň hem mekanydyr. Welaýatda Mollagara şypahanasyndan başga-da Garaçagyl, Parhaý ýaly jana melhem ýerler az däl.

Welaýatyň täsin gözelliklerini özünde jemleýän günorta-günbatar Türkmenistanyň çäginde ýerleşýän «Ýoldere jülgesi» ady bilen tanalýan ýer hem Sünt we Hasar daglarynyň gerişleridir. Beýikligi 1639 metre barabar bolan Hasardag türkmen subtropigini demirgazygyň aýazly şemalyndan goraýan dag ulgamynda möhüm orun eýeleýär. Bu daglar — Türkmenistanyň tebigatynyň täsin künjegi jana şypaly howasy bilen tapawutlanýar. Ägirt uly daşlar Sumbar we Hojagala jülgeleriniň arasynda uzyn hatar bolup günbatara we gündogara tarap uzalyp gidýär.

Jennet BEKMETOWA,
Türkmen oba hojalyk institutynyň mugallymy.
Beýleki habarlar