Bambuk tokaýlygy

22 Fewral 2022
1030

Arasiýamanyň bambukly meýdany (Arashiyama Bamboo Forest) diňe bir Ýaponiýa döwletinde däl, eýsem, tutuş Ýer ýüzünde «Sagano bambuk tokaýy» ady bilen tanalýan meşhur syýahatçylyk zolagydyr. Bu bambukly meýdan Ýaponiýanyň Kioto şäheriniň günbatarynda Arasiýama etrabynda ýerleşýär.

Sagano bambuk tokaýynyň meýdany 16 inedördül kilometr töweregi bolup, ol özboluşly seýilgähdir. Seýilgäh bambuk agajyndan dykyz örtülen. Bu ýerdäki bambuklaryň boýy 40 – 50 metre çenli beýiklige ýetip, olar edil asmany ýapyp duran ýaly keşbi emele getirýärler. Bambukly meýdanyň çäginde ýodajyklar ýerleşip, olarda emeli ýagtylanýan çyralar oturdylan. Bu çyralar arkaly bambukly meýdan gijesine-de örän owadan bolup görünýär. Pyýada ýodajyklaryň iki tarapyndan hem bambugyň guran baldagyndan we ýapragyndan ýasalan haýat geçýär.

Yhlas GARAHANOW,
S.A.Nyýazow adyndaky TOHU-nyň talyby.
Beýleki habarlar