Älemgoşar öwüşginli derýa

21 Fewral 2022
1055

Ýer ýüzi tebigy aýratynlyklaryna görä, dürli reňkli bolýar. Çölde sary reňkleriň öwüşgini köp bolsa, tokaýda ýaşyl reňk has köp agdyklyk edýär. Tebigatyň reňki howanyň ýagdaýyna, pasyllara görä hem üýtgeýär. Olaryň hersiniň aýratyn owadanlygy bar. Käbir ýerler köp reňkliligi bilen tapawutlanýar.

Kolumbiýadaky Kano Kriltales derýasy tebigy gözelligi hem-de köp reňkliligi bilen tapawutlanýar. Oňa «5 reňkli derýa» hem diýilýär. Dürli reňkli bolansoň, bu akar suw iň owadan derýalaryň biri hasaplanýar. Ýylyň käbir paslynda adaty derýadan tapawudy bolmadyk bu derýanyň suwy iýulyň ahyryndan dekabra çenli ýaşyl, sary, gök, gara we gyzyl reňkli bolup görünýär. Derýanyň ugrunda birnäçe şaglawuk hem bar. Ini 20 metre, uzynlygy 100 kilometre ýetýän derýanyň reňki içinde gögerýän otlar bilen baglydyr. Ýagşyň köp ýagýan möwsüminde derýanyň suwy örän batly akýar we bulanyk bolýar. Şol sebäpli derýanyň içindäki otlar Gün şöhlesini ýeterlik mukdarda almaýarlar. Emma ygally pasyl bilen gurak paslyň çalyşýan döwründe suwuň akymy ortaça bolýar. Şol döwürde bu ýerdäki otlar gülläp, dürli öwüşgine beslenýärler.

Beýleki habarlar