"Türkmeniň ýüpek ýoly" gazeti

Esaslandyryjysy: "Türkmendemirýollary" agentligi
Salgysy: Aşgabat şäheri, Arçabil şaýoly 162-nji jaýy
Telefon belgileri: 94-27-68

Habarlar

«Ford Mo­tor» aw­to­fur­gon-elekt­ro­mo­bi­l söw­da­sy­ny ýo­la goý­dy

«Ford Mo­tor» kom­pa­ni­ýa­sy Kan­zas-Si­ti­de (Mis­su­ri şta­ty, ABŞ) ýer­le­şýän ba­ta­re­ýa­la­ry we elekt­rik he­re­ket­len­di­ri­ji­de iş­le­ýän aw­tou­lag­la­ry ön­dür­ýän il­kin­ji za­wo­dyn­da ön­dü­ri­len «E-Tran­sit» söw­da aw­to­fur­gon-elekt­ro­mo­bi­li­ni müş­de­ri­le­re sa­typ baş­la­dy. Döw­let kär­ha­na­la­ry we hu­su­sy­ýet­çi­leri üçin ni­ýet­le­nen bu bren­di­ne «Ford Mo­tor» kom­pa­ni­ýa­sy ulu­ly-ki­çi­li kär­ha­na­lar­dan 10 müň­den gow­rak sar­gyt al­dy. «Ford Mo­tor» kom­pa­ni­ýa­sy hä­zir wagt­da önüm­çi­li­gini art­dyr­ma­gyň usul­la­ry­nyň üs­tün­de iş­le­ýär.

Sanly ulgam — kämilligiň wajyp şerti

Islendik jemgyýetde döwletiň ösüşleri, ykdysadyýetiň durnuklylygy halkyň agzybirligine, bir başa sygynyp, polat ýaly mäkäm durup, her kimiň öz ornunda Watana wepaly gulluk etmegine baglydyr. Türkmen halkynyň Gahryman Arkadagymyzyň daşyna mäkäm jebisleşip, beýik geljegini gurýandygyny, il-ýurt bähbitli, umumadamzat ähmiýetli strategik özgertmeleriň, beýik işleriň durmuşa geçirilýändigini geçen sanlyja ýyllaryň taryhy sahypalary ähli aýdyňlygy bilen görkezdi. Hormatly Prezidentimiziň alyp barýan strategik syýasatynyň netijesinde ýurdumyzda döwrebap halkara aragatnaşyk ulgamlar binýady has-da pugtalandyrylýar. Bu dünýä halklarynyň arasynda özara bähbitli hyzmatdaşlygy işjeňleşdirýär we giň gerimli durnukly ösüşlere tarap öňe alyp barýar.

«Web taslama — 2022» bäsleşiginiň jemleri jemlenildi

Hormatly Prezidentimiziň üns-aladasyndan kalplary buýsanja beslenýän ýaşlar ylym-bilimde taplanyp, ýurdumyzyň ösüşlerine mynasyp goşant goşjak hünärmenler bolup ýetişýärler. Täze ýaş zehinleri ýüze çykarmak maksady bilen, Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň hem-de Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň bilelikde guramagynda ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda «Web taslama — 2022» ady bilen web-saýtlary işläp taýýarlamak boýunça bäsleşik geçirildi. Ýakynda jemi jemlenilen bu bäsleşikde birinji orna Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň kompýuter ulgamynyň programma üpjünçiligi hünäriniň talyplary eýe boldular. Bäsleşikde her topar iki adamdan ybarat bolup, olaryň biri web-sahypanyň serwer bölegini, beýlekisi bolsa müşderi bölegini ýerine ýetirdi. Emin agzalary talyp ýaşlaryň işleri guraýşyna we dolandyryşyna, web-sahypalaryň grafiki bezegine, sahypalaryň ýygymyna, müşderi tarapyndan programmirlemä, serwer tarapyndan programmirlemä we beýleki şertlere görä baha berdiler.

Sanly ulgam — bilimiň esasy daýanjy

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe eziz Diýarymyzyň ylym-bilim ulgamynyň maddy-enjamlaýyn binýady pugtalandyrylyp, dünýä ülňülerine laýyk gelýän kämil tehnologiýalar bilen üpjün edildi. Bilşimiz ýaly, häzirki döwürde iň wajyp giň möçberli meseleleriň çözgüdini tapmakda bilim möhüm delil hökmünde ykrar edilýär. Şoňa görä-de, dünýäniň ösen we ösýän döwletleriniň syýasatynda bilim ulgamyny döwrebaplaşdyrmak meselesine aýratyn uly üns berilýär. Bedew bady bilen öňe barýan Türkmenistan döwletimizde hem bu ugurda milli bilim ulgamyny kämilleşdirmek işleri üstünlikli durmuşa ornaşdyrylýar. Häzirki döwürde ýurdumyzyň bilim ulgamy döwrüň talabyna laýyklykda ösýär, özgerýär. Hormatly Prezidentimiziň döredýän mümkinçilikleri netijesinde halkara ylmy maslahatlardyr forumlar yzygiderli guralýar. Sanly ulgamyň kömegi bilen geçirilýän şeýle çäreler ylym-bilimiň çalt depginler bilen ösdürilmegine, has-da kämilleşdirilmegine, berilýän bilimiň hiliniň ýokarlandyrylmagyna ähli zerur şertleri döredýär. Şonuň netijesinde, bilim ulgamynyň işgärleri ylymly-bilimli, Watana, halka wepaly, giň dünýägaraýyşly ýaşlary terbiýelemek, häzirki zaman tehnologiýalaryndan oňat baş çykarýan, öz hünärine ezber hünärmenleri taýýarlamak üçin döredijilikli, yhlasly zähmet çekýärler.

Uzak aralykdan ýörgünli bolar

Sanly giňişlikde täze taslamalar bilen dünýäni haýrana goýýan ozalky «Facebook», häzirki «Meta» kompaniýasy wirtual giňişlikde adamlaryň dürli iş hereketlerini amala aşyrmaklaryny maksat edinýär. Alymlar bütin dünýäni gurşap alan pandemiýanyň uzak aralykdan işlemek pikirini gündelik ýörelgä öwrendigini we munuň işgärleriň iş öndürijiligine kän bir ýaramaz täsir etmeýändigini belleýärler. Bu işiň hereketini has-da hakykata laýyk guramak üçin «Meta» kompaniýasy täze «Metaverse» diýlip atlandyrylýan wirtual giňişligi döretmek ugrunda işleri alyp barýar. Eýýäm bu döwrebap sanly giňişlikde ýaşamaga dünýäniň birnäçe şäherlerinde isleg bildirýärler. Bu giňişlikde adamlaryň «wirtual» keşbi döredilip, ol adamyň edil özi ýaly, ýöne sanly giňişlikde hereket edýär. Kompaniýa bu döwrebap taslamany, esasan-da, Ýewropa ýurtlaryna ýaýratmagy maksat edinýär.

Hal­ka­ra howp­suz in­ter­net gü­ni

Her ýyl few­ral aýy­nyň ikin­ji si­şen­be­sin­de Ýer ýü­zün­de Hal­ka­ra howp­suz in­ter­net gü­ni bel­le­nil­ýär. XXI asy­ryň teh­no­lo­gi­ýa­la­ryň asy­ry diý­lip at­lan­dy­ryl­ma­gy bi­len, gün­de­lik dur­muş­da san­ly teh­no­lo­gi­ýa­la­ryň çalt ýaý­ra­ma­gy döw­rüň ze­rur­ly­gy­na öw­rül­di. ­ In­ter­ne­tiň dö­re­me­gi we onuň güýç­li dep­gin­ler bi­len ös­me­gi XX asy­ryň ahy­ryn­da dün­ýä me­de­ni­ýe­ti­niň ta­ry­hyn­da uly we äh­mi­ýet­li wa­ka bol­dy. «In­ter­net» dü­şün­je­si­niň iň ýö­ne­keý kes­git­le­me­si — komp­ýu­ter tor­la­ry­nyň bir­leş­me­si­dir. 1969-njy ýyl­da ABŞ-nyň Go­ran­mak mi­nistr­li­gi ta­ra­pyn­dan «Ar­pa­net» at­ly tas­la­ma iş­le­nip dü­zül­ýär. Har­by iş­ler­de mag­lu­mat­lar ul­ga­my­ny bag­la­nyş­dy­ry­jy hök­mün­de ula­ny­lan bu tas­la­ma has kä­mil­leş­di­ril­ýär, ra­ýat we pa­ra­hat­çy­lyk mak­sat­la­ryn­da dün­ýä ýaý­ra­ýar. 1990-njy ýyl­dan baş­lap öza­ra komp­ýu­ter­ler ul­gam­la­ry­ny bag­la­nyş­dy­ry­jy ul­gam «in­ter­net» diý­lip at­lan­dy­ry­lyp baş­lan­ýar. Şeý­le tor «in­ter­net-pro­to­kol» diý­lip at­lan­dy­ry­lan ka­da­lar bo­ýun­ça Ka­li­for­ni­ýa­nyň üç to­ru­ny Ýu­ta şta­ty­nyň to­ry bi­len bi­rik­dir­di. 1972-nji ýyl­da uni­wer­si­tet­ler we bar­lag eda­ra­la­ry üçin in­ter­ne­tden peý­da­lan­ma­ga müm­kin­çi­lik­le­riň açyl­ma­gy bi­len, yla­la­şy­gy bar bo­lan

«Desktop Metal» 3D printerleriň täze görnüşini çykardy

3D çap­ha­na teh­no­lo­gi­ýa­la­ry­ny iş­läp dü­zü­ji «Desk­top Me­tal» kom­pa­ni­ýa­sy sto­ma­to­lo­gi­ýa üçin 3D prin­ter­le­riň tä­ze gör­nü­şi­ni hö­dür­le­di. Bu prin­ter­ler 3D çap­ha­na teh­no­lo­gi­ýa­la­ry­nyň iň dur­nuk­ly seg­ment­le­rin­den yba­rat­dyr. Tä­ze prin­ter diş önüm­le­ri­ni agyz boş­lu­gy­nyň 3 öl­çeg­li göz­den ge­çi­ril­me­gi ne­ti­je­sin­de al­nan mo­del­le­re müm­kin bol­du­gy­ça ýa­kyn çap et­mä­ge müm­kin­çi­lik ber­ýär.

«PDF Solutions» ýa­rym­ge­çi­ri­ji pudagynda täze ösüş gazanyp biler

«PDF So­lu­tions»-a ýa­rym­ge­çi­ri­ji önüm­çi­lik pu­da­gy­na öz çöz­gü­di­ni hö­dür­le­mek üçin tä­ze şert­na­ma be­ril­di. «CMOS» wi­deo çip­le­ri­ni ön­dü­ri­ji «Smart­Sens» mag­lu­mat­la­ry do­lan­dyr­mak üçin «PDF So­lu­tions Exen­sio Fab­less» plat­for­ma­sy­ny saý­la­dy. «Smart­Sens» çalt ös­ýän wi­deo gö­zeg­çi­lik, ma­şyn gör­mek we ulag ka­me­ra­la­ry­nyň seg­ment­le­ri­ni goş­mak bi­len plat­for­ma­ny äh­li önüm li­nýa­syn­da ula­nar. «PDF So­lu­tions Exen­sio Fab­less» önüm sy­na­gy we gur­na­ma amal­la­ry üçin prog­ram­ma üp­jün­çi­li­gi top­lu­my­dyr.

«Sony» «Bungie»-ni 3,6 milliard dollara satyn aldy

Ýa­po­ni­ýa­nyň «So­ny» kom­pa­ni­ýa­sy­nyň şa­ham­ça­sy bo­lan «So­ny In­te­ractive En­ter­tain­ment» kom­pa­ni­ýa­sy ABŞ-nyň 3,6 mil­liard dol­la­ry­na wi­deo oýun iş­läp düz­ýän «Bun­gie» kom­pa­ni­ýa­sy­ny sa­tyn al­mak ba­ra­da şert­na­ma bag­laş­dy. Bu şert­na­ma kom­pa­ni­ýa­nyň öň­ki ge­le­şik­le­ri ýa­ly, ýag­ny ABŞ-nyň 12,7 mil­liard dol­la­ry­na sa­tyn alnan «Zyn­ga» kom­pa­ni­ýa­sy we ABŞ-nyň 69 mil­liard dol­la­ry­na sa­tyn alnan «Activision Bliz­zard» kom­pa­ni­ýa­sy ýa­ly köp möç­ber­li girdejisi bol­ma­sa-da, «Bungie» «So­ny» kom­pa­ni­ýasyna komp­ýu­ter oýun­lar pu­da­gyn­da uly tas­la­ma­la­ry ama­la aşy­ryp, meş­hur­lyk ga­za­nmagyna uly ýardam berer.

Hytaý ilkinji gezek iki milliondan gowrak awtoulag eksport etdi

2021-nji ýy­lyň ne­ti­je­si bo­ýun­ça Hy­taý 2020-nji ýyl bi­len de­ňeş­di­ri­len­de, aw­tou­lag eks­por­ty­ny iki es­se art­dyr­dy. Bu bol­sa ta­ryh­da il­kin­ji ge­zek aw­tou­lag eks­por­ty­nyň 2,02 mil­lio­na ýe­ten de­re­je­si­dir. Şeý­le­lik­de, ýo­lag­çy aw­tou­lag­la­ryň eks­por­ty 1,61 mil­lio­na, tä­jir­çi­lik ulag­la­ryň eks­por­ty bol­sa, 402 mü­ňe ýet­di. Tä­ze ener­gi­ýa çeş­me­le­ri bi­len iş­le­ýän aw­tou­lag­la­ryň da­şa­ry ýur­da eks­por­ty üç es­se ar­typ, 310 mü­ňe ba­ra­bar bol­dy. 2021-nji ýy­lyň di­ňe de­kabr aýyn­da hy­taý aw­tou­lag ön­dü­ri­ji­le­ri 223 müň aw­tou­lag eks­port et­di­ler (54%). Hy­ta­ýyň «CICC» ma­ýa go­ýum bank­lar to­pa­ry­nyň çak­la­ma­sy­na la­ýyk­lyk­da, ýurt­da aw­tou­lag­la­ryň umu­my söw­da­sy 6,2% ös­me­li we 27,22 mil­lion aw­tou­la­ga ba­ra­bar bol­ma­ly.

Awtomobiller howada hereket eder

Slowakiýanyň «Klein Vision» kompaniýasy özüniň öndürýän elektroulaglarynyň howa giňişliginde hereket etmegi üçin ýerli häkimiýetden rugsatnama aldy. Sebäbi kompaniýanyň ýakynda jemgyýetçilige tanyşdyran elektrik energiýasy bilen işleýän awtomobilleri hem gury ýerde hem-de howa giňişliginde hereket etmäge ukyply. Has takygy, «AirCar» diýlip atlandyrylýan awtoulag gysga wagtda howa ulagyna öwrülip, howada 2 ýarym müň metr belentlikde, 40 sagatda müň kilometre çenli ýol geçip bilýär. Kompaniýanyň oýlap tapyjy alymlary eýýäm bu ulag görnüşini şäherara gatnawlarynda synagdan geçirýärler. 

Iň arzyly söwda nyşanlary

Bazary we söwda ulgamyny öwrenijiler dünýäniň iň gymmat bahaly söwda nyşanlaryny kesgitläp, oňa baha berdiler. Netijede, tehnologiýa dünýäsiniň öňdebaryjy kompaniýasy bolan «Apple» nyşany dünýäniň iň gymmat bahaly söwda markasy diýlip yglan edildi. «Apple» kompaniýasynyň nyşany 355 milliard amerikan dollary möçberinde bahalanýar. Kompaniýa geçen ýyl hem dünýäniň iň gymmat bahaly söwda nyşany hökmündäki abraýyny saklapdy. Ikinji ýerde 350 milliard dollar bahasy bilen «Amazon» söwda nyşany, üçünji ýerde 263 milliard amerikan dollary bilen «Google» durýar. Bulardan soň, degişlilikde, «Microsoft», bölek satuw kompaniýasy bolan «Wallmart» we «Samsung» kompaniýalary iň arzyly söwda nyşanlary hökmünde bilinýär. 

Ýaş zehinleriň robot bäsleşigi

Hormatly Prezidentimiziň tagallalary bilen ähli ugurlarda bedew bady bilen öňe barýan Watanymyzda sanly ulgamy durmuşa ornaşdyrmak, ösen tehnologiýalardan baş çykarýan ýaş nesli kemala getirmek ugrunda netijeli işler alnyp barylýar. Ýaş zehinleri ýüze çykarmak maksady bilen ýurdumyzyň mekdep okuwçylarynyň, talyp ýaşlarynyň arasynda döredijilik bäsleşikleri yzygiderli geçirilýär.     Ýakynda Aşgabat şäherindäki 83-nji orta mekdepde Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň guramagynda mekdep okuwçylarynyň arasynda  «Zehin geler ýaşlara, Arkadagly zamanada» atly bäsleşigiň şäher tapgyry geçirildi. Bäsleşikde mekdep okuwçylary taýýarlan robotlaryny ýaryşdyrdylar. Bäsleşik dört ugur boýunça geçirildi.

Sanly maglumatlar binýady dörediler

Häzirki wagtda Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda doly awtomatlaşdyrylan sanly maglumatlar binýadyny ornaşdyrmak meýilleşdirilýär. Şu maksat bilen halkara bäsleşigi yglan edildi. Bäsleşigiň ýeňijisiniň öňünde täze sanly ulgamy döretmek hem-de önümçilige ornaşdyrmak boýunça işleriň taslamasyny we meýilnamasyny taýýarlamak wezipesi durýar.

Tehnologiýalar dünýäsi

«7/24.tm», № 05 (88), 31.01.2022. DÜNÝÄDÄKI IŇ ÇALT KOMPÝUTER

«Hua­wei» tä­ze önü­mi­ni sat­ly­ga çy­kar­dy

Hy­ta­ýyň «Hua­wei» kom­pa­ni­ýa­sy smart­fon­lar we nout­buk­lar üçin tä­ze ýan zar­ýad be­ri­ji enjamy ön­dü­rip baş­la­dy. Zar­ýad be­ri­ji­niň içi­ne özü­ne bi­rik­di­ri­len en­ja­myň pa­ra­met­ri­ne la­ýyk be­ril­me­li zar­ýa­dy aw­to­ma­tik usul­da kes­git­le­ýän çip otur­dy­lan­dyr. Onuň göw­rü­mi 55х55х28,3 mil­li­met­re ba­ra­bar, ag­ra­my 135 gra­ma deň­dir. En­jam bir metr­lik USB Ty­pe-A we USB-C ka­bel­le­ri bi­len üp­jün edi­len­dir. «Hua­wei» kom­pa­ni­ýa­sy­nyň tä­ze önü­mi­niň ba­ha­sy, tak­my­nan, 63 dol­la­ra deň bo­lup, ol Hy­taý­da sat­ly­ga çy­ka­ryl­dy.

Ýew­ro­pa­nyň iň meş­hur aw­tou­la­gy bol­dy

Ger­ma­ni­ýa­nyň «Volks­wa­gen» kom­pa­ni­ýa­sy­nyň «Volks­wa­gen Golf» hatç­bek-aw­tou­la­gy 2008-nji ýyl­dan bä­ri Ýew­ro­pa ba­za­ryn­da iň köp sa­tyn alyn­ýan aw­tou­lag ady­na eýe bo­lup gel­ýär. Se­bit­de 2021-nji ýyl­da aw­tou­la­gyň bu mo­de­li­niň 205 müň­den gow­ra­gy sa­tyl­dy. Şeý­le­lik­de, «Volks­wa­gen Golf» ýe­ne-de bi­rin­ji­li­ge eýe bol­dy. Meş­hur aw­tou­lag­la­ryň sa­na­wyn­da ikin­ji ýe­ri «Peu­geot 208» (196,9 müň aw­tou­lag), üçün­ji ýe­ri «Dacia San­de­ro» (196,8 müň aw­tou­lag), dör­dün­ji ýe­ri «Re­nault Clio» (196,2 müň aw­tou­lag), bä­şin­ji ýe­ri bol­sa «Peu­geot 2008» (194,7 müň aw­tou­lag) eýe­le­di­ler. Hä­zir­ki wagt­da dün­ýä­niň en­çe­me in­ter­net saýt­la­ryn­da «Volks­wa­gen Golf»-yň ma­ha­bat­la­ry giň­den ýaý­baň­lan­dy­ryl­dy.

Elekt­ro­mo­bil­le­ri ön­dür­mek üçin ma­ýa go­ýar­lar

«Re­nault», «Nis­san» we «Mit­su­bis­hi» aw­tou­lag kom­pa­ni­ýa­lary 2030-njy ýy­la çen­li elekt­ro­mo­bil­le­riň 35 sa­ny tä­ze mo­del­le­ri­niň önüm­çi­li­gi­ni ýo­la goý­mak mak­sat­ly 23 mil­liard ýew­ro ma­ýa goý­mak­çy bol­ýar­lar. Fran­suz-ýa­pon aw­tou­lag bi­le­le­şi­gi­niň hü­när­men­le­ri­niň aýtmagyna gö­rä, kom­pa­ni­ýa­lar elekt­rik ulag­la­ry üçin ba­ta­re­ýa teh­no­lo­gi­ýa­la­ry­ny iş­läp düz­mek me­ýil­na­ma­la­ry ba­ra­da yla­laş­dy­lar. Bu, hu­su­san hem, «Nis­san» we «Re­nault» üçin Fran­si­ýa­da, Be­ýik Bri­ta­ni­ýa­da we Ýa­po­ni­ýa­da ba­ta­re­ýa­nyň umu­my üp­jün edi­ji­si­ni saý­la­ma­ga müm­kin­çi­lik be­rer. 

Halas ediji robot döredildi

Italiýada tebigy betbagtçylyklarda adamlary halas etmek üçin «Demir adam» görnüşli robot öndürildi. Italiýanyň Genuýa şäherinde ýerleşýän «Istituto Italiano di Tecnologia» (IIT) hünärmenleri tarapyndan döredilen bu «ICub» robot dürli heläkçilikli wakalarda gözleg we halas ediş işlerine gatnaşmak üçin niýetlenendir. Onuň boýy 104 santimetr bolup, uçarmansyz howa ulaglarynyň baryp bilmeýän ýerlerine hem aralaşyp bilmek mümkinçiligine eýedir. «Marvel» atly kinofilmiň super gahrymanlaryna meňzeş bu halas ediji robotyň haçan ulanylyşa çykaryljakdygy barada heniz takyk maglumatlar ýok.

«Tes­la» aw­tou­lag­la­ry­nyň he­re­ket ara­ly­gy­ny art­dyr­ýar

«Tes­la» öz elekt­rik aw­tou­lag­la­ry­ny 2023-nji ýyl­dan baş­lap he­re­ket ara­ly­gy­ny art­dyr­jak tä­ze ba­ta­re­ýa­lar bi­len en­jam­laş­dy­rar. Köp­çü­lik­le­ýin ha­bar be­riş se­riş­de­le­ri­niň be­ýa­na­ty­na gö­rä, Ýa­po­ni­ýa­nyň «Pa­na­so­nic» kom­pa­ni­ýa­sy elekt­ro­kar­la­ry ön­dür­ýän «Tes­la» kom­pa­ni­ýa­sy üçin he­re­ket uzak­ly­gy­ny kö­pelt­mä­ge müm­kin­çi­lik ber­jek ak­ku­mul­ýa­tor­la­ryň tä­ze gör­nü­şi­ni ön­dü­rip baş­lar. Şol mak­sat­ly «Pa­na­so­nic» Wa­ka­ýa­ma pre­fek­tu­ra­syn­da­ky (Ýa­po­ni­ýa) za­wo­dy­ny döw­re­bap­laş­dyr­mak üçin 80 mil­liard ýen ma­ýa go­ýar. Za­wod döw­re­bap­laş­dy­ry­lan­dan soň her ýyl­da 150 müň elekt­rik aw­tou­lag­y ba­ta­re­ýa­lar bi­len üp­jün eder.