Hal­ka­ra howp­suz in­ter­net gü­ni

7 Fewral 2022
1156

Her ýyl few­ral aýy­nyň ikin­ji si­şen­be­sin­de Ýer ýü­zün­de Hal­ka­ra howp­suz in­ter­net gü­ni bel­le­nil­ýär. XXI asy­ryň teh­no­lo­gi­ýa­la­ryň asy­ry diý­lip at­lan­dy­ryl­ma­gy bi­len, gün­de­lik dur­muş­da san­ly teh­no­lo­gi­ýa­la­ryň çalt ýaý­ra­ma­gy döw­rüň ze­rur­ly­gy­na öw­rül­di. ­

In­ter­ne­tiň dö­re­me­gi we onuň güýç­li dep­gin­ler bi­len ös­me­gi XX asy­ryň ahy­ryn­da dün­ýä me­de­ni­ýe­ti­niň ta­ry­hyn­da uly we äh­mi­ýet­li wa­ka bol­dy. «In­ter­net» dü­şün­je­si­niň iň ýö­ne­keý kes­git­le­me­si — komp­ýu­ter tor­la­ry­nyň bir­leş­me­si­dir. 1969-njy ýyl­da ABŞ-nyň Go­ran­mak mi­nistr­li­gi ta­ra­pyn­dan «Ar­pa­net» at­ly tas­la­ma iş­le­nip dü­zül­ýär. Har­by iş­ler­de mag­lu­mat­lar ul­ga­my­ny bag­la­nyş­dy­ry­jy hök­mün­de ula­ny­lan bu tas­la­ma has kä­mil­leş­di­ril­ýär, ra­ýat we pa­ra­hat­çy­lyk mak­sat­la­ryn­da dün­ýä ýaý­ra­ýar. 1990-njy ýyl­dan baş­lap öza­ra komp­ýu­ter­ler ul­gam­la­ry­ny bag­la­nyş­dy­ry­jy ul­gam «in­ter­net» diý­lip at­lan­dy­ry­lyp baş­lan­ýar. Şeý­le tor «in­ter­net-pro­to­kol» diý­lip at­lan­dy­ry­lan ka­da­lar bo­ýun­ça Ka­li­for­ni­ýa­nyň üç to­ru­ny Ýu­ta şta­ty­nyň to­ry bi­len bi­rik­dir­di. 1972-nji ýyl­da uni­wer­si­tet­ler we bar­lag eda­ra­la­ry üçin in­ter­ne­tden peý­da­lan­ma­ga müm­kin­çi­lik­le­riň açyl­ma­gy bi­len, yla­la­şy­gy bar bo­lan

Meýlis SADYKOW,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň halkara žurnalistikasy fakultetiniň 2-nji ýyl talyby.
Beýleki habarlar