Sanly ulgam — bilimiň esasy daýanjy

9 Fewral 2022
1254

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe eziz Diýarymyzyň ylym-bilim ulgamynyň maddy-enjamlaýyn binýady pugtalandyrylyp, dünýä ülňülerine laýyk gelýän kämil tehnologiýalar bilen üpjün edildi. Bilşimiz ýaly, häzirki döwürde iň wajyp giň möçberli meseleleriň çözgüdini tapmakda bilim möhüm delil hökmünde ykrar edilýär. Şoňa görä-de, dünýäniň ösen we ösýän döwletleriniň syýasatynda bilim ulgamyny döwrebaplaşdyrmak meselesine aýratyn uly üns berilýär. Bedew bady bilen öňe barýan Türkmenistan döwletimizde hem bu ugurda milli bilim ulgamyny kämilleşdirmek işleri üstünlikli durmuşa ornaşdyrylýar.

Häzirki döwürde ýurdumyzyň bilim ulgamy döwrüň talabyna laýyklykda ösýär, özgerýär. Hormatly Prezidentimiziň döredýän mümkinçilikleri netijesinde halkara ylmy maslahatlardyr forumlar yzygiderli guralýar. Sanly ulgamyň kömegi bilen geçirilýän şeýle çäreler ylym-bilimiň çalt depginler bilen ösdürilmegine, has-da kämilleşdirilmegine, berilýän bilimiň hiliniň ýokarlandyrylmagyna ähli zerur şertleri döredýär. Şonuň netijesinde, bilim ulgamynyň işgärleri ylymly-bilimli, Watana, halka wepaly, giň dünýägaraýyşly ýaşlary terbiýelemek, häzirki zaman tehnologiýalaryndan oňat baş çykarýan, öz hünärine ezber hünärmenleri taýýarlamak üçin döredijilikli, yhlasly zähmet çekýärler.

Begli GURBANDURDYÝEW,
Türkmenistanyň Serhet institutynyň okuw-usulyýet bölüminiň uly hünärmeni, leýtenant.
Beýleki habarlar