Halas ediji robot döredildi

30 Ýanwar 2022
1247

Italiýada tebigy betbagtçylyklarda adamlary halas etmek üçin «Demir adam» görnüşli robot öndürildi. Italiýanyň Genuýa şäherinde ýerleşýän «Istituto Italiano di Tecnologia» (IIT) hünärmenleri tarapyndan döredilen bu «ICub» robot dürli heläkçilikli wakalarda gözleg we halas ediş işlerine gatnaşmak üçin niýetlenendir. Onuň boýy 104 santimetr bolup, uçarmansyz howa ulaglarynyň baryp bilmeýän ýerlerine hem aralaşyp bilmek mümkinçiligine eýedir.

«Marvel» atly kinofilmiň super gahrymanlaryna meňzeş bu halas ediji robotyň haçan ulanylyşa çykaryljakdygy barada heniz takyk maglumatlar ýok.

Gölbaý GYLYJOW,
Türkmen oba hojalyk institutynyň mugallymy.
Beýleki habarlar