Sanly ulgam — kämilligiň wajyp şerti

10 Fewral 2022
1301

Islendik jemgyýetde döwletiň ösüşleri, ykdysadyýetiň durnuklylygy halkyň agzybirligine, bir başa sygynyp, polat ýaly mäkäm durup, her kimiň öz ornunda Watana wepaly gulluk etmegine baglydyr. Türkmen halkynyň Gahryman Arkadagymyzyň daşyna mäkäm jebisleşip, beýik geljegini gurýandygyny, il-ýurt bähbitli, umumadamzat ähmiýetli strategik özgertmeleriň, beýik işleriň durmuşa geçirilýändigini geçen sanlyja ýyllaryň taryhy sahypalary ähli aýdyňlygy bilen görkezdi.

Hormatly Prezidentimiziň alyp barýan strategik syýasatynyň netijesinde ýurdumyzda döwrebap halkara aragatnaşyk ulgamlar binýady has-da pugtalandyrylýar. Bu dünýä halklarynyň arasynda özara bähbitli hyzmatdaşlygy işjeňleşdirýär we giň gerimli durnukly ösüşlere tarap öňe alyp barýar.

Rahym HOMMAÝEW,
Türkmenistanyň «Türkmenbaşy» paýdarlar täjirçilik bankynyň howpsuzlyk bölüminiň baş hünärmeni.
Beýleki habarlar