"Türkmeniň ýüpek ýoly" gazeti

Esaslandyryjysy: "Türkmendemirýollary" agentligi
Salgysy: Aşgabat şäheri, Arçabil şaýoly 162-nji jaýy
Telefon belgileri: 94-27-68

Habarlar

TOMUS IÇIMLIGI

Tomus paslynda howanyň aşa gyzmagy netijesinde biziň geýnişimiz bilen birlikde iýmitleniş kadalarymyza hem birnäçe üýtgeşmeler girizilýär. Lukmanlaryň maslahat bermeklerine görä, tomus paslynyň yssy günlerinde suwy we suwuk önümleri ýeterlik mukdarda kabul etmelidir. Mälim bolşy ýaly, tomus pasly dürli görnüşli miwelere, ir-iýmişlere, gök önümlere baý pasyl. Şol sebäpli hem bu pasylda birnäçe işdäaçyjy içgileri taýýarlamaga mümkinçilik bar. Şeýle içgileriň biri-de narpyzly limonaddyr. Narpyzly limonad suwsuzlygyňy gandyryjy we serginlendiriji içgi bolup, düzümindäki narpyz içgä ýakymly tagam we hoşboý ys berýär. Bu içgini taýýarlamak örän ýönekeý we az wagty talap edýär. |Gerekli önümler:

Hormatly ildeşler!

Şahsy we jemgyýetçilik arassaçylyk tertip-düzgünlerini berjaý ediň. * * *

Şypahanalarymyzdaky döwrebap mümkinçilikler

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň şypahanalarynyň raýatlarymyza we dünýä ýurtlaryndan gelýän myhmanlara   hödürleýän kämil, döwrebap hyzmatlary Arkadagly Serdarymyzyň «Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!» diýen şygaryny dabaralandyrýar. Munuň şeýledigini tomus paslynda dynç alyşda bolýan ildeşlerimiziň ýurdumyzyň dürli künjeklerindäki şypahanalarda, syýahatçylyk maksatly ýerlerde wagtlaryny sapaly geçirýändikleri hakyndaky buýsançly gürrüňlerinden hem aýdyň görmek bolýar. Alym Arkadagymyz «Türkmenistan — melhemler mekany» atly eserinde: «Biziň ýurdumyzyň her bir welaýaty ajaýyp sagaldyş merkezlerine eýedir, olar ilatyň saglygynyň we uzak ömürliliginiň hatyrasyna hyzmat etmäge niýetlenendir» diýip, ýurdumyzyň şypahanalarynyň adam saglygyny berkitmekdäki ähmiýetini nygtaýar. 

Gün şöhlesiniň täsiri

Güneşe baý Diýarymyzda tomus pasly dowam edýär. Tomus — zähmet rugsatlarynyň, medeniýetli dynç alyşlaryň gyzgalaňly döwri. Hut şu nukdaýnazardan, Gün şöhlesiniň peýdasy we Gün urmasyndan goranmagyň usullary barada gürrüň bermegi makul bildik. Gün uranda, adamlaryň deri örtügi gyzaryp, guraksylanýar we ýadawlyk, kellagyry, baş aýlanma, mejalsyzlyk, aýaklarda agyry, kähalatlarda gaýtarmak, ýüregiň çalt urmasy, huşuňy ýitirmek, uka meýillilik, gulak şaňlamasy ýaly alamatlar ýüze çykýar. Şeýle-de ejir çekeniň bedeniniň gyzgyny ýokarlanýar.

Yssyda

✓ Günüň ýiti şöhlesiniň düşýän wagtynda daşary çykmakdan saklanmaly. Bu kiçi ýaşly çagalar we gartaşan adamlar üçin has-da möhümdir. ✓ Günde içiljek suwuň mukdary 2-3 litrden az bolmaly däldir.

Saglyga peýdaly maslahatlar

■ Sagdyn durmuş ýörelgesini berjaý etmeli, arassa agyz suwuny ýeterlik mukdarda içmeli. ■ Lukmanyň bellän bejergisini we berhiz saçaklaryny dogry berjaý etmeli. Gan basyşyny gözegçilikde saklamaly.

Sagdyn ösüşiň girewi

Sportuň ynsan saglygyna peýdasyny bir söz bilen beýan etmek mümkin däl. Haçan-da, adamlar işjeň hereketde bolsalar, özlerini has gujurly duýýarlar. Sportuň, aýratyn-da, çagalaryň sagdyn ösüşinde ähmiýeti örän uludyr. Çünki sport çagalaryň beden agzalarynyň berkemegine we çydamly bolmagyna ýardam edýär. Şeýle-de fiziki işjeňlik çaganyň akyl taýdan giň düşünjeli bolmagyna oňyn täsirini ýetirýär. Çagalaryň sagdyn ösüşi üçin olaryň köp wagtlaryny açyk meýdanda geçirmegi, ylgamagy, bökmegi, ýagny işjeň hereketli oýunlary köpräk oýnamagy gerekdir. Talabalaýyk hereketler bedeni berkidýär. Şeýle-de ol beýniniň kadaly ösüşi üçin peýdalydyr. Hünärmenler işjeň hereketde bolmagyň nerw öýjükleriniň ösüşine ýardam edýändigini, netijede, ýatkeşligi, pikirleniş ukybyny ösdürýändigini kesgitläpdirler.

Saglygymyzy goramak öz elimizde

Ýürek-damar keselleri her hili ýagdaýlara görä ýüze çykyp bilýär. Olar howply keselleriň hatarynda bolup, ondan goranmak her birimiziň öz elimizdedir. Ýürek-damar keselleriniň biri hem gipertoniýadyr. Ol artykmaç agram, çilim çekmek, zyýanly endikler, dartgynly ýagdaýlar, endokrin mäzleriniň işiniň bozulmagy, böwregüsti mäzleriň keselleri zerarly ýüze çykýar. Gipertoniýa alamatsyz döreýän, möwjeýän görnüşli kesel bolup, wagtyň geçmegi bilen, ýürek myşsalarynda, beýnide gaýrüzülmeleriň ýüze çykmagyna getirýär.

Bahasyz gymmatlyk

Sagdynlyk endiklerini berjaý etmek sagdyn ýaşaýşyň esasy şertleriniň biridir. Sagdynlyk endiklerini, arassaçylyk düzgünlerini berjaý etmek bizi birnäçe ýokanç kesellerden hem gorar. Sagdynlyk endiklerine eýermek üçin, ilki bilen, kadaly iýmitlenmek, doly ukyny almak we dartgynlykdan daşda durmak zerurdyr. Iýmitimize gök önümleri goşmaly. Her naharyň gapdaly bilen ter gök otlary we miweleri iýmekligi endik etmeli. Gök önümler we miweler ýokumlara baýdygy sebäpli olar diňe bir işdä açyjy bolman, eýsem, bedeniň kesellere garşy göreşijiligini hem artdyrýar. Ilki bilen bedenimizdäki suwuň deňagramlylygyny saklamak zerur bolup, günüň dowamynda ýeterlik mukdarda arassa suw içmeli. Howanyň aşa gyzmagy bilen bedenden köp mukdarda suwuklyk der arkaly bölünip çykýar. Fiziki hereketler bilen meşgullanýanlarda bolsa, bu has-da ýokary bolýar. Şol sebäpden yssy howada bedenimizi suw bilen üpjün etmek zerur hasaplanylýar.

Reňki Günden, tagamy toprakdan

Türkmen gawunlary diňe özüniň süýjüligi bilen tapawutlanman, eýsem, halk lukmançylygynda kän derdiň dermany hökmünde hem dünýä meşhurdyr. Meşhur tebip Lukman Hekim gawunyň deri üçin has-da peýdalydygyny belläp geçipdir. Ol ondan ýasalan melhemleriň derini arassalaýandygyny we nemlendirýändigini, hatda deridäki tegmilleri aýyrmakda-da ähmiýetlidigini aýdypdyr. Gadymy döwürlerde gawuny ganazlykda we babasyl kesellerini bejermekde giňden peýdalanypdyrlar. Şeýle-de gawuny iç ýumşadyjy serişde hökmünde hem-de iýmit siňdiriş ulgamynyň işini gowulandyrmakda ulanypdyrlar.

Lawr ýapragy barada

Lawr ýapragy iýmitdir bejergi maksatlarynda ulanylýan hoşboý ysly otlaryň iň gadymysydyr. Dürli maddalara baý bolan lawr ýapragynyň adam bedenine peýdasy örän uludyr. Ondaky antioksidantlar we sowuklama garşy göreşiji maddalar dürli keselleriň öňüni almakda hem-de bejermekde diýseň täsirlidir. Derä ýeten zeperleri tiz gutuldyryjy häsiýeti sebäpli ol kosmetiki maksatlarda-da giňden ulanylýar. Amerikan alymlarynyň geçiren barlaglary lawr ýapragynyň iýmit we dermanlyk içgi hökmünde ganyň düzümindäki insuliniň işjeňligini ýokarlandyrýandygyny görkezdi. Sebäbi bu ösümligiň düzüminde hrom köpdür. Insuliniň işjeňliginiň artmagynyň täsiri netijesinde-de ganyň düzümindäki süýjiniň derejesi pese gaçýar.

Sagdyn durmuş — eşretli ýaşaýyş

Çilimiň adam bedenine ýetirýän zyýany bimöçberdir. Gynansak-da, onuň tüssesinde saklanýan zyýanly maddalar diňe bir çilimkeşiň däl, eýsem, onuň bilen aragatnaşykda bolýan adamlaryň, maşgala agzalarynyň hem saglygyna ýaramaz täsir edýär. Muňa olaryň çilim çekilen jaýda uzak wagt bolmagy, tüsseli howadan dem almagy sebäp bolýar. Adam çilim çekende zäherli maddalaryň 20 — 25 göterim töweregi bedenine aralaşýar, galan bölegi howa ýaýraýar. Diňe bir çilimkeşiň özi däl-de, eýsem, onuň ýanynda bolup, çilimiň tüssesi ýaýran howadan dem almaga mejbur bolýan adamlar hem zäherlenýär. Şeýle ýagdaý «passiw çilimkeşlik» diýlip atlandyrylýar. Passiw çilimkeşlik, aýratyn hem, çagalar üçin howply bolup, bu ýagdaý uzak wagtlap dowam edende, olarda bronhial, demgysma bronhit ýaly keselleriň döremek we ösmek ähtimallygy ýokarlanýar. Bu zäherli önüm işdäňi kemeldip, iýmitiň siňmegini kynlaşdyrýar, aşgazan-içege ulgamynda ýaralaryň döremegine getirýär. Dowamly demgysma, üsgülewük, ýürek urgularynyň üýtgemegi, tahikardiýa (pulsuň ýygylaşmagy) ýaly näsazlyklaryň, bronhit, öýken sowuklama, infarkt, insult ýaly keselleriň döremegine, agyrlaşmagyna uly täsir edýär. Çilimiň tüssesindäki zäherli maddalar çilimkeşiň daşky keşbinde-de üýtgeşmeleriň ýüze çykmagyna getirýär: dişleri saralýar, owranyp dökülýär, dyrnaklar port, döwülegen bolýar, saçlary düşýär, tebigy öwüşgini ýitýär, derisi solgun reňke eýe bo

Köpetdagyň keramaty

«Eger gudrat göreý diýseň, daglara bar, daglara» diýleni-dä. Şol gudratlaryň biri hem Aşgabadyň 130 kilometr günbatarynda ýerleşýän «Arçman» şypahanasydyr. Şypahana bir asyrdan köpräk wagt bäri halkymyza hyzmat edip gelýär. Bu ýeriň ir döwürler hem gelim-gidimi az bolmandyr. Häzirki wagtda hem şypahananyň ýylyň ähli möwsüminde adamsyz wagty ýok. Tomus paslynyň gelmegi bilen Köpetdagy etekläp oturan «Arçman» şypahanasyna bolan isleg has-da ýokarlanýar. Rowaýatdan şu güne

Tomsuň çogly günlerinde

Tomus möwsüminde howanyň aşa gyzmagy netijesinde, Günüň ýiti şöhlesinden goranmak zerurlygy ýüze çykýar. Şeýle hem ýurdumyzda hereket edýän şahsy we jemgyýetçilik arassaçylyk düzgünlerini doly, dogry berjaý etmelidir. Gartaşan we dowamly keselleri bolan adamlar lukmanyň gözegçiliginde bolmaly. Kiçi ýaşly çagalara howanyň aşa gyzan mahalynda daşary çykmak maslahat berilmeýär. Möhüm zerurlyk bolmasa, irden sagat 9:00-dan öýlän howanyň salkynlaýan mahalyna — 18:00-a çenli daşary çykmazlyk, möwsüme görä açyk reňkli, nah matadan tikilen eşikleri geýinmek, Günüň şöhlesinden goranmak üçin kellä başgap geýmek, ýaglyk daňynmak, saýawan götermek, arassa agyz suwuny ýanyň bilen almak maslahat berilýär. Şeýle-de günüň dowamynda gerekli mukdarda — 2-2,5 litre çenli arassa agyz suwuny içmeli. Tomsuň yssy günlerinde açyk meýdanda işleýän adamlara möwsüme görä geýinmek maslahat berilýär. Tomus aýlarynda iýmit önümlerine has ünsli bolmaly. Gök-bakja önümlerini, miweleri, süýt we süýt önümlerini köpräk ulanmaly. Ýagly we ajy tagamlardan daşda bolmaly. Kakadylan et we balyk önümlerini, şöhlady iýmitiňizden aýyrmaly. Naharlar, esasan, gaýnadylan we buglanan görnüşinde taýýarlanylmalydyr.

Günurmadan nädip goranmaly?

Gün şöhlesi bedeniň gorag ulgamyny (immunitetini) pugtalandyrýar, gan aýlanyşyny gowulandyrýar, beden öýjüklerinde süňkler we dişler üçin peýdaly D witamininiň işlenilip çykarylmagyna itergi berýär. Şeýle-de bolsa, howanyň juda gyzýan wagtynda Günüň astynda durmagyň saglyga uly zyýan ýetirip biljekdigini hem unutmaly däldiris. Sebäbi Günüň ultramelewşe şöhlesi peýdaly bolsa-da, infragyzyl şöhlesi deriniň ýanmagyna, hatda onda howply täze döremeleriň emele gelmegine-de getirip bilýär. Munuň öňüni almak üçin käbir düzgünleri berjaý etmek maslahat berilýär: Tomusda irden sagat 9-dan soň, öýlän sagat 18-e çenli Günüň aşagynda köp durmak maslahat berilmeýär.

Il saglygy — ýurt baýlygy

Semizlik we onuň öňüniň alnyşy Semizlik adam bedeninde ýagyň çendenaşa köp ýygnanmagydyr. Semizlik adamyň diňe bir görküne däl-de, saglygyna-da zyýanlydyr.

Yssy howada özüňizi goraň!

Şu günler tomus paslynyň dowam edýän günlerinde howanyň aşa gyzmagy sebäpli saglyk ýagdaýymyza has ünsli bolmagymyz gerek. Lukmanlaryň aýtmagyna görä, yssy howada bedendäki suwuň deňagramlylygyny saklamak möhümdir. Köp mukdardaky suwuklygyň deriň üsti bilen bölünip çykmagy diňe bir bedeniň deňagramlylygyny bozman, eýsem, ganyň goýulaşmagyna we insult, infarkt keselleriniň döremegine-de sebäp bolup bilýär. Şonuň üçin tomsuna günüň dowamynda 2,5-3 litre golaý suw içmelidir. Günurma hadysalarynyň, döräp biläýjek möwsümleýin ýiti respirator ýokanç keselleriniň öňüni almak maksady bilen paslyň aýratynlyklaryna laýyklykda ýeňil, rahat, nah matadan tikilen açyk reňkli egin-eşikleri geýmek peýdalydyr. Yssy howada gyzyp gelip sowuk suwa düşmek, sowadyjynyň öňünde durmak, aşa sowuk içgileri içmek düýbünden gadagandyr.

Gaýnag suwy taýýarlamagyň düzgüni

Suwy gaba alanyňdan soň azyndan iki-üç sagatlap goýmaly. Şondan soň ony gaýnadyp bilersiňiz. Ozal bir gezek gaýnan suwy ikinji gezek gaýnadyp ulanmak maslahat berilmeýär.

Sagdynlyga çagyryş belentden ýaňlanýar

Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalarynyň netijesinde ösüşiň täze belentliklerini nazarlaýan ýurdumyzda halkymyzyň abadan, sagdyn, bolelin durmuşda ýaşamagy üçin giň möçberli işler amala aşyrylýar. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe eziz Diýarymyzda köpçülikleýin bedenterbiýäni has-da giň gerime eýe etmek, sporty ösdürmek, jemgyýetde, esasan hem, ýaş nesilleriň arasynda sagdyn durmuş ýörelgesini ornaşdyrmak, berk bedenli, sagdyn ruhly, ruhubelent ýaşlary terbiýeläp ýetişdirmek babatdaky işlere aýratyn uly üns berilýändigi guwandyrýan, buýsandyrýan ýagdaýdyr. Bu ugurda Gahryman Arkadagymyz tarapyndan binýady goýlan we bu günki gün Arkadagly Serdarymyz tarapyndan üstünlikli dowam etdirilýän işleriň netijesinde eziz Watanymyz sagdynlygyň hem-de ruhubelentligiň ýurduna öwrüldi. Häzirki ajaýyp zamanamyz sagdyn durmuş ýörelgesini jemgyýetimiziň ähli ulgamlaryna giňden ornaşdyrmagyň we her bir raýatyň bu asylly ýörelgä eýermegini gazanmagyň, türkmen sportunyň abraýyny has-da belende götermegiň döwri bolup dabaralanýar. Ähli ulgamlarda bolşy ýaly, ýurdumyzyň içeri işler edaralarynyň işgärleri hem sagdyn durmuş ýörelgesini jemgyýetimize has-da mäkäm ornaşdyrmak, raýatlaryň arasynda sporta we bedenterbiýä bolan söýgini artdyrmak boýunça birnäçe işleri alyp barýarlar. Geçirilýän wagyz-nesihat çäreleri şolaryň hatarynda mynasyp orun eýeleýär we olarda ýaşlara sagdyn

Baş baýlygyň goragynda

Ýurdumyzda köpçülikleýin bedenterbiýäni, sagdyn durmuş ýörelgesini jemgyýetimize giňden ornaşdyrmak, raýatlaryň, aýratyn hem, ýaş nesilleriň zyýanly endiklerden daşda durmaklaryny gazanmak babatda uly işler alnyp barylýar. Bu ugurda wagyz-nesihat çärelerini geçirmek hem ajaýyp zamanamyzda asylly däbe öwrüldi. Ýakynda Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň welaýat komiteti bilen welaýat kitaphanasynda geçiren çärämiz hem şolaryň hatarynda mynasyp orun aldy. «Sagdyn durmuş — sagdyn jemgyýet» ady bilen geçiren wagyz-nesihat çärämizde hormatly Prezidentimiziň temmäki önümleriniň, suw çiliminiň guralynyň we şiresiniň, elektron çilimiň bikanun ýollar bilen ýurdumyza getirilmegine, olaryň bikanun söwdasyna we ulanylmagyna garşy barlyşyksyz göreş alyp barmak barada beren tabşyryklaryndan ugur alnyp, bu babatda giňişleýin gürrüň edildi. Abadan jemgyýetimizde çilimkeşlik ýaly zyýanly endigi aradan aýyrmak boýunça anyk çäreleriň görülýändigi, şolara her bir raýatyň öz goşandyny goşmalydygy aýratyn nygtalyp, temmäki tüssesiniň adamyň saglygyna ýetirýän zyýanly täsiri barada anyk delillere salgylanylyp aýdyldy. Hormatly Belent Serkerdebaşymyzyň parasatly ýolbaşçylygynda bedenterbiýe, sport bilen meşgullanmak, sagdyn durmuş ýörelgesini hemra edinmek babatda ýurdumyzda giň mümkinçilikleriň döredilýändigi buýsanç bilen bellenildi. Halkyň saglygyny goramak, sagdyn durmuş ýörelgesiniň has-da row