Türkmen gawunlary diňe özüniň süýjüligi bilen tapawutlanman, eýsem, halk lukmançylygynda kän derdiň dermany hökmünde hem dünýä meşhurdyr. Meşhur tebip Lukman Hekim gawunyň deri üçin has-da peýdalydygyny belläp geçipdir. Ol ondan ýasalan melhemleriň derini arassalaýandygyny we nemlendirýändigini, hatda deridäki tegmilleri aýyrmakda-da ähmiýetlidigini aýdypdyr.
Gadymy döwürlerde gawuny ganazlykda we babasyl kesellerini bejermekde giňden peýdalanypdyrlar. Şeýle-de gawuny iç ýumşadyjy serişde hökmünde hem-de iýmit siňdiriş ulgamynyň işini gowulandyrmakda ulanypdyrlar.