Gün şöhlesiniň täsiri

3 Awgust 2023
361

Güneşe baý Diýarymyzda tomus pasly dowam edýär. Tomus — zähmet rugsatlarynyň, medeniýetli dynç alyşlaryň gyzgalaňly döwri. Hut şu nukdaýnazardan, Gün şöhlesiniň peýdasy we Gün urmasyndan goranmagyň usullary barada gürrüň bermegi makul bildik.

Gün uranda, adamlaryň deri örtügi gyzaryp, guraksylanýar we ýadawlyk, kellagyry, baş aýlanma, mejalsyzlyk, aýaklarda agyry, kähalatlarda gaýtarmak, ýüregiň çalt urmasy, huşuňy ýitirmek, uka meýillilik, gulak şaňlamasy ýaly alamatlar ýüze çykýar. Şeýle-de ejir çekeniň bedeniniň gyzgyny ýokarlanýar.

Begenç HANNYÝEW,
Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň mugallymy, lukmançylyk ylymlarynyň kandidaty.
Beýleki habarlar