Sagdyn ösüşiň girewi

2 Awgust 2023
852

Sportuň ynsan saglygyna peýdasyny bir söz bilen beýan etmek mümkin däl. Haçan-da, adamlar işjeň hereketde bolsalar, özlerini has gujurly duýýarlar. Sportuň, aýratyn-da, çagalaryň sagdyn ösüşinde ähmiýeti örän uludyr. Çünki sport çagalaryň beden agzalarynyň berkemegine we çydamly bolmagyna ýardam edýär. Şeýle-de fiziki işjeňlik çaganyň akyl taýdan giň düşünjeli bolmagyna oňyn täsirini ýetirýär.

Çagalaryň sagdyn ösüşi üçin olaryň köp wagtlaryny açyk meýdanda geçirmegi, ylgamagy, bökmegi, ýagny işjeň hereketli oýunlary köpräk oýnamagy gerekdir. Talabalaýyk hereketler bedeni berkidýär. Şeýle-de ol beýniniň kadaly ösüşi üçin peýdalydyr. Hünärmenler işjeň hereketde bolmagyň nerw öýjükleriniň ösüşine ýardam edýändigini, netijede, ýatkeşligi, pikirleniş ukybyny ösdürýändigini kesgitläpdirler.

Annamyrat AKYÝEW,
«Saglyk» žurnalynyň bölüm redaktory.
Beýleki habarlar