Bahasyz gymmatlyk

2 Awgust 2023
400

Sagdynlyk endiklerini berjaý etmek sagdyn ýaşaýşyň esasy şertleriniň biridir. Sagdynlyk endiklerini, arassaçylyk düzgünlerini berjaý etmek bizi birnäçe ýokanç kesellerden hem gorar. Sagdynlyk endiklerine eýermek üçin, ilki bilen, kadaly iýmitlenmek, doly ukyny almak we dartgynlykdan daşda durmak zerurdyr. Iýmitimize gök önümleri goşmaly. Her naharyň gapdaly bilen ter gök otlary we miweleri iýmekligi endik etmeli. Gök önümler we miweler ýokumlara baýdygy sebäpli olar diňe bir işdä açyjy bolman, eýsem, bedeniň kesellere garşy göreşijiligini hem artdyrýar.

Ilki bilen bedenimizdäki suwuň deňagramlylygyny saklamak zerur bolup, günüň dowamynda ýeterlik mukdarda arassa suw içmeli. Howanyň aşa gyzmagy bilen bedenden köp mukdarda suwuklyk der arkaly bölünip çykýar. Fiziki hereketler bilen meşgullanýanlarda bolsa, bu has-da ýokary bolýar. Şol sebäpden yssy howada bedenimizi suw bilen üpjün etmek zerur hasaplanylýar.

Janmyrat ÖWILÝAGULYÝEW,
welaýat psihonewrologiýa hassahanasynyň baş lukmanynyň bejeriş işleri boýunça orunbasary.
Beýleki habarlar