"Türkmeniň ýüpek ýoly" gazeti

Esaslandyryjysy: "Türkmendemirýollary" agentligi
Salgysy: Aşgabat şäheri, Arçabil şaýoly 162-nji jaýy
Telefon belgileri: 94-27-68

Habarlar

Şypahanalar

«7/24 tm» № 34 (169) 21.08.2023  «Sag­lyk» Döw­let mak­sat­na­ma­sy­ny we beý­le­ki giň ge­rim­li dur­muş-yk­dy­sa­dy mak­sat­na­ma­la­ry ama­la aşyr­ma­gyň çäk­le­rin­de, ýur­du­my­zyň paý­tag­tyn­da hem-de we­la­ýat­la­ryn­da luk­man­çy­lyk, şy­pa­ha­na-dynç alyş we sy­ýa­hat­çy­lyk ug­ru­na de­giş­li tä­ze dü­züm­ler gur­lup ula­nyl­ma­ga be­ril­ýär. Ahal we­la­ýa­ty­nyň çä­gin­de ýer­leş­ýän «Arç­man», «Ýy­ly suw», «Ba­ga­bat», Bal­kan we­la­ýa­tyn­da­ky «Mol­la­ga­ra» we «Awa­za», Da­şo­guz we­la­ýa­tyn­da­ky «Da­şo­guz», Le­bap we­la­ýa­tyn­da­ky «Fa­rap», Ma­ry we­la­ýa­tyn­da­ky «Baý­ra­ma­ly» hem-de Aş­ga­bat şä­he­rin­dä­ki «Ber­zeň­ňi» şy­pa­ha­na­la­ry ra­ýat­la­ryň sag­ly­gy­ny ber­kit­mek­de mö­hüm orun eýe­le­ýär.

Saglyga sygnyp ýaşa

Gün şöhlesinden goranalyň! Gök önümleri köpräk iýmäge çalyş.

Gün şöhlesinden goranmak

Tomus paslynda Günüň gyzmagy bilen adamlar öz saglygyna has-da eserdeň garamaly bolýarlar. Bu döwürde bedeniň gyzgynlygynyň ýokarlanmagy, dem alşyň kynlaşmagy ýaly ýagdaýlar ýüze çykýar. Şonuň üçin bu döwürde möwsümleýin keselleriň öňüni almak üçin peýdaly maslahatlara eýermek hökmandyr. Ilki bilen, şeýle ýagdaýda her bir adam bedenterbiýe we sport bilen yzygiderli meşgullanyp, arassa agyz suwuny ýeterlik mukdarda kabul etmelidir. Haýsydyr bir keseliň ilkinji alamatlary ýüze çykanda, özbaşdak derman serişdelerini ulanmazdan, hökman maşgala lukmanyna ýüz tutmalydyr. Kadaly iýmitlenmek tomus paslynda saglygy saklamagyň esasy düzgünleriniň biridir. Bu meselede gap-çanak saklanylýan we nahar bişirilýän ýerler arassa bolmalydyr. Tomus paslynda iýlip-içilýän zatlara iýmit zäherlenmeleriniň we ýiti içege ýokanç keselleriň öňüni almak nukdaýnazaryndan çemeleşmek dogrudyr. Iýmit önümlerine bildirilýän arassaçylyk talaplary dogry berjaý etmeli. Olary söwda merkezlerinden satyn almak hem-de öý şertlerinde talabalaýyk saklamak, görkezilen möhletine laýyklykda ulanmak hökmanydyr. Bu döwürde kakadylan şöhlat önümlerini ürç edip iýmekden saklanmalydyr.

Garramazlygyň syry

Adam garrasa-da, göwni garramaýar. Ýaşlyk ýyllarynyň arzuw-hyýallary, joşguny bilen ýaşaýar. Şol ýyllardaky güýç-kuwwatyna daýanmak isleýär. Ýöne tebigat öz hökümini ýöredýär, wagtyň geçmegi bilen, adamyň bedeni garramak bilen bolýar. Eýsem, bedeniň garramazlygynyň öňüni nädip almaly? Ilkinji nobatda, bedende garraýan öýjükleriň ýok edilmegi üçin göreşmeli. Munuň üçin ýaş bilen bagly keselleriň ýüze çykmagyna sebäp bolýan dowamly sowuklamadan, semizlikden goranmaly. Şeýle hem dogry iýmitlenmek, bedenterbiýe maşklaryny yzygiderli ýerine ýetirmek, alma, ýertudana, sogan ýaly önümleri köpräk iýmek, ortaça kaloriýaly, tebigy önümleri gündeki iýmitiňde ulanmak semizligiň öňüni almaga hem-de köne öýjükleriň ýok bolmagyna kömek edýär. Bu endigi gündelik durmuş kadasyna öwürýän adamyň ömrüniň 75 göterimi oňa baglydyr. Halkymyzda uzak ýaşamagyň dermany bilen bagly bir tymsal hem bar. Onda şeýle diýilýär:

Rahatlyk isleýärsiňizmi?

Käwagt adam fiziki ýa-da ruhy ýadawlykdanmy ýa-da aladalardanmy, rahatlygyny ýitirip, ynjalyksyzlanyp, gijelerine uklap bilmeýär. Bilermenleriň tekrarlamagyna görä, ukusyzlygyň ilkinji sebäpleriniň biri kadaly iýmitlenmezlik bolýar. Eger-de adam ýatmazyndan ozal, gerekli iýmitleri iýse, onda bedeniň öýjükleri güýç toplaýar we kuwwatlanýar. Bu bolsa rahat ýatmagy üpjün edýär. * * *

Magnit hadysalarynyň täsiri

Eýsem, bu hadysa nähili bolup geçýär? Ol adamyň saglygyna nähili täsir edýär? Magnit hadysasynyň täsirinden nädip goranmaly? Geomagnit hadysasy Ýeriň magnit meýdanynyň Gün ýylpyldamasynyň täsiri bilen tolgunmasydyr. Magnit meýdanynyň güýjemesi çalt we güýçli üýtgemelere sezewar bolýar. Netijede, magnit hadysasy döreýär.

BIR TEŇŇELI BATGAGÜL Болотница одночешуйная

Häsiýeti. Dag derman ösümligi. Bir teňňeli batgagül — ýylaklar maşgalasynyň adybir urugynyň boýy 10 — 35 (40) sm köpýyllyk otjumak wekili. Başy ýeke. Hemme ýapraklary ýan ýapraksyz. Baldagy, adatça, güýçli ulalan — stilopodiýaly, miwesinde saklanýar. Başy dykyz, köp başly şar görnüşli başjagaza ýygnanmadyk. Gülýany pytanak görnüşli ýa-da tüýjagazly, ýa-da käte ýok. Başy saýawan görnüşli, sübseli ýa-da başjagaz gül çogdamly. Kindiwanja teňňejigi we güli başda towlamly birnäçe hatarda ýerleşýär. Başy ýasy däl, kese kesimde togalak, seýrek başjagazy iki hatarly. Güli iki jynsly, gülýanly, pytanakly ýa-da gülýansyz. Güli kindiwanja teňňejiginiň goltugynda ýerleşýär.

Şamar gara saçlaryň

Zenanlara özboluşly, aýratyn gelşik berýän zat onuň saçydyr. Elbetde, tebigy reňki, sagdyn öwüşgini bilen owsun atyp duran saçyň gelşigi başga. Eýsem, saça gündelik durmuşda nähili ideg etmeli? Ene-mamalarymyz saçy hepdede bir gezek ýuwmak ýeterlik diýýärler. Hünärmenler hem muny dogry hasaplaýarlar. Sebäbi saç aşa köp ýuwlanda, saçyň esasyny düzýän we reňkini emele getirýän korteks maddasy düzümini ýitirip, saçyň düşmegine we döwülmegine getirýär. Gury saç berk bolsa-da, çyglylyk onuň güýjüni alýar. Emma saçyň görnüşine görä, saçy her bäş günden hem ýuwmak bolar.

Deňiz kenaryndaky şypahana merjeni

Gahryman Arkadagymyzyň ýolbaşçylygynda amala aşyrylan ägirt uly özgertmeler halkymyz üçin mynasyp durmuş şertlerini döretmäge gönükdirildi. Peder ýoluny üstünlikli dowam etdirýän Arkadagly Serdarymyzyň baştutanlygynda häzirki wagtda hem raýatlaryň beden saglygyny, ruhy taýdan kämilligini üpjün etmek, olaryň sagdyn durmuş ýörelgesine eýermeklerini gazanmak döwlet derejesindäki baş wezipeleriň hatarynda durýar. Watandaşlarymyzyň sagdyn hem-de ruhubelent ýaşamagy, işlemegi we sapaly dynç almagy babatda döredilýän şertler «Döwlet adam üçindir!» diýen ynsanperwer ýörelgäniň dabaralanmasydyr. Bu buýsançly hakykata ýurdumyzyň günbatar sebitinde üstünlikli amala aşyrylan we mynasyp dowamat tapýan beýik işlere nazar aýlanyňda hem aýdyň göz ýetirýärsiň. Öňden hereket edýän bölümleriniň durky düýpli täzelenen, türkmen tebigatynyň täsin gudratlarynyň biri hökmünde tutuş dünýäde ykrar edilýän «Mollagara», häzirki zaman ülňülerine kybap derejede gurlan «Awaza» şypahanalarynda merdana hem agzybir halkymyza döwrebap hyzmat edilýär. Ady agzalan şypahanalaryň maddy-enjamlaýyn binýadynyň berkden tutulmagy watandaşlarymyzyň we bu ýerlere gelýän daşary ýurtlularyň sapaly dynç alşa hem-de şypahana bejergisine bolan zerurlyklaryny doly kanagatlandyrýar. Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynyň häzirki günlerinde bolsa «Awaza» şypahanasynda alnyp barylýan işler has-da gyzgalaňly häsiýete

Zirkiň peýdasy

Gahryman Arkadagymyzyň «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly köp jiltli ylmy-ensiklopedik kitabynda beýan edilýän bu ösümligiň diňe miwesi däl, eýsem, agajynyň gabygy, ýapraklary, köki hem dürli derdiň dermanydyr. Ösümligiň miwesiniň düzüminde C, E witaminleri, alma, limon turşulyklary, efir ýaglary we başga-da adam bedeni üçin peýdaly ýokumlar saklanýar. Zirk agajy maý-iýun aýlarynda gülleýär we sentýabr-oktýabr aýlarynda miweleri bişýär. Zirkiň miwesinden bal, şerbet taýýarlanylýar. Onuň gabygy bilen ýapragyndan ýüň we deri boýamak üçin reňk alynýar. Zirkiň ynsan saglygy üçin peýdaly taraplary şulardan ybarat: — gyzgyny peseldýär;

Lukman Arkadagymyzyň saglyk taglymaty

Saglyk adama berlen iň uly gymmatlyklaryň biridir. Ony gorap saklamak, berkitmek her birimiziň borjumyzdyr. Hut şoňa görä-de, ata Watanymyzda halkymyzyň saglygy baradaky alada ileri tutulýan döwlet wezipeleriniň derejesine çykaryldy. Soňky ýyllarda saglygy goraýyş ulgamynyň milli nusgasynyň döredilmegi bu wezipäniň üstünlikli çözülýändiginiň aýdyň subutnamasydyr. Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň baştutanlygynda işlenip taýýarlanylan hem-de hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow tarapyndan üstünlikli dowam etdirilýän «Saglyk» Döwlet maksatnamasyna laýyklykda, bu ulgamy mundan beýläk-de ösdürmek boýunça toplumlaýyn çäreler görülýär.

Köpugurly hassahana

Arkadag şäheri halkyň saglygy baradaky çynlakaý tagallalaryň belent nusgasyny özünde jemleýär. Şäherde gurlup ulanmaga berlen birnäçe saglyk binalarynyň içinde 350 orunlyk döwrebap köpugurly hassahanasy hem halkyň saglygyny berkitmek, ýokary hilli saglygy goraýyş hyzmatlaryny ýerine ýetirmek babatdaky aladanyň aýdyň mysalydyr. Hassahana ýokary derejeli we köptaraplaýyn lukmançylyk kömegini bermek üçin niýetlenip, bu ýerde 37 bölüm hereket edýär. Hassahananyň keseli anyklaýyş we maslahat beriş bölümi, terapewt, hirurg, oftalmolog, gulak-burun-bokurdak, urolog, trawmatolog, stomatolog, newropatolog, endokrinolog, pulmonolog, neýrohirurg, surdolog, angiohirurg lukmanlary ýaly inçe hünärmenleriň otaglaryndan ybaratdyr. Barlaghana bölüminde klinik barlaghana, biohimiýa, baktereologiýa otaglary bolup, häzirki zaman lukmançylykda ýerine ýetirilýän barlaglaryň döwrebap görnüşlerini geçirmeklige uly mümkinçilikleri döredýär. Bu ýerdäki operasiýa zallarynda ornaşdyrylan dünýäniň öňdebaryjy önüm öndürijileriniň, kämil lukmançylyk enjamlary köpugurly, çylşyrymly operasiýalary geçirmäge we operasiýadan soňky gaýraüzülmeleriň derejesini peseltmäge ýardam berýär.

Adaty üzüm

— Üzüm öt haltasynyň kesellerine haýyrly. Ondan sykylyp alnan şiresi içgeçmäni we gusmany aýyrmakda iň oňat serişdedir. — Sykylyp alnan üzüm şiresine narpyz ýa-da burç garyp içmek ýürek bulanmany dessine kesýär.

Derde derman şypahanalar

Jemgyýetimizde sagdyn ýaşaýşy üpjün etmek, ynsan saglygyny gorap saklamak döwlet Baştutanymyzyň durmuş syýasatynyň esasyny düzýär. Geçen sanlyja ýyllarda Gahryman Arkadagymyzyň taýsyz tagallasy bilen ýurdumyzyň jana şypaly tebigy çeşmelere we melhem serişdelere baý bolan welaýatlarynda döwrebap şypahanalar, sagaldyş we dynç alyş ulgamynyň tutuş toplumlary döredildi. Häzirki wagtda ýurdumyzda «Mollagara», «Berzeňňi», «Daşoguz», «Baýramaly», «Farap», «Arçman» şypahanalary we beýleki sagaldyş-bejeriş merkezleri halkymyza döwrebap hyzmat edýär. Köpetdagyň eteginde deňiz derejesinden 157 metr belentlikde ýerleşýän «Arçman» şypahanasynda 2009-njy ýylda Gahryman Arkadagymyzyň gatnaşmagynda dört gatly täze bina açylyp, halkymyzyň hyzmatyna berildi. Häzirki wagtda «Arçman» dünýä ülňülerine laýyk gelýän 920 orunlyk şypahana öwrüldi. «Arçman» şypahanasynda bejergi we dynç almak üçin ähli şertler döredilendir. Gahryman Arkadagymyzyň «Türkmenistan — melhemler mekany» atly kitabynda nygtaýşy ýaly, Arçman çeşmesi has-da täsirli bolup durýar we beýleki ýerlerden suwunyň himiki düzümi boýunça tapawutlanýar. «Arçman» şypahanasy aşgazan-içege, bagyr, öt çykaryjy ýollary, daýanç-hereket synalary, nerw ulgamy bejermekde meşhurlyk gazanandyr. Şypahananyň bejeriş suwy hiliniň düzümi boýunça özüniň düzüminde kükürdi, hlory, gidrokarbonatlary, natrini, kalsini we magnini saklaýan suwlar toparyna degişl

Öňüni alyş çäreleri

Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ynsan saglygyny goramak, keselleriň öňüni almak, anyklamak, bejermek we saglygy dikeltmek boýunça giň gerimli işler alnyp barylýar. Ýurdumyzyň ähli sebitlerinde gurlup, ulanylmaga berlen, halkara ölçeglerine laýyk gelýän sport toplumlarynyň, stadionlaryň, bedenterbiýe-sagaldyş hem-de atçylyk sport toplumlarynyň halkyň hyzmatyndadygy buýsanç bilen bellärliklidir. Sagdyn durmuş ýörelgeleri adamyň saglygyny gorap, uzak ýaşamagyny üpjün etmegiň zerur bolan ygtybarly usuly hasap edilýär. Ýurdumyzda ynsan saglygyny goramak babatynda yzygiderli geçirilýän wagyz-nesihat çäreleri hem sagdyn jemgyýeti gurmaga gönükdirilendir. Welaýatymyzyň dürli künjeklerinde hassahanamyzyň lukmanlarynyň guramagynda hem şeýle çäreleriň giň toplumy yzygiderli geçirilip, olarda keselleri irki döwürde anyklamak we degişli bejergileri almak dogrusynda degerli maslahatlar berilýär.

Gök önümler — jana melhem

Lukman maslahat berýär Bereketli türkmen saçagymyzda naz-nygmatlar bol bolup, olardan gaplanan önümleri zenanlarymyz öý şertinde taýýarlaýarlar. Gaplanan önümler açylanda tagamyna, çüýşedäki önümiň durulygyna, saklanyş şertine ünsli bolmaly. Eger-de gaplanan önümiň düzümi sähelçe-de üýtgän ýagdaýynda ony ulanmakdan saklanmaly. Ol dürli kesellere, esasan hem, iýmit zäherlenmesine we botulizm keseline getirip bilýär. Duzlanyp gaplanan hyýar adam bedenindäki duzuň mukdaryny ýokarlandyryp onuň netijesinde-de arterial gan basyşynyň ýokarlanmagyna we böwreklere nefrotoksik täsirini ýetirip, bedende çişleriň ýüze çykmagyna getirýär. Çüýşä gaplanan burçlar aşa köp iýlende aşgazan-içege kesellerine hem-de babasyl keseline getirip bilýär. Sarymsak adam üçin örän peýdaly, bedende immun ulgamyny ýokarlandyrýar we arterial gan basyşy pes adamlaryň gan basyşyny ýokarlandyryp bilýär. Çüýşä gaplanan önümler işdä has-da ýakyn bolup, gereginden artyk iýlen ýagdaýynda bedende dürli keselleriň ýüze çykmagyna sebäp bolýar.

Sergin şypahana syýahat

Adama saglygy ähli zatdan ileri. Gözüňe söweýin, Diýarymyzyň ähli künjegi özüniň tebigaty bilen jana şypalydyr. Kesewini dürtseň gögerýän bu topragyň täsinligi hakynda näçe gürrüň etseň edibermeli. Dag ýerinde dagy, düz ýerinde düzi, ajaýyp sährasy, mawy deňzi bar bolan ata Watanymyzyň gözel künjekleri hakynda gürrüň gozgalsa, olary sanamaga iki eliň barmaklary-da azlyk edýär. Geliň, onda şu çaklaňja ýazgymyzyň üsti bilen hyýalymyzda «Awaza» şypahanasyna syýahat edeliň! Gojaman Hazaryň kenaryndan uzakda bolmadyk şypahananyň binasyna gözüň düşer welin, birsellem diňşirgenersiň: «Çyndanam men geldimmi?» diýip. Munuň gury bir söz owadanlama däldigine, şypahana gelip, özleriniň saglygyny berkidenler bilýändir. Aslynda-ha, bir zada ynanmak üçin, ony diňe görmek bilen çäklenmeli däl. Ol baradaky gürrüňlere-de diň salmaly. Awazada dynç almak isleýänleriň sany möwsüm geçdigi saýy artyp gidip otyr. Gepiň külesi, mähellesi ýetik. Şeýle jenneti mekanyň goýnunda saglygyňy dikeltmek, deňiz howasyndan dem almak ýaly ajaýyplygyň bar bolan ýeridir, Awaza! Bu ýagdaý diňe bir türkmenistanlylaryň ünsüni özüne çekmän, eýsem, dünýä jahankeşdeleriniň hem üns merkezinde. Mahlasy, howasyndan başlap tä, onuň Günden gelýän şöhlesine çenli jana şypaly diýde goýaý! Hawa, bu ýerdäki myhmanhanalardyr sport meýdançalary, kottejleri diýjekmi... elgaraz, sanasaň sanabermeli. Gowulyklary sanamaga

Tomus paslynda möwsümleýin keselleriň öňüni almak üçin peýdaly maslahatlar

Saglyk — başymyzyň täji

Zyýanly endikler adamy ömrüniň dowamynda öz mümkinçiliklerinden doly peýdalanmagyny çäklendirýär. Adamyň ýaş wagtynda gazanan we gutulyp bilmeýän erbet endikleri has howpludyr. Şeýle endikler adama çynlakaý zyýan ýetirýär — durmuşa höwesini we hyjuwyny ýitirmäge, bedeniniň wagtyndan öň garramagyna, dürli keselleriň döremegine eltýär. Olara çilim çekmek, spirtli içgiler, neşe serişdeleri, zäherli we psihotrop maddalary ulanmak degişlidir. Islendik temmäki önümlerini ulanmak aýratyn howply bolup durýar. Sebäbi bu hadysanyň zyýany diňe bir çilimkeşiň özüne däl, eýsem, ýakynlaryna-da täsir edýär.

Il saglygy — ýurt baýlygy

Baş aladamyz Iýýän iýmitleriňiziň kada laýyk bolmagy biziň saglygymyzyň berk bolmagynda esasy orny eýeleýär. Çünki, witaminlere baý bolan iýmitleri iýmek biziň saglygymyz üçin örän peýdalydyr. Şeýle iýmitlere bagyr, balyk we ýumurtga, gök önümler degişlidir. Bu agzalan iýmitlerde adam saglygy üçin zerur bolan kalsiý, demir, ýod, mis ýaly minerallar bar.