Sergin şypahana syýahat

16 Awgust 2023
367

Adama saglygy ähli zatdan ileri. Gözüňe söweýin, Diýarymyzyň ähli künjegi özüniň tebigaty bilen jana şypalydyr. Kesewini dürtseň gögerýän bu topragyň täsinligi hakynda näçe gürrüň etseň edibermeli. Dag ýerinde dagy, düz ýerinde düzi, ajaýyp sährasy, mawy deňzi bar bolan ata Watanymyzyň gözel künjekleri hakynda gürrüň gozgalsa, olary sanamaga iki eliň barmaklary-da azlyk edýär. Geliň, onda şu çaklaňja ýazgymyzyň üsti bilen hyýalymyzda «Awaza» şypahanasyna syýahat edeliň!

Gojaman Hazaryň kenaryndan uzakda bolmadyk şypahananyň binasyna gözüň düşer welin, birsellem diňşirgenersiň: «Çyndanam men geldimmi?» diýip. Munuň gury bir söz owadanlama däldigine, şypahana gelip, özleriniň saglygyny berkidenler bilýändir. Aslynda-ha, bir zada ynanmak üçin, ony diňe görmek bilen çäklenmeli däl. Ol baradaky gürrüňlere-de diň salmaly. Awazada dynç almak isleýänleriň sany möwsüm geçdigi saýy artyp gidip otyr. Gepiň külesi, mähellesi ýetik. Şeýle jenneti mekanyň goýnunda saglygyňy dikeltmek, deňiz howasyndan dem almak ýaly ajaýyplygyň bar bolan ýeridir, Awaza! Bu ýagdaý diňe bir türkmenistanlylaryň ünsüni özüne çekmän, eýsem, dünýä jahankeşdeleriniň hem üns merkezinde. Mahlasy, howasyndan başlap tä, onuň Günden gelýän şöhlesine çenli jana şypaly diýde goýaý! Hawa, bu ýerdäki myhmanhanalardyr sport meýdançalary, kottejleri diýjekmi... elgaraz, sanasaň sanabermeli. Gowulyklary sanamagam sogapmyş diýýär, türkmen. Ýokarda agzanlarymyz bu ýere gelýän myhmanlaryň wagtlaryny manyly geçirmekleri üçin niýetlenendir. Ünsüňizi başga zada gönükdirmäge çemeleşeýin. Has dogrusy, «Awaza» şypahanasyna! Aslynda-ha, saglygy dikeltmek babatynda ýurdumyzdaky şypahanalaryň belli bir bahasy, gadyr-hümmeti ýokdur. Ynsanyýetiň aňynda keseli bejereniňden, onuň öňüni alanyň ýagşy diýen düşünje ezelden ýaşap gelýär. Çünki saglyk — ynsanyň başynyň täji. Ol ynsan ömrüniň bahasyna ýetip bolmajak baýlygydyr.

Begenç ANNAÝEW,
Türkmen döwlet medeniýet institutynyň talyby, «Esger».
Beýleki habarlar