Lukman Arkadagymyzyň saglyk taglymaty

16 Awgust 2023
441

Saglyk adama berlen iň uly gymmatlyklaryň biridir. Ony gorap saklamak, berkitmek her birimiziň borjumyzdyr. Hut şoňa görä-de, ata Watanymyzda halkymyzyň saglygy baradaky alada ileri tutulýan döwlet wezipeleriniň derejesine çykaryldy. Soňky ýyllarda saglygy goraýyş ulgamynyň milli nusgasynyň döredilmegi bu wezipäniň üstünlikli çözülýändiginiň aýdyň subutnamasydyr.

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň baştutanlygynda işlenip taýýarlanylan hem-de hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow tarapyndan üstünlikli dowam etdirilýän «Saglyk» Döwlet maksatnamasyna laýyklykda, bu ulgamy mundan beýläk-de ösdürmek boýunça toplumlaýyn çäreler görülýär.

Ogulmähri GELDIÝEWA,
Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Saglygy goraýşyň habarlar merkeziniň direktory.
Beýleki habarlar