Saglyk — başymyzyň täji

16 Awgust 2023
511

Zyýanly endikler adamy ömrüniň dowamynda öz mümkinçiliklerinden doly peýdalanmagyny çäklendirýär. Adamyň ýaş wagtynda gazanan we gutulyp bilmeýän erbet endikleri has howpludyr. Şeýle endikler adama çynlakaý zyýan ýetirýär — durmuşa höwesini we hyjuwyny ýitirmäge, bedeniniň wagtyndan öň garramagyna, dürli keselleriň döremegine eltýär. Olara çilim çekmek, spirtli içgiler, neşe serişdeleri, zäherli we psihotrop maddalary ulanmak degişlidir.

Islendik temmäki önümlerini ulanmak aýratyn howply bolup durýar. Sebäbi bu hadysanyň zyýany diňe bir çilimkeşiň özüne däl, eýsem, ýakynlaryna-da täsir edýär.

Gurban MÄMMEDOW,
Aşgabat şäher hassahanasynyň lukmany.
Beýleki habarlar