Netijeli göreş ýeňiş getirýär

7 Noýabr 2023
529

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda saglygy goraýyş ulgamyny düýpli ösdürmekde we dünýä derejesine çykarmakda «Saglyk» Döwlet maksatnamasy uly ähmiýete eýe bolýar. Şunda wirusly gepatitleriň öňüni almak ugrundaky çärelere-de uly orun degişlidir.

Wirusly gepatitleriň öňüni almak boýunça çäreler Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň 2012-nji ýylda çykaran, ýurdumyzda wirusly gepatitleriň öňüni almak baradaky buýrugy we 2018-nji ýylda tassyklanan «Türkmenistanda 2019 — 2030-njy ýyllar aralygynda wirusly gepatitlere geçirilýän gözegçiligi güýçlendirmek boýunça Strategik meýilnama» esasynda amala aşyrylýar. Bu meýilnama Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasynyň resminamalary, ýagny «2016 — 2021-nji ýyllarda wirusly gepatitler boýunça saglygy goraýyş ugrunda Ählumumy strategiýanyň» we «Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasynyň Ýewropa sebitinde wirusly gepatitlere garşy göreşmek boýunça saglygy goraýyş ugrunda Iş meýilnamasynyň» maksatlary hem-de wezipeleri esasynda BSGG-niň bilermenleriniň ýardam bermeginde taýýarlanyldy. Türkmenistan Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasynyň ähli agza ýurtlary bilen bir hatarda, bu halkara resminamalary we olaryň maksatlaryny, şol sanda wirusly gepatitler boýunça Ählumumy strategiýany — jemgyýetçilik saglygyna howp salýan wirusly gepatitleriň 2030-njy ýyla çenli eliminasiýa ýagdaýyny gazanmak maksadyny goldap çykyş etdi.

Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Döwlet arassaçylyk we keselleriň ýaýramagyna garşy göreşmek gullugy.
Beýleki habarlar