"Türkmenistanyň Prezidentiniň Metbugat çapary" gazeti

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-61-09, 38-61-11, 38-61-12
Email: metbugatchapary-gazeti@online.tm

Habarlar

Ylym­da mö­hüm ugur­lar

Ylym-bi­lim ders­le­ri ta­rap­lar, umu­man, bir­nä­çe iri to­par­la­ra — tebigy, ta­kyk, teh­ni­ki we yn­san­per­wer ýa­ly ugur­la­ra bö­lün­ýär. Bu­lar köp ha­lat­da bi­rek-bi­re­gi bi­len-de gö­ni, ýa-da gy­tak­la­ýyn, na­za­ry hem-de ama­ly taý­dan ara­bag­la­ny­şyk­ly­dyr, aý­ra­tyn-da ylym-bi­lim­de, dür­li gör­nüş­li önüm­çi­lik­de we şu­ňa meň­zeş pu­dak­la­r­da şeý­le bol­ýan­dyr. Şol se­bäp­den hem ant­ro­po­lo­gi­ýa­nyň özi-de (ant­rop adal­ga­sy grek­çe adam, lo­gos bu ýer­de ylym-bi­lim ma­ny­syn­da) yn­sa­nyň, adam­za­dyň te­bi­ga­ty­ny öw­ren­ýän ylym-bi­lim der­si hök­mün­de bo­lan­dy­gy­na ga­ra­maz­dan di­ňe bio­lo­gi­ýa de­giş­li däl­dir. Bu jäht­den hem ýo­kar­da bel­le­nen ug­ruň ta­ryh ylym-bi­lim ders­le­ri, öz­baş­dak orun­ly iri bö­lü­m bo­lan ar­heo­lo­gi­ýa bi­len mä­käm ara­bag­la­ny­şy­gy­nyň bar­dy­gy­ny aýt­sa bo­lar. Mu­nuň şeý­le­di­gi­ni ant­ro­po­lo­gi­ýa yl­my­nyň dü­zü­min­dä­ki bir­nä­çe bö­lüm­le­r hem örän oňat gör­kez­ýär. Mu­ňa paliolit döwründe (Ga­dy­my daş asyr za­man­ynda) ýa­şan yn­san­la­ry öw­ren­ýän pa­leoant­ro­po­lo­gi­ýa, ant­ro­po­ge­nez [yn­sa­nyň, adam­za­dyň dö­reý­şi­ni öw­ren­ýän bö­lüm] hem-de soň ta­ry­hy ant­ro­po­lo­gi­ýa ýa­ly bö­lüm­le­ri my­sal­dyr. Bu­la­ry ta­ryh­syz, ar­heo­lo­gi­ýa­syz öw­ren­mek müm­kin däl­dir. Adam­zat geç­mi­şi­ne de­giş­li dür­li te­bi­gy, mad­dy-me­de­ni des­ga­la­ry we şu­ňa meň­zeş­le

Nebitiň çykarylyşyny artdyrmagyň netijeli usuly

Önümli gatlaklaryň nebit berijiligini artdyrmak üçin täze tehnologiýalary ulanmak wajyp meseleleriň biri bolup durýar. Guýularyň önümli gatlaklarynyň deňinde durýan düýpýan zolagyny misellýar erginleri bilen işläp taýýarlamak hem täzeçil usullara degişlidir. Önümiň suwlulygy 20%-den köp bolanda, guýa nasos-kompressor turba (NKT) sütüniniň ujuny guýy süzgüjiniň aşaky deşiklerine çenli goýberýärler. Guýynyň ýanynda goýlan çelekde nebit sulfonaty-karpatolyň 5%-ini suwa garyp, gatlagyň galyňlygynyň her 1 metrine 0,5 — 1,0 m3 hasabynda misellýar ergin taýýarlanylýar. Soňra göwrümi 20 m3 gapda garyndynyň her 1 m3 mukdaryna 8%-li poliakrilamidiň 63 litrini, 33%-li formaliniň 3,3 litrini, karpatolyň

Ylmy täzeçillik jahana şugla saçýar

Türkmenistanyň PrezidentiSerdar Berdimuhamedow: — Innowasion tehnologiýalary ornaşdyrmak arkaly tebigy gazy gaýtadan işläp, ýokary hilli önümleri öndürip, uglewodorod serişdelerini dünýä bazarlaryna dürli ugurlar boýunça çykarmak babatda alnyp barylýan işler örän guwandyryjydyr.

Ähli döwürleriň we halklaryň beýik alymy

Fizikanyň taryhy beýik şahsyýetlere baýdyr. Şolaryň biri iňlis fizigi we matematigi Isaak Nýutondyr. Isaak Nýuton 1643-nji ýylyň 4-nji ýanwarynda Angliýanyň Linkolnşir graflygynyň Wulstorp obasynda fermeriň maşgalasynda dogulýar. Heniz dünýä inmänkä kakasynyň aradan çykandygy zerarly ol 12 ýaşyna çenli enesiniň terbiýesini alýar. Ylym bilen çagalygyndan meşgullanyp ugraýar. Çaga mahalynda suw bilen işleýän sagady oýlap tapýar. Ony öýündäkiler hezil edip ulanýarlar. Ol ýaşlygyndan örän okumyş bolupdyr, hatda bütin gününi kitaba sarp edendigi sebäpli ýekeje dosty hem bolmandyr. Ýöne bütin dünýä ony özüniň döwürdeşleriniň içinde, hatda, olaryň iň beýikleriniň içinde hem, has beýigi, ähli döwürleriň we halklaryň beýik alymy hökmünde ykrar edýär. Hatda ylym heniz görlüp-eşidilmedik has uly derejelere ýetende hem Nýutonyň işleriniň ähmiýetiniň kemelmejekdigini tassyklaýarlar. Nýuton häzirkizaman ylmy taglymaty esaslandyryjylaryň biridir, nusgawy mehanikanyň atasydyr. Nýuton ylmy işine matematikadan (hatarlar nazaryýeti) we serpikdiriji teleskopy oýlap tapmakdan başlaýar. Serpikdiriji teleskop Nýutona 1668-nji ýylda uly abraý getirýär. Bu teleskopyň uzynlygy bary-ýogy 15 santimetr bolupdyr. Şol döwrüň teleskoplarynyň uzynlyklary 10 metre ýetýär eken. Nýuton 1671-nji ýylda uly ölçegli we öňküden has gowy hilli teleskopy ýasaýar. Alymyň esasy we möhüm üstünligi mehanikadadyr. Ol güýçler

Täze kafedra maksadyna tarap

Institutymyzda ÝUNESKO kafedrasynyň işläp başlamagy mugallymlarymyzdyr talyplaryň oňyn maksat edinen ugruna bolan gyzyklanmasyny has-da artdyrdy. Mälim bolşy ýaly, täze kafedra ilkinji maksady hökmünde «Durnukly ösüş üçin ekologiýa bilimi» atly ugry saýlap aldy. Şu günler talyp ýaşlar halypa mugallymlarymyzyň ýolbaşçylygynda agzalan ugur boýunça ylmy gözleglerini güýçlendirdiler. Bu gözlegleriň binýadynda bolsa institutyň alymlary tarapyndan ozal geçirilen gözlegler durandyr. Şunda daşary ýurtlaryň ÝUNESKO kafedralary bolan ýokary okuw mekdepleri bilen hyzmatdaşlyk hem özüniň oňyn miwesini berýär.

Hünär rysgal-berekediň egsilmez çeşmesi

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda bilim ulgamynda alnyp barylýan işleri döwrebap ösdürip, öz milli köklerimiz esasynda guramak, ösüp gelýän ýaş nesli ata-babalarymyzyň göreldesinde terbiýelemek mugallymlaryň öňündäki esasy wezipeleriň biri bolup durýar. Watanymyzyň kuwwatly geljegi bolan türkmen ýaşlarynyň ýokary hilli bilim almaklary, öz ukyp-başarnyklaryny açyp görkezmekleri, hünär ussatlygyny ele alyp, üstünlikleri gazanmaklary, döredijilikli zähmet çekmekleri, kämilleşmekleri üçin ýurdumyzda giň mümkinçilikler döredilendir. Jemgyýetiň we döwletiň iň ýokary gymmatlygy bolan adamyň bahasyna ýetip bolmajak baýlygy ylym-bilimdir. Şeýle baýlygyň eýesi bolup bilen halk bolsa, jemgyýeti yzygiderli kämilleşdirmäge, döwleti kuwwatlandyrmaga ukyplydyr. Ylmyň ösmegi bilim kämilligine baglydyr. Bilim bolsa ýaş nesliň sowatlylyk ýolundaky ilkinji ädimleriniň biridir. Ynsan bilimiň ilkinji şinelerini maşgalada, çagalar bagynda, mekdepde öwrenýär. Çaganyň kämil adam bolup ýetişmeginde maşgalanyň, mekdebiň, mugallymyň, halypanyň orny örän uludyr. Ynsanyň ynamly dosty onuň sowatlylygydyr. Magtymguly Pyragynyň: “Alymlara uýsaň açylar gözüň” diýen goşgy setiriniň many-mazmuny has-da özüne çekijidir. Dana şahyryň bu paýhasly setiri ylym-bilimiň ynsanyň giň gözýetimli bolmagyndaky orny barada beýan edýär. Halkymy

Bagtyýar ýaşlar nurana geljegimizdir

Hormatly Prezidentimiziň ylym-bilimi ösdürmek babatdaky taýsyz tagallalary netijesinde Watanymyzyň geljegi bolan ýaşlaryň ylym-bilimli, sagdyn bedenli, giň dünýägaraýyşly bolmagy, häzirki zaman tehnologiýalaryndan baş çykarýan, täze hünärleri ele alyp, döwrebap hünärmenler bolup ýetişmekleri üçin ähli mümkinçilikler döredilýär. Jemgyýetimiziň öňe gitmeginde, döwletimiziň mundan beýläk-de gülläp ösmeginde öz işine ussat hünärmenler dürli ugurlar boýunça taýýarlanylýar. Hut şu nukdaýnazardan ugur alyp, Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda giň mümkinçilikler döredilýär, bilim edaralarynyň maddy-enjamlaýyn binýady yzygiderli kämilleşdirilýär. Şeýle hem, bilim ulgamynda uly işler durmuşa geçirilýär, ýaşlaryň döwrebap bilim almaklary üpjün edilýär. Häzirki döwürde sanly tehnologiýalar dünýä ykdysadyýetiniň ösüşinde hem-de adamzat jemgyýetiniň kämilleşmeginde möhüm orun eýeleýär. Telekommunikasiýa, maglumat we kompýuter tehnologiýalary dünýäde ýokary depginler bilen ösýär we dünýä ykdysadyýetiniň hil taýdan täze belentlige çykmagyna esas bolup durýar. Hormatly Prezidentimiziň: “Ýaşlarymyzyň ruhy-ahlak, medeni, aň-bilim we beden taýdan ösüşine uly ähmiýet berýäris. Çünki ylymly-bilimli, sagdyn ýaşlar döwletimiziň kuwwatly güýjüdir, nurana geljegidir” diýýän sözleri ýaşlara döwrebap bilim bermegiň wajypdygyny aýdyň görkezýär.

Meşhur himiýaçy alymlar

Görnükli şwed himigi Karl Wilgelm Şeýele (1742-1786) hünäri boýunça derman taýýarlaýjy bolupdyr. Ýönekeý abzallardan peýdalanyp himiki tejribeleri ussatlyk bilen geçirmegi başarypdyr. Derman taýýarlaýjynyň altyn eli bar, el degren islendik maddasyndan açyş edip bilýär diýip, döwürdeşleri gürrüň edipdir. Ol köp sanly organiki däl we organiki maddalary açdy. Olardan ftorowodorod, kükürtwodorod, fosfor, çakyr, limon, alma, şawel, süýt, benzoý kislotalaryny, kaliý permanganatyny, bariý, wolfram (III) we molibden (III) oksidlerini görkezmek bolar. K. W. Şeýele ilkinji bolup 1772-nji ýylda arassa kislorody tejribe ýoly bilen aldy.Emma alymlar kislorody 1774-nji ýylda iňlis alymy Žozef Pristli (1733-1804) ilkinji bolup açdy diýip hasap edýärler. Sebäbi K. W. Şeýeläniň geçiren işleriniň netijesi barada ýazylan “Ot we howa baradaky himiki traktat” diýen kitaby 1777-nji ýylda çykypdy.

Daşary ýurt dillerini öwrenmekde giň mümkinçilikler

Häzirki wagtda ýurdumyzda ylym-bilimi ösdürmäge, ýaşlara döwrebap bilim bermäge aýratyn üns berilýär. Milli bilim ulgamynyň işini döwrebap derejede guramak, oňa innowasion tehnologiýalary ornaşdyrmak, ýaşlara berilýän bilimiň hilini ýokarlandyrmak, sanly bilim ulgamy esasynda okuw usulyýetlerini hem-de bilim maksatnamalaryny özgertmek boýunça giň gerimli işler alnyp barylýar. Elektron okuw okuwçylary özbaşdak okuw bilen meşgullanmaga, döredijilikli pikirlenmäge, uzak aralykdan bilim almaga höweslendirýän täsirli aragatnaşyk ulgamdyr. Ýaşlaryň daşary ýurt dillerini öwrenmegi ýurdumyzyň ykdysady kuwwatynyň barha berkeýän, halkara hyzmatdaşlygynyň giň gerime eýe bolýan döwründe has-da uly ähmiýete eýe bolýar. Ol diňe birek-birek bilen düşünişmek, aragatnaşyk serişdesi bolmak hyzmatyny amal etmän, eýsem depginli ösüş gazanmagyň hem möhüm ugruna öwrülýär. “Türkmenistanda daşary ýurt dillerini okatmagy kämilleşdirmegiň Konsepsiýasynda” ýurdumyzyň dünýä giňişligine aralaşmagy, sebitde we halkara derejesinde syýasy, ykdysady, medeni we ynsanperwerlik gatnaşyklarynda öňdebaryjy orny eýelemegi, türkmen jemgyýetiniň milli we umumadamzat gymmatlyklary esasynda ösmegi, kämilleşmegi üçin ýurdumyzda raýatlaryň ene dili bilen bir hatarda daşary ýurt dillerini kämil bilmeklerini sazlaşykly üpjün etmegi döretmek barada anyk ugurlar beýan edilýär. Bu bolsa, ilki bilen, bu ugurda zäh

Mag­tym­gu­ly Py­ra­gynyň döredijiligine ba­gyş­la­nan yl­my mas­la­hat

Ber­ka­rar döw­le­tiň tä­ze eý­ýa­my­nyň Gal­ky­ny­şy döw­rün­de mad­dy gym­mat­lyk­lar bi­len bir ha­tar­da hal­ky­my­zyň me­de­ni-ru­hy gym­mat­lyk­la­ry mil­li ru­hy ösüş­ler üçin eg­sil­mez çeş­me bo­lup hyz­mat ed­ýär. Bu ba­bat­da Ar­ka­dag Ser­dar­ly bag­ty­ýar ýaş­lar ýy­lyn­da hal­ky­my­zyň asyr­lar aşyp kä­mil­le­şen me­de­ni­ýe­ti, di­li, ede­bi­ýa­ty, sun­ga­ty, ta­ry­hy we ga­dy­my mil­li mi­ra­sy yl­my nuk­daý­na­zar­dan düýp­li öw­re­nil­ýär. Mä­lim bol­şy ýa­ly, türk­men ede­bi­ýa­ty dün­ýä­niň ru­hy gen­ji-ha­zy­na­syn­da özü­niň örän köp dö­re­di­ji­lik şah­sy­ýet­le­ri bi­len my­na­syp orun eýe­le­ýär. Şo­la­ryň ha­ta­ryn­da türk­men hal­ky­nyň nus­ga­wy şa­hy­ry Mag­tym­gu­ly Py­ra­gy­nyň aý­ra­tyn or­ny bar. Mag­tym­gu­ly Py­ra­gy­nyň dö­re­di­ji­li­gi­ni hal­ka­ra gi­ňiş­li­gin­de wa­gyz et­mek mak­sa­dy bi­len, Azer­baý­jan Res­pub­li­ka­sy­nyň Ba­ku şä­he­rin­de «Mag­tym­gu­ly Py­ra­gy — dün­ýä ede­bi­ýa­ty­nyň gör­nük­li we­ki­li» at­ly yl­my-ama­ly mas­la­hat ge­çi­ril­di. Bu yl­my-ama­ly mas­la­ha­ta Türk­me­nis­ta­nyň Ylym­lar aka­de­mi­ýa­sy­nyň Mag­tym­gu­ly adyn­da­ky Dil, ede­bi­ýat we mil­li gol­ýaz­ma­lar ins­ti­tu­ty­nyň alym­la­ry, yl­my iş­gär­le­ri hem gat­naş­dy.

Aşpez — hormatly hem jogapkärçilikli hünär

Her bir hünäriň öz aýratynlygy, inçe syrlary, hökmany suratda biläýmeli tärleri, usullary, şol hünäre mahsus özboluşlylygy bolýar. Aşpezlik päkizeligi, sabyrlylygy talap edýän hünärleriň biri. «Aşpezlik sungaty» diýip ýöne ýere aýdylmaýar. Milli hem-de dünýä halklarynyň datly tagamlaryndan doly desterhany göreniňde, şähdiň açylýar, gözüň dokunýar. Saçagy gelşikli bezemek medeniýeti, ünsi, şol ugra degişli bilim-başarnygy talap edýär. Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrliginiň Söwda hünär-tehniki okuw mekdebinde myhmançylykda bolanymyzda, bu hünär mekdebinde işleriň talabalaýyk guralandygyna, talyplara aşpezlik hünäri boýunça kärine yhlasly mugallymlaryň bilim we terbiýe berýändiklerine göz ýetirdik.

Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasy

«7/24. tm», № 08 (143), 20.02.2023 Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe dünýä ölçeglerine laýyk gelýän ýokary bilimli hünärmenleri taýýarlamak, ylmyň ähli ugurlaryndan baş çykaryp bilýän kämil ýaşlary ýetişdirmek ýurdumyzda esasy üns berilýän meseleleriň biri bolup durýar. Munuň şeýledigi 2023-nji ýylyň şygaryndan hem mälimdir.

«Ooho» — iýilýän suw şarjagazlary

«Plastiki galyndylar» diýlende, esasan hem, plastikden ýasalan suw we beýleki gaplar göz öňünde tutulýar. Eýýäm suwotulardan biodegrirlenip bilýän suw gaplary we süýtden dargamaga ukyply bolan gaplar oýlanyp tapyldy. Emma «Skipping Rocks» tejribehanasyndaky höwesjeňler bir ädim öňe gitmek bilen, iýilýän suw gabyny döretdiler. Has dogrusy, iýmek arkaly ondaky suwy içmek bolýar. «Ooho» diýlip atlandyrylýan täze önüm, agyz suwuny öz içine alýan ýumşak gabykdyr. Bu gabyk goňur suwotularyň buglanyp goýaldylan maddasyndan ýasalmak bilen, ol 100 göterim tebigydyr. «Ooho» şarjagazynyň gabygy dişlenýär we suw içilýär. Ulanyşdan soňra gabyk islendik zibilhana zyňlyp hem bilner. Çünki ol 4 hepdäniň dowamynda doly dargamaga ukyplydyr. «Ooho» iýilýän suw şarjagazlarynyň meşhur bolmagy üçin ähli mümkinçilikler bar. Häzirki günlerde oňa birnäçe iri maýadarlar serişde goýmaga taýýardygyny aýdýarlar.

Guýulary abatlamagyň ähmiýetliligi

Nebitgaz senagatynyň ösüşinde nebiti, gazy çykarmagy köpeltmegiň esasy ugurlary netijeli, döwrebap täzelikleri ornaşdyrmakdan, öňüni alyş çärelerini geçirmek bilen, ulanyş guýularynyň fonduny saklamakdan, düýpli abatlaýyş işleri netijesinde guýularyň önüm berijiligini ýokarlandyrmagyň hem-de hereketsiz guýulary we täze gazylan guýulary ulanyşa goýbermegiň hasabyna olaryň hereket edýän fonduny artdyrmakdan ybaratdyr. Ylaýta-da ulanyş guýularyny abatlamagyň dowamlylygyny tizleşdirmek we harç edilýän çykdajylary azaltmak esasy meseleleriň biridir. Nebitiň we gazyň çykarylyşynda guýynyň bökdençsiz işlemeginde abatlama gullugynyň ähmiýeti uludyr. Nebit, gaz we suw gysyp ýygnaýjy guýular nebit senagatynyň esasy maýasynyň (fondunyň) möhüm bölegidir.

Kämil bilimli ýaşlar ýurdumyzyň röwşen geljeginiň şuglasy

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe durmuşa geçirilýän beýik işler biziň her birimizi buýsandyrýar. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň parasatly baştutanlygynda alnyp barylýan döwlet syýasaty ähli ugurlar bilen bir hatarda, ýaşlar hakyndaky aladany hem baş wezipe edip goýýar. Çünki ýaşlar Watanymyzyň ösüşlerine goşant goşýan kämil hünärmenlerdir, röwşen geljegimizdir. Ýurdumyzyň bilim we ylym ulgamyny dünýä derejesine çykarmak, ýaşlaryň sazlaşykly ösmegi, dünýägaraýşynyň giňelmegi üçin ähli şertleri döretmek ýaly möhüm ugurlar hormatly Prezidentimiziň hemişe üns merkezindedir. Arkadagly Serdarymyz öz çykyşlarynda häzirki zaman şertlerinde islendik döwletiň kuwwatynyň we gülläp ösmeginiň, ilkinji nobatda, ylmyň we tehnologiýalaryň ösüşiniň milletiň intellektual derejesi bilen kesgitlenýändigini nygtaýar. Ozaly bilen, her bir ýurduň ösüşi ýaşlara berilýän bilimiň hili, derejesi bilen gazanylýar. Şonuň üçin hem hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallasy bilen milli bilim ulgamy ösdürilýär, netijeli işler durmuşa ornaşdyrylýar.

TÜRKMEN BUÝANY – YLYM DÜNÝÄSINIŇ NAZARYNDA

Türkmenistanly ýaş alym ilkinjileriň biri bolup, buýandan arassa glisirrizin turşusyny almagyň tehnologiýasyny işläp düzdi. Dünýäni özgertjek täzelikler

Ýerasty gatlaklaryň synagy

Nebit, gaz maksatly gözleg-barlag guýularyň gazylmagynyň has wajyp we jogapkärli tapgyry guýularda önümli gatlaklary açmak we synag etmek bolup durýar. Gatlaklaryň synagy — gatlagyň esasy gidrodinamiki ölçeglerini: önümliliginiň koeffisiýentlerini, syzdyryjylygyny, pýezogeçirijiligini (basyş geçirijiligi), ýagny gurşawyň basyşy geçirme ukyplylygy, suwgeçirijiligi we başgalary hasaplamak üçin zerur gerek bolan, ýerasty gorizontlary açmak, akymyň gelmegini çagyrmak, gatlagyň doýgunlygynyň (nebit, suw, gaz, bilelikdäki doýgunlyk) häsiýetine baha bermek, gözegçilik üçin nusga hem-de gatlak suwuklygyny we gazyň nusgalaryny almak, çykymyny kesgitlemek, gatlak basyşyny, temperaturasyny ölçemek we beýleki görkezijiler boýunça guýuda geçirilýän işleriň toplumydyr.

Sanly bilim ulgamy – kämilligiň gönezligi

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň parasatly baştutanlygynda ähli ugurlarda uly ösüşlere beslenýän Türkmenistan döwletimiz ykdysady taýdan kuwwatly ýurda öwrüldi. Häzirki wagtda ýurdumyzda döwlet Baştutanymyzyň alyp barýan öňdengörüjilikli syýasaty netijesinde milli ykdysadyýetimiziň pudaklaryna sanly tehnologiýalary ornaşdyrmak arkaly milli ykdysadyýetimiz barha kuwwatlanýar. Arkadagly Serdarymyzyň başda durmagynda ykdysadyýetiň ähli pudaklarynda sanly dolandyryş ulgamyna geçmek işleri üstünlikli alnyp barylýar. Şol sanda “Türkmenistanda sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň Konsepsiýasy” esasynda mekdeplerde, bilim edaralarynda sanly ulgamy ornaşdyrmak işiniň gerimi barha giňeýär. Ylymly-bilimli ýaşlar biziň ertirimizdir. Häzirki wagtda ýaşlaryň döwrebap bilim-terbiýe almaklary, saýlan hünärleriniň eýeleri bolmaklary üçin döwletimiz tarapyndan ähli şertler döredilýär. Ýaşlara dünýä derejesinde bilim-terbiýe bermekde sanly bilim ulgamyna aýratyn orun degişlidir. “Türkmenistanda sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň Konsepsiýasynyň” kabul edilmegi bolsa, bu ugurda alnyp barylýan işlerde has ýokary netijeleri gazanmaga mümkinçilik berýär. Hemmämize mälim bolşy ýaly, Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimiz syýasy, ykdysady hem-de medeni ugurlarda üstünlikler gazanyp, halkara derejede uly abraýdan peýdal

Dil hazynasynyň göwheri

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda ylym-bilim pudagy giň gerimde ösdürilýär, gadymdan gelýän milli gymmatlyklarymyz ylmy esasda öwrenilýär. Muňa mysal hökmünde, orta asyr türkmen edebiýatynyň wekilleri bolan Mahmyt Kaşgarlynyň, Mäne babanyň, Mahmyt Zamahşarynyň, Muhammet Gazalynyň, Mähri Hatynyň, Garajaoglanyň, Reşideddin Watwatyň we beýleki nusgawy şahyrlarymyzyň döredijiliginiň öwrenilişini beýan etmek bolar. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedowyň: “Biziň dilimiziň örän gadymy kökleri bar. Gadymy kökler bolsa, hemişe geljek üçin mümkinçilikleri açýan ygtybarly esas bolup durýar” diýip parasatly belläp geçmeginden ugur alyp ýurdumyzda gadymy eserler alymlarymyza ene dilimiziň geçmiş taryhyny, onda ýüze çykan özboluşly aýratynlyklaryny içgin öwrenmekde, çeperçilik taýdan ýokary hilli eserler döretmekde egsilmez çeşme bolup hyzmat edýär. Dünýä belli alym Mahmyt Kaşgarly türkmen dilini ylmy esasda öwrenmekde gymmatly miras goýan şahsyýetdir. Ol dünýä derejesinde ykrar edilen şahsyýetleriň biri bolmak bilen, ylym äleminde nur saçýan ýyldyz hasaplanýar. Biziň günlerimize onuň ýekeje kitaby, şol kitabyňam bary-ýogy ýekeje nusgasy gelip ýetipdir. Gözelligi, şirinligi bilen şöhratlanan dilçi alymyň “Diwany lugat at-türk” (“Türki dilleriň diwany”) atly meşhur eseri häzirki döwürde içgin öwrenilýär. Dil hazynasynyň göwheri has

Gatlagy gidrawlik böwüsmek

Gatlagy gidrawlik böwüsmek kollektorda gatlaga şepbeşikli suwuklygy ýokary basyş bilen goýbermek arkaly kese we dik jaýryklaryň toparyny döretmekden ybaratdyr. Jaýryklaryň emele gelmegi we ösmegi gatlak kesiminiň meýdanynyň ulalyp başlamagyna getirýär. Suwuklyk gatlaga akyp geçmek bilen bar bolan jaýryklary giňeldýär we täze jaýryklary döredýär. Emele gelen jaýryklaryň gysylyşmagyna ýol bermezlik üçin işçi suwuklyga onuň bilen jaýryga goýberilýän berkidiji agent (proppant) goşulýar. Proppant (gatlagyň gidrawlik jaýrygy üçin suwuklyk) aralaşan ýerinde galýar we önüm çykarylýan ähli döwrüň dowamynda kollektoryň akyş zolagyny ulaldýan geçiriji kanaly saklamak bilen, jaýrygyň ýapylmagyna ýol bermeýär. Guýularyň geofiziki barlaglary ornaşdyrylan pursadyndan başlap, guýynyň önüm berijiligini ýokarlandyrmagyň esasy inženerçilik gurallarynyň biri bolup durýar. Şu aşakdakylaryň hasabyna görä netije gazanylýar: