Hünär rysgal-berekediň egsilmez çeşmesi

27 Fewral 2023
925

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda bilim ulgamynda alnyp barylýan işleri döwrebap ösdürip, öz milli köklerimiz esasynda guramak, ösüp gelýän ýaş nesli ata-babalarymyzyň göreldesinde terbiýelemek mugallymlaryň öňündäki esasy wezipeleriň biri bolup durýar. Watanymyzyň kuwwatly geljegi bolan türkmen ýaşlarynyň ýokary hilli bilim almaklary, öz ukyp-başarnyklaryny açyp görkezmekleri, hünär ussatlygyny ele alyp, üstünlikleri gazanmaklary, döredijilikli zähmet çekmekleri, kämilleşmekleri üçin ýurdumyzda giň mümkinçilikler döredilendir. Jemgyýetiň we döwletiň iň ýokary gymmatlygy bolan adamyň bahasyna ýetip bolmajak baýlygy ylym-bilimdir. Şeýle baýlygyň eýesi bolup bilen halk bolsa, jemgyýeti yzygiderli kämilleşdirmäge, döwleti kuwwatlandyrmaga ukyplydyr.

Ylmyň ösmegi bilim kämilligine baglydyr. Bilim bolsa ýaş nesliň sowatlylyk ýolundaky ilkinji ädimleriniň biridir. Ynsan bilimiň ilkinji şinelerini maşgalada, çagalar bagynda, mekdepde öwrenýär. Çaganyň kämil adam bolup ýetişmeginde maşgalanyň, mekdebiň, mugallymyň, halypanyň orny örän uludyr. Ynsanyň ynamly dosty onuň sowatlylygydyr. Magtymguly Pyragynyň: “Alymlara uýsaň açylar gözüň” diýen goşgy setiriniň many-mazmuny has-da özüne çekijidir. Dana şahyryň bu paýhasly setiri ylym-bilimiň ynsanyň giň gözýetimli bolmagyndaky orny barada beýan edýär. Halkymyzyň milli aňyýetinde hünär öwrenmäge, ylymly-bilimli, beýik adamkärçilikli bolmaga aýratyn ähmiýet berilýär. Bu barada pähim-parasata beslenen nakyllarda şeýle diýilýär: “Hünär - akar bulak, ylym - ýanar çyrag”, “Hünär eýesini eziz eder”. Atalarymyzdan miras galan şu pelsepe-paýhasyň mazmunynda aýdylyşy ýaly, hünär rysgal-berekediň egsilmez çeşmesidir. Hünär öwrenmek bagtdyr, çünki hünär ynsanyň durmuşyny gözelleşdirýär, arzuw-isleglerini hasyl edýär, bagta ýetirýär.