Meşhur himiýaçy alymlar

22 Fewral 2023
1040

Görnükli şwed himigi Karl Wilgelm Şeýele (1742-1786) hünäri boýunça derman taýýarlaýjy bolupdyr. Ýönekeý abzallardan peýdalanyp himiki tejribeleri ussatlyk bilen geçirmegi başarypdyr. Derman taýýarlaýjynyň altyn eli bar, el degren islendik maddasyndan açyş edip bilýär diýip, döwürdeşleri gürrüň edipdir. Ol köp sanly organiki däl we organiki maddalary açdy. Olardan ftorowodorod, kükürtwodorod, fosfor, çakyr, limon, alma, şawel, süýt, benzoý kislotalaryny, kaliý permanganatyny, bariý, wolfram (III) we molibden (III) oksidlerini görkezmek bolar.

K. W. Şeýele ilkinji bolup 1772-nji ýylda arassa kislorody tejribe ýoly bilen aldy.Emma alymlar kislorody 1774-nji ýylda iňlis alymy Žozef Pristli (1733-1804) ilkinji bolup açdy diýip hasap edýärler. Sebäbi K. W. Şeýeläniň geçiren işleriniň netijesi barada ýazylan “Ot we howa baradaky himiki traktat” diýen kitaby 1777-nji ýylda çykypdy.