Ähli döwürleriň we halklaryň beýik alymy

1 Mart 2023
1294

Fizikanyň taryhy beýik şahsyýetlere baýdyr. Şolaryň biri iňlis fizigi we matematigi Isaak Nýutondyr. Isaak Nýuton 1643-nji ýylyň 4-nji ýanwarynda Angliýanyň Linkolnşir graflygynyň Wulstorp obasynda fermeriň maşgalasynda dogulýar. Heniz dünýä inmänkä kakasynyň aradan çykandygy zerarly ol 12 ýaşyna çenli enesiniň terbiýesini alýar. Ylym bilen çagalygyndan meşgullanyp ugraýar. Çaga mahalynda suw bilen işleýän sagady oýlap tapýar. Ony öýündäkiler hezil edip ulanýarlar. Ol ýaşlygyndan örän okumyş bolupdyr, hatda bütin gününi kitaba sarp edendigi sebäpli ýekeje dosty hem bolmandyr.

Ýöne bütin dünýä ony özüniň döwürdeşleriniň içinde, hatda, olaryň iň beýikleriniň içinde hem, has beýigi, ähli döwürleriň we halklaryň beýik alymy hökmünde ykrar edýär. Hatda ylym heniz görlüp-eşidilmedik has uly derejelere ýetende hem Nýutonyň işleriniň ähmiýetiniň kemelmejekdigini tassyklaýarlar. Nýuton häzirkizaman ylmy taglymaty esaslandyryjylaryň biridir, nusgawy mehanikanyň atasydyr. Nýuton ylmy işine matematikadan (hatarlar nazaryýeti) we serpikdiriji teleskopy oýlap tapmakdan başlaýar. Serpikdiriji teleskop Nýutona 1668-nji ýylda uly abraý getirýär. Bu teleskopyň uzynlygy bary-ýogy 15 santimetr bolupdyr. Şol döwrüň teleskoplarynyň uzynlyklary 10 metre ýetýär eken. Nýuton 1671-nji ýylda uly ölçegli we öňküden has gowy hilli teleskopy ýasaýar. Alymyň esasy we möhüm üstünligi mehanikadadyr. Ol güýçleriň aralyga baglylygyny takyklady we bu baglanyşygyň üsti bilen tebigatdaky ähli hadysalary düşündirip boljakdygyny äşgär etdi. Nýutonyň oýlap tapyşlary durşuna mehaniki dünýädir. Ondaky ähli hadysalar, şol sanda optiki hadysalar mehanikanyň kanunlary bilen düşündirilýär.

Humaý ALLABERGENOWA,
Çärjew etrabyndaky 48-nji orta mekdebiň fizika mugallymy.