Täze kafedra maksadyna tarap

28 Fewral 2023
1375

Institutymyzda ÝUNESKO kafedrasynyň işläp başlamagy mugallymlarymyzdyr talyplaryň oňyn maksat edinen ugruna bolan gyzyklanmasyny has-da artdyrdy. Mälim bolşy ýaly, täze kafedra ilkinji maksady hökmünde «Durnukly ösüş üçin ekologiýa bilimi» atly ugry saýlap aldy.

Şu günler talyp ýaşlar halypa mugallymlarymyzyň ýolbaşçylygynda agzalan ugur boýunça ylmy gözleglerini güýçlendirdiler. Bu gözlegleriň binýadynda bolsa institutyň alymlary tarapyndan ozal geçirilen gözlegler durandyr. Şunda daşary ýurtlaryň ÝUNESKO kafedralary bolan ýokary okuw mekdepleri bilen hyzmatdaşlyk hem özüniň oňyn miwesini berýär.

Şöhrat SÄHETMYRADOW,
Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň talyby.