Bagtyýar ýaşlar nurana geljegimizdir

25 Fewral 2023
956

Hormatly Prezidentimiziň ylym-bilimi ösdürmek babatdaky taýsyz tagallalary netijesinde Watanymyzyň geljegi bolan ýaşlaryň ylym-bilimli, sagdyn bedenli, giň dünýägaraýyşly bolmagy, häzirki zaman tehnologiýalaryndan baş çykarýan, täze hünärleri ele alyp, döwrebap hünärmenler bolup ýetişmekleri üçin ähli mümkinçilikler döredilýär. Jemgyýetimiziň öňe gitmeginde, döwletimiziň mundan beýläk-de gülläp ösmeginde öz işine ussat hünärmenler dürli ugurlar boýunça taýýarlanylýar. Hut şu nukdaýnazardan ugur alyp, Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda giň mümkinçilikler döredilýär, bilim edaralarynyň maddy-enjamlaýyn binýady yzygiderli kämilleşdirilýär. Şeýle hem, bilim ulgamynda uly işler durmuşa geçirilýär, ýaşlaryň döwrebap bilim almaklary üpjün edilýär.

Häzirki döwürde sanly tehnologiýalar dünýä ykdysadyýetiniň ösüşinde hem-de adamzat jemgyýetiniň kämilleşmeginde möhüm orun eýeleýär. Telekommunikasiýa, maglumat we kompýuter tehnologiýalary dünýäde ýokary depginler bilen ösýär we dünýä ykdysadyýetiniň hil taýdan täze belentlige çykmagyna esas bolup durýar. Hormatly Prezidentimiziň: “Ýaşlarymyzyň ruhy-ahlak, medeni, aň-bilim we beden taýdan ösüşine uly ähmiýet berýäris. Çünki ylymly-bilimli, sagdyn ýaşlar döwletimiziň kuwwatly güýjüdir, nurana geljegidir” diýýän sözleri ýaşlara döwrebap bilim bermegiň wajypdygyny aýdyň görkezýär.