"Türkmenistanyň Prezidentiniň Metbugat çapary" gazeti

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-61-09, 38-61-11, 38-61-12
Email: metbugatchapary-gazeti@online.tm

Habarlar

Belarusyň ilçisi Aşgabatda MAZ AGPJ-niň wekiliýeti bilen duşuşdy

Belarusyň Türkmenistandaky ilçisi Wýaçeslaw Beskostyý çarşenbe güni «BELAVTOMAZ» Holdingiň dolandyryş kompaniýasy — «Minsk Awtoulag Zawody» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň wekilleri bilen duşuşdy. Bu barada Belarusyň Daşary işler ministrliginiň resmi web sahypasy habar berdi. MAZ-yň täjirçilik müdiriniň orunbasary Andreý Zawgorodniý, MAZ-yň awtoulag enjamlaryna hyzmat we tehniki goldaw guramasynyň müdiri Sergeý Saýçik we MAZ-yň eksport boýunça daşary ykdysady gatnaşyklar bölüminiň müdiri Sergeý Papkowiç Aşgabada geldi.

Türkmenistanyň ulag kompaniýalary logistika babatynda halkara tejribesini öwrenerler

«Türkmen logistika» birleşmesiniň 130-a golaý agzasy Merkezi Aziýada Logistika we Ulag Patyşalyk institutynyň (CILT Central Asia) Wekilhanasy tarapyndan guralan webinarlaryň birnäçesiniň kömegi bilen ulag-ekspeditorçylyk hyzmatlaryny ýerine ýetirmegiň halkara tejribesini öwrenip bilerler. 13-nji aprelden 18-nji aprele çenli geçýän onlaýn-görnüşindäki tälim beriji webinarlar şeýle hem türkmen ulag kompaniýalaryny ýük daşamalar ugruna IT-ulgamynyň ornaşdyrylmagy bilen hem tanyşdyrar – diýip, «Neýtralnyý Turkmenistan» gazeti habar berdi.

«Türkmendeňizdeýaýollary» we «Býuro Weritas» hyzmatdaşlygy täze derejä çykarýarlar

«Türkmendeňizderýaýollary» agentliginiň we «Býuro Weritas Marin Gazagystyan» BV klassifikasiýa jemgyýeti hyzmatdaşlygy giňeltmek barada ylalaşdylar. Türkmen tarapy BV Türkmenistanda öz şahamçasyny açmagy teklip etdi, klassifikasiýa jemgyýeti bolsa ýurda berilýän hyzmatlaryň görnüşini artdyrmak üçin Türkiýeden we BAE-den öz wekillerini çekmäge taýýardygy barada habar berdi. Şeýle hem Türkmenistana bolan saparynyň çäklerinde BV-niň wekilleri «Balkan» gämi gurluşyk zawodynda we «Deňiz söwda floty» paýdarlar jemgyýetinde duşuşyk geçirdiler, ol ýerde hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmegiň mümkin bolan ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdylar.

Türkmen telekeçileri «Canton Fair 2023» import-eksport ýarmarkasy bilen tanyşýarlar

Hytaýyň Guanžou şäherinde badalga alan 133-nji Hytaýyň import-eksport ýarmarkasy gyzgalaňly dowam edýär. Bu gezekki «bahar» ýarmarkasyna («Canton Fair 2023», Spring) dünýäniň dürli künjeklerinden gelen önüm öndürijiler özleriniň iň täze önümleri bilen gatnaşýarlar. Sergi ýarmarkasy 3 tapgyr boýunça geçirilip, olaryň her biri aýratynlykda, 5 gün dowam eder. 15-nji aprelde öz işine başlan gözden geçirilişiň 1-nji tapgyrynda elektronika we öý-hojalyk, gurluşyk harytlary, himiýa önümleri, awtoulaglar we olaryň ätiýaçlyk şaýlary sergä gatnaşyjylara görkezilýär. Bu tapgyr 19-njy aprelde tamamlanar. Bellärlikli tarapy, sergä türkmen telekeçileri hem gatnaşyp, ol ýerde bu ugra degişli dünýäniň iň soňky gazananlary bilen ýakyndan tanyş bolýarlar.

Russiýa bilen Hytaýyň arasynda söwda dolanyşygy 38,7 göterim artdy

Hytaýyň Baş gümrük gullugynyň çarşenbe güni beren maglumatyna laýyklykda, 2023-nji ýylyň ýanwar-mart aýlarynda Russiýa bilen Hytaýyň arasyndaky söwda dolanyşygy 2022-nji ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 38,7 göterim ýokarlanyp, 53,84 milliard amerikan dollaryna barabar boldy. Çap edilen maglumatlardan görnüşi ýaly, Hytaýdan Russiýa eksport üç aýyň dowamynda 47,1 göterim ýokarlanyp, takmynan, 24,07 milliard amerikan dollaryna deň boldy. Russiýanyň harytlarynyň we hyzmatlarynyň importy 32,6 göterim artyp, 29,77 milliard amerikan dollaryna ýetdi.

Birža söwdalary

Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň geçen hepdedäki söwdalarynda geleşikleriň 25 sanysy hasaba alyndy. Daşary ýurt walýutasyna Owganystandan, BAE-den, Özbegistandan, Türkiýeden, Pakistandan hem-de Singapurdan gelen telekeçiler tehniki kükürdi, awiakerosini we suwuklandyrylan gazy satyn aldylar. Geleşikleriň jemi bahasy 20 million 86 müň 400 amerikan dollaryna deň boldy.

MAGLUMAT GIŇIŞLIGI: DÖWÜR. JEMGYÝET. MEDIA SOWATLYLYGY

Düýn Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda «Halkara habarlar ulgamynda hyzmatdaşlygyň täze görnüşleri» ady bilen geçirilen «tegelek stol» maslahatynda halkara maglumat işiniň dürli ugurlary, jemgyýetde habar beriş serişdeleriniň we media sowatlylygyň orny bilen bagly meseleleriň giň toplumy ara alnyp maslahatlaşyldy. Halkara bilermenlerdir ýurdumyzda akkreditirlenen diplomatik missiýalaryň metbugat attaşeleri, habarlar agentlikleriniň žurnalistleri sessiýalaryň ikisinde göz öňünde tutulan mowzuklar baradaky garaýyşlaryny beýan edip, häzirki zaman şertlerinde döwlet bilen media bileleşiginiň özara baglanyşygy, sosial torlary kommunikasiýanyň guraly hökmünde ulanmagyň netijeli ýollary dogrusynda giňişleýin pikir alyşdylar. Jon MAKGREGOR,ÝHHG-niň Aşgabatdaky merkeziniň ýolbaşçysy:

Köpugurly dialog: netijeli gatnaşyklaryň özeni

10-njy aprelde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça Mejlisiň Başlygy Belgiýa Patyşalygynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Mişel Pitermansdan ynanç hatyny kabul etdi. Milli parlamentiň ýolbaşçysy döwlet Baştutanymyzyň adyndan ilçini jogapkärli wezipä bellenilmegi bilen gutlap, dostlukly döwletara dialogy pugtalandyrmak işinde oňa üstünlikleri arzuw etdi. Döwletlerimiziň arasyndaky gatnaşyklar ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn esasda, ilkinji nobatda, iri halkara guramalaryň hem-de düzümleriň ugurlary boýunça işjeň ösdürilýär. Şoňa görä-de, diplomat özüniň hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýyna esaslanýan döredijilikli daşary syýasaty netijesinde belent halkara abraýa eýe bolan döwletde Belgiýa Patyşalygyna wekilçilik etmegiň özi üçin uly hormatdygyny nygtady.

Okuw sapagy geçirildi

12-13-nji aprelde paýtagtymyzyň «Ýyldyz» myhmanhanasynda ÝHHG-niň Aşgabatdaky Merkezi tarapyndan onlaýn platformalary ulanmak boýunça žurnalistleriň okuw sapagy geçirildi. Bu okuw sapagyna köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri, internet saýtlarynyň işgärleri, şeýle hem ýokary okuw mekdepleriniň žurnalistika hünäriniň mugallymlary gatnaşdy.

Türkmen-özbek serhedindäki «Farap» gümrük nokadynyň günlük geçirijiligi 1000 awtoulaga ýetiriler

Türkmenistan bilen Özbegistanyň serhedindäki gümrük nokatlarynyň geçirijiligini ýokarlandyrmak boýunça degişli çäreler görülýär. Hususan-da, türkmen-özbek serhedindäki «Farap» we «Alat» gümrük nokatlarynyň geçirijiligi bir gije-gündiziň dowamynda 1000 awtoulaga çenli artdyrylar. Bu mesele 11-nji aprelde geçirilen Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugy bilen Özbegistan Respublikasynyň Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň ýanyndaky Gümrük komitetiniň wekilleriniň gatnaşmagynda göni wideo aragatnaşyk arkaly iş duşuşygynda ara alnyp maslahatlaşyldy. Bu barada Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň resmi saýtynda habar berilýär.

Habarlar halkara giňişlikde

Türkmenistan abraýly düzüme agzalyga saýlandy Türkmenistan 2024 — 2026-njy ýyllar döwri üçin BMG-niň Çagalar gaznasynyň Ýerine ýetiriji geňeşiniň agzalygyna saýlandy. BMG-niň Ykdysady we Durmuş geňeşiniň ýakynda geçirilen guramaçylyk mejlisinde bu baradaky çözgüt biragyzdan kabul edildi. Ýeri gelende aýtsak, 2018 — 2020-nji ýyllar aralygynda-da biziň ýurdumyz bu düzümiň agzalygyna saýlanyp, jogapkärli wezipäni üstünlikli ýerine ýetiripdi.

Türkmenistanyň ulag mümkinçiligini we maýa goýumyny maý aýynda geçiriljek halkara maslahatynda ara alyp maslahatlaşarlar

3-4-nji maýda Aşgabatda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar Agentligi we «Turkmen forum» kompaniýasy tarapyndan gurnalýan halkara maslahatynyň we sergisiniň çäklerinde halkara ýük daşamalarynyň we ulag-üstaşyr geçelgeleriniň ösüşini ara alyp maslahatlaşarlar. «Halkara ulag-üstaşyr geçelgeleri: özara baglanyşyk we ösüş» (ITTC 2023) maslahaty yklymyň üstaşyr geçirijilik mümkinçiliklerini açyp görkezmäge we «Demirgazyk-Günbatar» we «Günbatar-Gündogar» geçelgeleriniň Hytaýyň «Bir guşak – bir ýol» başlangyjy bilen baglaşdyrylmagyna gönükdirilendir.

Döwletara gat­na­şyk­la­ryň mö­hüm ugur­la­ry

10-njy ap­rel­de hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Ser­dar Ber­di­mu­ha­me­do­wyň tab­şy­ry­gy bo­ýun­ça Mej­li­siň Baş­ly­gy D.Gul­ma­no­wa Bel­gi­ýa Pa­ty­şa­ly­gy­nyň Türk­me­nis­tan­da­ky Adat­dan da­şa­ry we Do­ly yg­ty­ýar­ly il­çi­si Mi­şel Pi­ter­mans­dan ynanç ha­ty­ny ka­bul et­di. Mil­li par­la­men­tiň ýol­baş­çy­sy döw­let Baş­tu­ta­ny­my­zyň adyn­dan il­çi­ni jo­gap­kär­li we­zi­pä bel­le­nil­me­gi bi­len gut­lap, dost­luk­ly döw­le­ta­ra dia­lo­gy pug­ta­lan­dyr­mak işin­de oňa üs­tün­lik­le­ri ar­zuw et­di. Döw­let­le­ri­mi­ziň ara­syn­da­ky gat­na­şyk­lar iki­ta­rap­la­ýyn we köp­ta­rap­la­ýyn esas­da, il­kin­ji no­bat­da, iri hal­ka­ra gu­ra­ma­la­ryň hem-de dü­züm­le­riň ugur­la­ry bo­ýun­ça iş­jeň ös­dü­ril­ýär.

Gümrük boýunça Merkezi Aziýa ― Hytaý gatnaşyklary ýakynlaşýar

Merkezi Aziýa–Hytaý gümrük gulluklarynyň ýolbaşçylarynyň duşuşyklarynyň mehanizmini döretmek barada başlangyç Hytaý Halk Respublikasynyň Baş gümrük müdirliginiň teklibi boýunça geçirilen Merkezi Aziýanyň we Hytaýyň gümrük gulluklarynyň wekilleriniň wideoaragatnaşyk arkaly duşuşygynyň esasy meselesi boldy. Şu aýda Merkezi Aziýa–Hytaý gümrük gulluklarynyň ýolbaşçylarynyň duşuşygyny geçirmek meýilleşdiriýär. Wideoaragatnaşyk arkaly geçirilen duşuşykda şol çärä boljak taýýarlyk bilen bagly wezipelere seredildi. 

Telefon arkaly söhbetdeşlik

7-nji aprelde Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti Seýed Ebrahim Raisiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik geçirildi. Döwlet Baştutanlary ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlaryny ara alyp maslahatlaşmak mümkinçiligine kanagatlanma bildirdiler. Şeýle hem hormatly Prezidentimiz eýranly kärdeşine türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň mähirli salamyny beýan etdi.

Döwletara hyzmatdaşlyk ösdürilýär

7-nji aprelde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň we Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti Seýed Ebrahim Raisiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik geçirildi. Söhbetdeşler halkara syýasatyň özara gyzyklanma bildirilýän möhüm meselelerine degip geçip, häzirki döwrüň derwaýys meseleleri boýunça, aýratyn-da, parahatçylygy we howpsuzlygy berkitmek, durnukly ösüşi üpjün etmek ugrunda tagallalary birleşdirmekde garaýyşlaryň meňzeşdigini ýa-da gabat gelýändigini nygtadylar. Ýurtlaryň ikisiniň hem abraýly halkara guramalar, ilkinji nobatda, BMG we beýleki guramalar bilen netijeli gatnaşyklara ygrarlydygy tassyklanyldy.

Göçme buraw enjamlary satyn alyndy

Türkmenistan ýurdumyzda nebitgaz känlerini işläp taýýarlamak boýunça işleriň depginini tizleşdirmäge ýardam etjek Hytaý Halk Respublikasynda öndürilen täze göçme buraw enjamlaryny satyn aldy. Täze XJ 450 we XJ 650 göçme buraw enjamlary Balkan welaýatynyň çägindäki Barsagelmez we Goturdepe nebit ýataklarynda oturdyldy. Bu maşynlaryň esasy wezipesi guýulary burawlamakdan ybaratdyr. Ozal bu işleri ýerine ýetirmek üçin bir aýdan gowrak wagt sarp edilýärdi, ýöne indi täze enjamlaryň kömegi bilen şol wagt 20 güne çenli gysgalar.

«Demirýollary» AGPJ-niň wekilleri Belarus demir ýollary edarasynyň wekilleri bilen iş duşuşygyny geçirdiler

Belarus Respublikasynda iş saparynda bolýan «Demirýollary» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň wekilleri Belarus demir ýollary edarasynyň wekilleri bilen duşenbede iş duşuşygyny geçirdiler. Iş duşuşygyna türkmen tarapyndan «Demirýollary» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň baş direktorynyň orunbasary Allaguly Hudaýberdiýew, belarus tarapyna bolsa Belarus demir ýollary edarasynyň başlygynyň birinji orunbasary Pýotr Dulub başlyk etdiler.

Türkmenistanyň Prezidentiniň we Täjigistan Respublikasynyň Prezidentiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik

Aşgabat, 8-nji aprel (TDH). Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti Emomali Rahmonyň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy. Söhbetdeşligiň başynda dostlukly ýurduň Baştutany Türkmenistanyň Prezidentine enesiniň hem-de türkmen halkynyň Milli Lideri, Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň mähriban käbesiniň — Ogulabat Berdimuhamedowanyň aradan çykmagy zerarly çuňňur gynanjyny we medet beriji sözlerini beýan etdi hem-de täjik halkynyň adyndan ýürekden duýgudaşlyk sözlerini ýetirdi. Prezident Emomali Rahmon Ogulabat ejäniň durmuş ýolunyň Watana, mähriban ojaga wepaly maşgalanyň sütüni hem-de mertebesi hökmünde ýaş nesiller üçin nusga bolup durýandygyny belläp, Türkmenistanyň Prezidentine, Gahryman Arkadagymyza we olaryň ýakynlaryna şu kyn pursatda durnuklylyk arzuw etdi.

Russiýanyň gubernatory Türkmenbaşy bilen Astrahanyň arasynda kadaly uçar gatnawlaryny açmaklygy teklip etdi

Astrahan oblastynyň gurbernatory Igor Babuşkin Prezident Serdar Berdimuhamedow bilen duşuşugynyň dowamynda Astrahan bilen Türkmenbaşynyň arasynda kadaly uçar gatnawyny ýola goýmagyň mümkinçiligine garamagy teklip etdi – diýip, TASS habar berýär. Ol döwlet baştutanyna ýakyn wagtda Astrahanda Hazaryň akwatoriýasynda işlemek üçin gurlan «Pýotr Welikiý» kruiz laýneriniň suwa goýberiljekdigini habar berdi.