«Türkmendeňizdeýaýollary» we «Býuro Weritas» hyzmatdaşlygy täze derejä çykarýarlar

17 Aprel 2023
286

«Türkmendeňizderýaýollary» agentliginiň we «Býuro Weritas Marin Gazagystyan» BV klassifikasiýa jemgyýeti hyzmatdaşlygy giňeltmek barada ylalaşdylar. Türkmen tarapy BV Türkmenistanda öz şahamçasyny açmagy teklip etdi, klassifikasiýa jemgyýeti bolsa ýurda berilýän hyzmatlaryň görnüşini artdyrmak üçin Türkiýeden we BAE-den öz wekillerini çekmäge taýýardygy barada habar berdi.

Şeýle hem Türkmenistana bolan saparynyň çäklerinde BV-niň wekilleri «Balkan» gämi gurluşyk zawodynda we «Deňiz söwda floty» paýdarlar jemgyýetinde duşuşyk geçirdiler, ol ýerde hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmegiň mümkin bolan ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdylar.