«Demirýollary» AGPJ-niň wekilleri Belarus demir ýollary edarasynyň wekilleri bilen iş duşuşygyny geçirdiler

10 Aprel 2023
396

Belarus Respublikasynda iş saparynda bolýan «Demirýollary» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň wekilleri Belarus demir ýollary edarasynyň wekilleri bilen duşenbede iş duşuşygyny geçirdiler.

Iş duşuşygyna türkmen tarapyndan «Demirýollary» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň baş direktorynyň orunbasary Allaguly Hudaýberdiýew, belarus tarapyna bolsa Belarus demir ýollary edarasynyň başlygynyň birinji orunbasary Pýotr Dulub başlyk etdiler.