Türkmenistanyň Prezidentiniň we Täjigistan Respublikasynyň Prezidentiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik

10 Aprel 2023
1165

Aşgabat, 8-nji aprel (TDH). Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti Emomali Rahmonyň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy.

Söhbetdeşligiň başynda dostlukly ýurduň Baştutany Türkmenistanyň Prezidentine enesiniň hem-de türkmen halkynyň Milli Lideri, Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň mähriban käbesiniň — Ogulabat Berdimuhamedowanyň aradan çykmagy zerarly çuňňur gynanjyny we medet beriji sözlerini beýan etdi hem-de täjik halkynyň adyndan ýürekden duýgudaşlyk sözlerini ýetirdi. Prezident Emomali Rahmon Ogulabat ejäniň durmuş ýolunyň Watana, mähriban ojaga wepaly maşgalanyň sütüni hem-de mertebesi hökmünde ýaş nesiller üçin nusga bolup durýandygyny belläp, Türkmenistanyň Prezidentine, Gahryman Arkadagymyza we olaryň ýakynlaryna şu kyn pursatda durnuklylyk arzuw etdi.