Göçme buraw enjamlary satyn alyndy

10 Aprel 2023
474

Türkmenistan ýurdumyzda nebitgaz känlerini işläp taýýarlamak boýunça işleriň depginini tizleşdirmäge ýardam etjek Hytaý Halk Respublikasynda öndürilen täze göçme buraw enjamlaryny satyn aldy. Täze XJ 450 we XJ 650 göçme buraw enjamlary Balkan welaýatynyň çägindäki Barsagelmez we Goturdepe nebit ýataklarynda oturdyldy.

Bu maşynlaryň esasy wezipesi guýulary burawlamakdan ybaratdyr. Ozal bu işleri ýerine ýetirmek üçin bir aýdan gowrak wagt sarp edilýärdi, ýöne indi täze enjamlaryň kömegi bilen şol wagt 20 güne çenli gysgalar.

Mekan Akmyradow,
Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň mugallymy.