Türkmen-özbek serhedindäki «Farap» gümrük nokadynyň günlük geçirijiligi 1000 awtoulaga ýetiriler

13 Aprel 2023
386

Türkmenistan bilen Özbegistanyň serhedindäki gümrük nokatlarynyň geçirijiligini ýokarlandyrmak boýunça degişli çäreler görülýär.

Hususan-da, türkmen-özbek serhedindäki «Farap» we «Alat» gümrük nokatlarynyň geçirijiligi bir gije-gündiziň dowamynda 1000 awtoulaga çenli artdyrylar. Bu mesele 11-nji aprelde geçirilen Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugy bilen Özbegistan Respublikasynyň Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň ýanyndaky Gümrük komitetiniň wekilleriniň gatnaşmagynda göni wideo aragatnaşyk arkaly iş duşuşygynda ara alnyp maslahatlaşyldy. Bu barada Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň resmi saýtynda habar berilýär.