"Türkmenistanyň Prezidentiniň Metbugat çapary" gazeti

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-61-09, 38-61-11, 38-61-12
Email: metbugatchapary-gazeti@online.tm

Habarlar

Suwuň peýdasy

Ýaşaýyş we sagdynlyk üçin suwuň örän uly peýdasy bardyr. Arassa suw adamlar, jandarlar hem-de ösümlikler üçin zerurdyr. Şonuň üçin hem suwy dirilik çeşmesine deňeýärler. Suw iýmitiň özleşmegine ýardam berýär. Şeýle hem aşgazan ulgamynda bolup geçýän himiki özgerişlere gatnaşýar, bedeniň gyzgynyny sazlamaga täsir edýär. Ylymda suw bilen baglanyşykly ençeme işler edildi, onuň düzümi we peýdasy, durmuşdaky orny barada alymlaryň işlerinde duş gelinýär. Durmuşda suw içmegi endik etmek zerurdyr. Iň esasy bolsa, käte ajygan mahalymyzda hem, suw içmegi ýola goýmak maslahat berilýär. Munuň özi agşamlyk naharyny agyr iýmekden halas edýär. Sebäbi suw adamy dok halda saklamaga ukyplydyr. Ol adamyň derisini hem çyglandyrýar. Şeýle hem ol bedeniň tebigy süzüjisi bolan böwrekleriň has netijeli we sazlaşykly işlemegi üçin zerur. Suw kadaly, oýlanyşykly içilende, bedenden gerekmejek galyndylary ýa-da zäherli maddalary çykarýar. Suw bogunlaryň tebigy çalgysydyr, çünki ol bolmasa, bedende damarlaryň çekmegine, agyrynyň peýda bolmagyna getirýär. Suwuň düzümine kalsiý, magniý, natriý, kaliý ýaly maddalar girýär. Şonuň üçin hem suw ýürek myşsalarynyň işjeňligini, nerw geçirijiligini artdyrýar. Kalsiý süňkleri we dişleri berkidýär, magniý bolsa myşsalaryň we nerw dartgynlylygynyň gowşamagyna ýardam edýär. Elbetde, mineral suw bu maddalara örän baýdyr. Lukmanlaryň maslahat bermegine görä, günüň dowam

BORŞEWSKINIŇ SOGANY (Лук Борщевского)

Häsiýeti. Dag derman ösümligi. Borşewskiniň sogany — soganlar maşgalasynyň adybir urugynyň boýy 35 — 50 sm köpýyllyk otjumak wekili. Soganlygy süýnen, boýy 3 — 5 sm, birnäçe gysga porruklar ösen, goňur, torly, süýümli bardajyk bilen örtülen. Baldagy 1/3 örtülen, gyny 2-3, inçe çyzykly, ýasy, azda-kände ternawly, ýapraklarynyň ini 1 — 3 mm. Gabygy gysga, ýitileşen saýawanyndan 11/2—2 esse gysga.

Nar miwesi

Güýz möwsüminde, gyş aýlarynda saçaklarymyzy bezeýän gök önümler, süýjüden-süýji datly miweler az däl. Şolardan biri hem nardyr. Nar agajy ýurdumyzyň ähli ýerinde duş gelip, gül açýan gyrymsy agaçlara degişlidir. Nar uzak wagtda ýetişýän miwe bolup, ol tomusdan güýze çenli gülleýär we güýz aýlarynda miwesi ýetişýär. Agaç hemişe diýen ýaly miwelerden doly, sebäbi ol 120 — 160 günde doly hasyl berýär. Adaty nar miwesiniň diametri 10 — 15 sm bolup, däneleriniň sany 700-e çenli bolýar. Naryň tagamy süýji, turşy bolup, onuň düzüminde köp mukdarda C witamininiň bardygyny hemmeler bilýär, şeýle hem A, B witaminler, kaliý, 15 görnüşli aminokislotalar bolup, olar adam bedeni üçin örän zerurdyr. Naryň miwesiniň we gabygynyň dermanlyk häsiýetleri halk lukmançylygynda giňden ulanylyp gelinýär. Naryň adam bedenine berýän peýdasy hakynda aýdylanda, şireli şerbedi ýürek, gan basyş kesellerini, angina, asma we sary getirme kesellerini bejermekde, düzüminde kaloriýa az bolup, agramyna üns berýän adamlara, ganazlyk üçin hem şiresi gemoglobini köpeltmek üçin ulanylýar. Kosmetologiýada kollagen önümçiligi, deriniň täzelenmegini hem-de egzema keseli üçin naryň ýagy ulanylýar. Nar miwesiniň dänelerinden 1litr ýag almak üçin 500 kg miwe gerek bolýar. Nar ýagyndan ýasalan kosmetiki maskalar derini täzeleýär, iýmitlendirýär we derä ýygyrt düşmeginiň öňüni alýar. Naryň gülleriniň düzüminde reňk maddala

Sagdynlygyň sakasy

Alym Arkadagymyzyň taýsyz tagallalary bilen çap edilen «Paýhas çeşmesi» atly kitabynda ynsanlaryň saglygyny goramagy, saglygyň gadryny hassalyga uçramazdan ozal bilmegi ündeýän birnäçe atalar sözi we nakyllar bizi saglyk we onuň goragy babatda wagyz etmäge ruhlandyrýar. Biz hem ildeşlerimiziň bagtyýar, bolelin we eşretli zamanamyzda sapaly durmuşda ruhubelent ýaşamaklaryny arzuw edip, lukman maslahatlarymyzy berýäris.

Bedeni kuwwatlandyrýan önümler

Sarymsak — ganyň düzümindäki holesteriniň derejesini peseldýär, damarlary arassalaýar, inçekesel taýajyklaryny ýok edýär, işdäňi açýar, iýmit siňdiriş fermentleriniň bölünip çykmagyny güýçlendirýär. Düzümindäki kalsiý süňkleriň hem-de dişleriň sagdyn bolmagyny üpjün edýär.

Sagdynlyk — bagtyýarlykdan nyşan

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe halkymyzyň saglygyny goramak, keselleriň öňüni almak, ynsan ömrüniň dowamlylygyny uzaltmak «Saglyk» Döwlet maksatnamasynyň esasyny düzýär. Gahryman Arkadagymyzyň ýola goýan beýik işlerini mynasyp dowam etdirýän Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary bilen halkymyzyň saglygy we abadançylygy ugrunda nusgalyk işler amala aşyrylýar. Ýurdumyzda maşgala lukmançylygyna geçilmegi bilen, keselleriň öňüni almaga, olary başlangyç döwründe ýüze çykaryp, raýatlaryň saglygyny dikeltmäge, sagdyn durmuş ýörelgelerini wagyz etmäge aýratyn ähmiýet berilýär. Saglygy goraýyş ulgamynyň ilkinji basgançagynda alnyp barylýan işleriň netijeliligini ýokarlandyrmak, maşgala lukmançylygyny has kämil derejä çykarmak üçin döwlet tarapyndan ähli şertler we mümkinçilikler döredildi.

Ynsan başynyň täji

Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallasy netijesinde ýurdumyzda il saglygy, ýurt abadançylygy babatda bitirilýän beýik işler ähli halkymyzda uly buýsanç duýgularyny döredýär. Ata-babalarymyz «Saglyk — baýlyk», «Saglygym — begligim», «Baýlygyň sakasy — saglyk» ýaly ençeme nakyllary döredipdirler. Ýurdumyzda halkymyzyň köp asyrlaryň dowamynda toplan baý durmuş tejribesine daýanylyp, ýaşlaryň ruhy-ahlak, medeni, aň-bilim, beden taýdan ösüşinde ýokary terbiýäniň, döwrebap bilimleriň berilmegi, jemgyýetçilik durmuşyna işjeň gatnaşmagy üçin hukuk, durmuş-ykdysady şertleri döretmäge, sagdyn durmuş ýaşaýşyny kemala getirmäge aýratyn ähmiýet berilýär. Bu barada Arkadagly Gahryman Serdarymyz: «Garaşsyz döwletimizde köpçülikleýin sporty ösdürmäge we ýaşlar syýasatyna esasy orun degişlidir. Şonuň üçinem, ilatyň giň gatlaklaryny bedenterbiýe we sport bilen meşgullanmaga çekmek, çagalar sportuny ösdürmek, ýaşlaryň arasynda sagdyn durmuş kadalaryny wagyz etmek boýunça işler dowam etdiriler» diýip, örän jaýdar belläp geçýär. Akyldarlaryň birinden «Saglygyň gadyryny bir jümle bilen beýan etmeli bolsa, nähili beýan ederdiňiz?» diýip sorapdyrlar. Şonda ol, birsalym oýa batypdyr-da: «Sagdynlaryň ählisiniň depesinde täç bar, emma ol diňe näsaglara görner» diýip jogap beripdir. Hut şu nukdaýnazardan halkymyzyň saglygy, nesillerimiziň bagtyýar, asuda ýa

Kada-düzgünler — ömrüň bezegi

Şahsy we jemgyýetçilik arassaçylyk kadalaryny we düzgünlerini berk berjaý etmegi unutmaň! Elleriňizi ýygy-ýygydan sabynlap ýuwup, hemişe arassa saklamaly. Daşary çykanyňyzda antiseptik serişdeleri elleriňize sepmegi endige öwürmeli. Iş ýeriňizde we öýüňizde otaglaryň howasynyň tämiz bolmagyny gazanmaly. Iýmitiňiziň arassa bolmagyny üpjün ediň! Munuň üçin azyk önümlerini saklamagyň kadalaryny pugta berjaý etmeli. Penjireleri säher bilen açyp, otaglary ýelejiredip durmagy unutmaň! Gahryman Arkadagymyzyň «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly köp tomluk ylmy-ensiklopedik kitabynda beýan edilýän dermanlyk ösümliklerden taýýarlanan melhem çaýlary maşgala lukmany bilen maslahatlaşyp, içip durmaly. Limonly, ary baly garylan gyzgyn çaýy yzygiderli içmeli. Gök önümleri we miweleri iýeniňizde, arassaçylyk, saklanyş düzgünlerini ünsden düşürmeli däl. Sport we bedenterbiýe bilen meşgullanmak, açyk howada pyýada ýöremek saglygyň girewidir.

Möwsümleýin ýokanç keselleriniň öňüni almakda maslahatlar

Güýzki möwsümleýin ýokanç keselleriň biri-de ýiti wirus ýokanjydyr. Bu ýokanç näsag adamdan howa, damja we galtaşma ýoly arkaly töweregindäki sag adamyň bedenine düşüp, kesellemegine getirip bilýär. Ýiti wirus ýokanjy bilen islendik goranmadyk adam keselläp biler. Güýz we gyş aýlarynda sagdyn ýaşamak hem-de sowuklama keselleriniň öňüni almak maksady bilen immuniteti pugtalandyrmak zerurdyr. Adam bedenine ýokary dem alyş ýollary bilen geçen wiruslar sanalgyja wagtda dem alyş ýollarynyň nemli bardalaryna çuňňur ornaşyp, keseliň ilkinji alamatlaryny ýüze çykarýar. Kesel aglaba halatda duýdansyz ýagdaýda başlanýar. Syrkaw birdenkä tapdan düşýär we gyzdyryp başlaýar. Şeýle-de bedeniň gyzgynlygy ýokarlanýar. Näsagyň kellesi, bogunlary agyryp, burny dykylyp, bokurdakda gyrylmak we agyry peýda bolýar. Şol bir wagtda näsagyň üşütmegi mümkin.

«Bagabat» — derde derman şypahana

Ýurdumyzda jemgyýetiň we döwletiň iň ýokary gymmatlygy adamdyr. Şu nukdaýnazardan halkymyzyň saglygyny goramak, ýaşaýyş-durmuş, iş we dynç alyş şertlerini has-da gowulandyrmak Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň alyp barýan syýasatynyň möhüm ugurlarynyň biri bolup durýar. Döwrebap şertlere laýyk gelýän şypahanalaryň gurulmagy we kämilleşdirilmegi, döwletiň öz raýatlary barada yzygiderli alada edýändigine şaýatlyk edýär. Ýurdumyzda «Arçman», «Ýylysuw», «Berzeňňi», «Mollagara», «Daşoguz», «Farap», «Baýramaly» we «Awaza» şypahanalary ýylyň ähli paslynda halkymyzyň saglygyny dikeltmekde giň mümkinçilige eýedir. Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň Bagabat jülgesinde ýerleşýän «Bagabat» şypahanasy hem ýokary hilli lukmançylyk hyzmatlary bilen halkymyza hyzmat edýär. Dag eteginde ýerleşýän şypahananyň howasy-da, ösümlikleri-de derde dermandyr. Şypahana aeroterapiýa, gelioterapiýa, akwaowkalama, palçyk bilen bejeriş, şarko we aýlawly duşlar, mineral suwly we suwasty owkalama wannalar, fiziobejeriş usullaryny, mineral suwly we beýleki birnäçe bejergileriň täze usullaryny öz içine alýar. Şeýlelikde, bu şypahana Diýarymyzyň baý tebigy bejeriş serişdelerini ulanmak bilen, dürli kesellerden soňky dikeldiş çärelerini amala aşyrmakda, ýagny adamlaryň bedenini berkitmekde, saglygyny dikeltmekde we olarda keselleriň öňüni almakda hem-de ömür dowamlylygyny uzaltmakda özüniň

Bagtyýarlygyň gözbaşy

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallasy netijesinde ynsan saglygyny goramaga, ýokanç keselleriň öňüni almaga, jemgyýetde sagdyn durmuş ýörelgelerini ornaşdyrmaga gönükdirilen beýik işler durmuşa geçirilip, raýatlarymyzyň sagdyn ýaşamagy üçin ähli zerur şertler döredilýär. ªoňa görä-de, dünýä ülňülerine laýyk gelýän saglygy goraýyş hyzmatlary ilata hödürlenilip, bu ugurda ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlamaga aýratyn üns berilýär. Gahryman Arkadagymyzyň «Türkmenistanda saglygy goraýşy ösdürmegiň ylmy esaslary», «Bagtyýarlyk saglykdan başlanýar», «Türkmenistan — melhemler mekany», «Çaý — melhem hem ylham» ýaly kitaplary saglygy goraýyş ulgamynda zähmet çekýän hünärmenler üçin gymmatly gollanma öwrüldi. Şeýle hem «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly köp jiltli ylmy-ensiklopediki eseriniň daşary ýurt dilleriniň ençemesine terjime edilmegi onuň dünýäniň bu ugurda işleýän hünärmenleriniň, giň okyjylar köpçüliginiň arasynda uly meşhurlyga eýe bolandygynyň subutnamasydyr.

Güýzde berjaý edilmeli maslahatlar

Pasyllaryň çalyşmagy, howanyň üýtgemegi bilen döräp biläýjek möwsümleýin ýokanç keselleriň biri hasaplanýan ýiti respirator keseli sagdyn adama näsag adamdan asgyranda, üsgürende we gepleşende, howa-damja ýollary bilen geçýär. Güýz aýlarynda kesel dörediji wiruslaryň işjeňliginiň artmagy netijesinde, keseliň ýokuşmak derejesi ýokarlanýar. Beýle ýagdaýda ýokanç kesellerden goranmak üçin sarymsak örän peýdalydyr. Onuň düzümindäki fitonsidleriň täsiri kesellemek howpuny peseldýär. Arassaçylyk düzgünlerini doly we dogry berjaý etmek hem örän möhümdir.

Il saglygy — ýurt baýlygy

«Il saglygy — ýurt baýlygy» diýen ajaýyp pähimden ugur alnyp, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe halkymyzyň saglygyny goramakda, sagdyn hem eşretli durmuşyny üpjün etmekde ägirt uly işler durmuşa geçirilýär. «Garaşsyz Diýarymyzda berk binýatly milli saglygy goraýyş ulgamy döredildi. Halkymyzyň saglygy baş baýlygymyzdyr. Şoňa görä-de, ynsan saglygyny goramak, adam ömrüniň dowamlylygyny uzaltmak, keselleriň öňüni almak, sagdyn durmuş ýörelgelerini ornaşdyrmak işleri geljekde hem dowam etdiriler» diýip nygtaýan hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda ýurdumyzda ynsan saglygyny goramakda hem-de berkitmekde, jemgyýetimizde sagdyn durmuş ýörelgesini has-da rowaçlandyrmakda, sporty ösdürmekde durmuşa geçirilen we geçirilýän beýik işler her birimiziň kalbymyzy buýsanja besleýär. Ösüşlere beslenýän zamanamyzda ýurdumyzyň çar künjeginde dünýä hil derejesindäki enjamlar bilen üpjün edilen döwrebap saglygy goraýyş merkezleriniň, şypahanalaryň, sagaldyş we dynç alyş merkezleriniň, dürli sport desgalarynyň yzygiderli gurlup ulanmaga berilmegi raýatlaryň saglygyny goramagyň, esasan hem, Watanymyzyň geljegi bolan ýaş nesilleriň sagdyn, ruhubelent adamlar bolup  ýetişmeklerini gazanmagyň döwlet syýasatynyň esasy ugurlarynyň biridigini aýdyň görkezýär. Ata-babalarymyzdan «Il saglygy — ýurt baýlygy», «Saglygym bar — baýlygym bar», «Saglygym — baş baýlygym», «Sagly

Lukmanyň maslahaty

Otbaş keseli nähili döreýär? Ajaýyp eýýamymyzyň Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda ata Watanymyzda bahasyna ýetip bolmaýan baýlyk bolan saglyk babatynda giň gerimli işler ýola goýulýar. Maldarçylykda duş gelýän otbaş keseliniň öňüni alyş çäreleri geçirilende, bilip, göz ýetirmeli zerur zatlaryň biri hem onuň ojagy adam üçin keselli mallardyr. Çünki, otbaş keselini geçiriji sebäpleriň biri hem mejbury öldürilen keselli mallardyr.

Lukmanyň maslahaty

Arassa iýmit — sagdyn ýaşaýyş Botulizm zäherlenmesi agyr ýokanç keseldir. Ýokanç kesel özüni emele getirijiler tarapyndan ýa-da zaýalanan önümler iýlende döreýär.

Tebigy dermanhana

Beýi we onuň ähmiýeti Beýi iň gadymy miweli agaçlaryň biridir. Ol başga miwelere seredeniňde has giç bişip ýetişýär. Ýagny beýi güýz paslynyň miwesi hasaplanýar. Beýi mürepbesiniň ýakymly ysy bolýar.

Güýzde saglygymyza jogapkärli çemeleşeliň!

Allergiýa we onuň öňüni alyş çäreleri

Allergiýa — bu bedeniň immun ulgamynyň, adatça, zyýansyz hasaplanylýan zatlara bolan ýiti reaksiýasydyr. Allergiýanyň alamatlary bedeniň dürli böleklerinde ýüze çykyp, onuň dowamlylygy bolsa birnäçe minutdan birnäçe güne çekip biler. Ol agyrlyk derejesi boýunça-da dürli-dürlüdir. Allergiýa käbir haýwanlaryň tüýleri, dürli önümler, tozan, dermanlyk, himiki serişdeler, mör-möjekler hem-de gülleriň tozanjyklary sebäpli döräp biler. Allergiýanyň ýüze çykmagyna getirýän bölejikler «allergenler» diýlip atlandyrylýar. Käbir ýagdaýlarda allergik reaksiýalar şeýle bir gowşak ýüze çykýar welin, siz asla allergiýadan ejir çekýändigiňizden bihabar galyp hem bilersiňiz. Emma allergiýa has agyrlaşyp, adam ömrüne hem howp salyp biler. Ol allergiýadan ejir çekýän adamlary anafilaktiki şok ýagdaýyna, ýagny bedeniň allergene bolan adatdan daşary ýiti garşylygy netijesinde döreýän agyr patologik ýagdaýa getirip biler.

Narpyz

Hoşboý ysly narpyz otuny tanamaýanlar, ony gündelik durmuşynda ulanmaýanlar az-azdyr. Daglyk ýerlerde narpyzyň ýabany görnüşlerine köp gabat gelmek bolýar. Häzirki wagtda ol şahsy hojalyklarda hem ösdürilip ýetişdirilýär. Türkmen halkynyň Milli Lideri alym Arkadagymyzyň «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly köp jiltli ylmy-ensiklopedik eserinde narpyz otunyň gelip çykyşy, dermanlyk häsiýetleri, ulanylyşy barada giňişleýin maglumatlar berilýär. Lukmançylykda hem-de halk tebipçiliginde giňden ulanylýan narpyzyň saglyk üçin örän peýdalydygyny durmuş hakykaty subut edip gelýär. Onuň düzüminde kaliý, kalsiý, magniý, fosfor, natriý, demir, sink, mis ýaly dürli peýdaly himiki elementler we witaminler bar. Narpyz işdäni açýar, iýmit siňdirişi, gan aýlanyşygyny gowulandyrýar, damarlary giňeldýär. Bu ösümlik ýürek-damar, nerw ulgamlarynda hem peýdalydyr. Narpyzyň ýapragyndan taýýarlanylan melhemlik toşap agyz boşlugyny ýokançsyzlandyrmakda oňat serişde hasaplanýar. Narpyzyň guradylyp, owradylan görnüşini demläp içmek has-da peýdaly. Esasan-da, bu içgini agşamlaryna, ýatmazyňdan öň içmek maslahat berilýär. Çünki ol ukyny sazlaýar. Narpyzly çaý kellagyryny aýyrýar. Ol rahatlandyryjy güýje eýe. Uzakly günüň argynlygyndan soň içilen narpyzly çaý ýadawlygyňy aýyrýar, şähdiňi açýar. Alymlar narpyzly çaýyň artykmaç agramy hem aýyrýandygyny aýdýarlar.

Ýiti respirator keselinden goranyň!

Güýz paslynyň dowam edýän günlerinde howanyň çyglylygy we sowamagy sebäpli ýüze çykyp biläýjek ýiti respirator ýokanç keselleriň öňüni almak üçin şahsy arassaçylyk talaplaryny berk berjaý etmeli, elmydama elleri arassa saklap, sabyn bilen ýygy-ýygydan ýuwmaly we zyýansyzlandyryjy serişdeleri ulanmaly. Ýiti respirator keseli gaty basym ýokuşagan kesel bolup, howa-damja ýoly bilen bir adamdan beýleki adama geçýär. Kesel birden gyzgynyň galmagy, kelle we endamyň agyrysy, üşütme bilen başlaýar. Kesel aýak üstünde geçirilende dürli gaýraüzülmelere getirip biler.