«Bagabat» — derde derman şypahana

25 Oktýabr 2023
577

Ýurdumyzda jemgyýetiň we döwletiň iň ýokary gymmatlygy adamdyr. Şu nukdaýnazardan halkymyzyň saglygyny goramak, ýaşaýyş-durmuş, iş we dynç alyş şertlerini has-da gowulandyrmak Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň alyp barýan syýasatynyň möhüm ugurlarynyň biri bolup durýar. Döwrebap şertlere laýyk gelýän şypahanalaryň gurulmagy we kämilleşdirilmegi, döwletiň öz raýatlary barada yzygiderli alada edýändigine şaýatlyk edýär. Ýurdumyzda «Arçman», «Ýylysuw», «Berzeňňi», «Mollagara», «Daşoguz», «Farap», «Baýramaly» we «Awaza» şypahanalary ýylyň ähli paslynda halkymyzyň saglygyny dikeltmekde giň mümkinçilige eýedir.

Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň Bagabat jülgesinde ýerleşýän «Bagabat» şypahanasy hem ýokary hilli lukmançylyk hyzmatlary bilen halkymyza hyzmat edýär. Dag eteginde ýerleşýän şypahananyň howasy-da, ösümlikleri-de derde dermandyr. Şypahana aeroterapiýa, gelioterapiýa, akwaowkalama, palçyk bilen bejeriş, şarko we aýlawly duşlar, mineral suwly we suwasty owkalama wannalar, fiziobejeriş usullaryny, mineral suwly we beýleki birnäçe bejergileriň täze usullaryny öz içine alýar. Şeýlelikde, bu şypahana Diýarymyzyň baý tebigy bejeriş serişdelerini ulanmak bilen, dürli kesellerden soňky dikeldiş çärelerini amala aşyrmakda, ýagny adamlaryň bedenini berkitmekde, saglygyny dikeltmekde we olarda keselleriň öňüni almakda hem-de ömür dowamlylygyny uzaltmakda özüniň oňaýly täsirini ýetirýär.

Tamara MAMENOWA,
Myrat Garryýew adyndaky TDLU-nyň mugallymy, lukmançylyk ylymlarynyň kandidaty.