Sagdynlyk — bagtyýarlykdan nyşan

25 Oktýabr 2023
507

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe halkymyzyň saglygyny goramak, keselleriň öňüni almak, ynsan ömrüniň dowamlylygyny uzaltmak «Saglyk» Döwlet maksatnamasynyň esasyny düzýär.

Gahryman Arkadagymyzyň ýola goýan beýik işlerini mynasyp dowam etdirýän Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary bilen halkymyzyň saglygy we abadançylygy ugrunda nusgalyk işler amala aşyrylýar. Ýurdumyzda maşgala lukmançylygyna geçilmegi bilen, keselleriň öňüni almaga, olary başlangyç döwründe ýüze çykaryp, raýatlaryň saglygyny dikeltmäge, sagdyn durmuş ýörelgelerini wagyz etmäge aýratyn ähmiýet berilýär. Saglygy goraýyş ulgamynyň ilkinji basgançagynda alnyp barylýan işleriň netijeliligini ýokarlandyrmak, maşgala lukmançylygyny has kämil derejä çykarmak üçin döwlet tarapyndan ähli şertler we mümkinçilikler döredildi.

Ogulbaýram GURBANOWA,
Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň mugallymy.