Il saglygy — ýurt baýlygy

25 Oktýabr 2023
401

«Il saglygy — ýurt baýlygy» diýen ajaýyp pähimden ugur alnyp, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe halkymyzyň saglygyny goramakda, sagdyn hem eşretli durmuşyny üpjün etmekde ägirt uly işler durmuşa geçirilýär. «Garaşsyz Diýarymyzda berk binýatly milli saglygy goraýyş ulgamy döredildi. Halkymyzyň saglygy baş baýlygymyzdyr. Şoňa görä-de, ynsan saglygyny goramak, adam ömrüniň dowamlylygyny uzaltmak, keselleriň öňüni almak, sagdyn durmuş ýörelgelerini ornaşdyrmak işleri geljekde hem dowam etdiriler» diýip nygtaýan hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda ýurdumyzda ynsan saglygyny goramakda hem-de berkitmekde, jemgyýetimizde sagdyn durmuş ýörelgesini has-da rowaçlandyrmakda, sporty ösdürmekde durmuşa geçirilen we geçirilýän beýik işler her birimiziň kalbymyzy buýsanja besleýär. Ösüşlere beslenýän zamanamyzda ýurdumyzyň çar künjeginde dünýä hil derejesindäki enjamlar bilen üpjün edilen döwrebap saglygy goraýyş merkezleriniň, şypahanalaryň, sagaldyş we dynç alyş merkezleriniň, dürli sport desgalarynyň yzygiderli gurlup ulanmaga berilmegi raýatlaryň saglygyny goramagyň, esasan hem, Watanymyzyň geljegi bolan ýaş nesilleriň sagdyn, ruhubelent adamlar bolup  ýetişmeklerini gazanmagyň döwlet syýasatynyň esasy ugurlarynyň biridigini aýdyň görkezýär.

Ata-babalarymyzdan «Il saglygy — ýurt baýlygy», «Saglygym bar — baýlygym bar», «Saglygym — baş baýlygym», «Saglyk — beglik» ýaly pähimleriň miras galmagy türkmen halkynyň saglyga, sagdyn durmuş ýörelgesine hemişe aýratyn üns berip gelendigine subutnama bolup durýar. Häzirki wagtda bu üns-aladany dünýä nusgalyk derejä ýetiren hormatly Prezidentimiziň jany sag, ömri uzak, işleri hemişe rowaç bolsun!

Sähragül Aşyrowa,
welaýat prokuraturasynyň kazyýet kararlarynyň kanunylygyna gözegçilik bölüminiň uly prokurory, ýustisiýanyň geňeşçisi.