Güýzde berjaý edilmeli maslahatlar

25 Oktýabr 2023
395

Pasyllaryň çalyşmagy, howanyň üýtgemegi bilen döräp biläýjek möwsümleýin ýokanç keselleriň biri hasaplanýan ýiti respirator keseli sagdyn adama näsag adamdan asgyranda, üsgürende we gepleşende, howa-damja ýollary bilen geçýär.

Güýz aýlarynda kesel dörediji wiruslaryň işjeňliginiň artmagy netijesinde, keseliň ýokuşmak derejesi ýokarlanýar. Beýle ýagdaýda ýokanç kesellerden goranmak üçin sarymsak örän peýdalydyr. Onuň düzümindäki fitonsidleriň täsiri kesellemek howpuny peseldýär. Arassaçylyk düzgünlerini doly we dogry berjaý etmek hem örän möhümdir.

Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Saglygy goraýşyň habarlar merkezi.