Bagtyýarlygyň gözbaşy

25 Oktýabr 2023
418

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallasy netijesinde ynsan saglygyny goramaga, ýokanç keselleriň öňüni almaga, jemgyýetde sagdyn durmuş ýörelgelerini ornaşdyrmaga gönükdirilen beýik işler durmuşa geçirilip, raýatlarymyzyň sagdyn ýaşamagy üçin ähli zerur şertler döredilýär. ªoňa görä-de, dünýä ülňülerine laýyk gelýän saglygy goraýyş hyzmatlary ilata hödürlenilip, bu ugurda ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlamaga aýratyn üns berilýär.

Gahryman Arkadagymyzyň «Türkmenistanda saglygy goraýşy ösdürmegiň ylmy esaslary», «Bagtyýarlyk saglykdan başlanýar», «Türkmenistan — melhemler mekany», «Çaý — melhem hem ylham» ýaly kitaplary saglygy goraýyş ulgamynda zähmet çekýän hünärmenler üçin gymmatly gollanma öwrüldi. Şeýle hem «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly köp jiltli ylmy-ensiklopediki eseriniň daşary ýurt dilleriniň ençemesine terjime edilmegi onuň dünýäniň bu ugurda işleýän hünärmenleriniň, giň okyjylar köpçüliginiň arasynda uly meşhurlyga eýe bolandygynyň subutnamasydyr.

Ramiz Rahimow,
Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň welaýat birleşmesiniň hukuk gözegçisi.